Windows 7 Dil Interfeýs Paketi (LIP) Windows 7-niň giňden ulanylýan ýerlerinde bölekleýin ýerli Ulanyjy Interfeýsi bilen üpjin edýär
Note:There are multiple files available for this download.Once you click on the "Download" button, you will be prompted to select the files you need.
LIP_tk-TM-32bit.mlc
LIP_tk-TM-64bit.mlc
Windows Dil Interfeýs Paketi (LIP), Windows-yň giňden ulanylýan ýerlerinde bölekleýin terjime edilen wersiýalary bilen üpjin edýär. LIP gurnalandan soň ussatlardaky, gepleşik gutularyndaky, menýulardaky we Kömek hem-de Ýardam temalaryndaky tekst LIP dilinde görkeziler. Gurnalmadyk tekst Windows 7-niň esasy dilinde bolar. Mysal üçin, eger siz Windows 7-niň Ispança wersiýasyny satyn alan bolsaňyz we Katalan dilinde LIP gurnan bolsaňyz käbir tekstler Ispan dilinde galar. Bir esasy dile birden köp LIP gurnap bilersiňiz. Windows LIP-ler ähli Windows 7 neşirlerinde gurnalyp biliner.
Goldanylýan operasiýa ulgamlary:
Windows 7
• Microsoft Windows 7 SP1
• Windows 7 üçin gerekli esasy dil gurnamasy: Rusça, Iňlisçe
• Ýüklemek üçin 4.63 Mb boş ýer
• Gurmak üçin 15 Mb boş ýer
DUÝDURYŞ: BitLocker kodlaşdyrmasyny işjeňleşdiren bolsaňyz LIP gurnamazdan öň ony saklaň. Панель управления açyň, Система и безопасность saýlaň, soňra Шифрование диска BitLocker açyň we Приостановить защиту düwmesine basyň.
Windows 7 LIP-niň 32-bit we 64-bit wersiýalary üçin aýratyn ýüklemeleri bardygy sebäpli yüklemegi başlatmazdan öň, Windows 7-niň haýsy wersiýasyny gurnajagyňyzy biliň:
Haýsy Windows 7 wersiýasynyň gurnalandygyny bu ýerde bilip bolar:
Запустить düwmesine basyň soňra Kompýutere sag basyp Свойства saýlaň. Bu kompýuteriňiz hakynda esasy informasiýany görkezer.
Ulgam tipi üçin Ulgam bölümine ser salyň. Bu Windows 7 Operasiýa Ulgamyňyzyň 32-bit ýa-da 64-bit Operasiýa Ulgamydygyny görkezýär.
32-bit wersiýasyny gurnamak üçin:
- Загрузка düwmesine basyň, soňra LIP gurnamak üçin Открыть basyň
ýa-da
- Загрузка düwmesine basyň
- Faýlyň nusgasyny kompýuteriňize göçürmek üçin Сохранить basyň,
- Garşydan ýüklenen faýla gidiň we LIP gurnamak üçin oňa goşa basyň
64-bit wersiýasyny gurnamak üçin ýokardaky 2-nji opsiýasyny ulanmalysyňyz.