Düwmeler, menýular we gepleşik gutulary ýaly ekran elementleriniň tekstleriniň başga dilde terjimelerini görkezmek üçin Ekran düşündiriş dili-ni ulanyň.
Note:There are multiple files available for this download.Once you click on the "Download" button, you will be prompted to select the files you need.
screentiplanguage_tk-tm_32bit.exe
screentiplanguage_tk-tm_64bit.exe
Düwmeler, menýular we gepleşik gutulary ýaly ekran elementleriniň başga dilde terjimelerini görkezmek we ulanyjylaryň düşünmeýän dillerinde ornaşdyrylan Microsoft Office goýmalaryny ulanmaklaryna ýardam bermek üçin Ekran düşündiriş dili-ni üýtgediň.
Ulanyp bolaýjak ýagdaýlaryň mysallary:
- Iki-dilli ýa-da köp-dilli dil kömegi
- Inženerleriň düşünmeýän dillerine goldawyny giňeltmäge ýardam bermek
- Office-i wagtlaýynça ýa-da wagtlaýyn möhlet bilen başga dilde ulanýan ulanyjylar üçin (Rouming ulanyjylary)
- Paýlaşylýan kompýuterde dil ulanmak
Goldanylýan operasiýa ulgamlary:
Windows 7; Windows 8 Release Preview
-
Goldanýan Microsoft Office goýmalary:
Microsoft Word 2013, Microsoft Excel 2013, Microsoft Outlook 2013, Microsoft PowerPoint 2013, Microsoft OneNote 2013, Microsoft Visio 2013, Microsoft Publisher 2013
-
Zerur programma üpjünçiligi
Gündogar Aziýa we çylşyrymly elipbiýli diller üçin goldaw faýllaryny gurmaklyk bilner. Muny Dolandyryş Panel-inde 'Sebit we Dil Saýlawlary' bölüminden amala aşyrmak mümkin.
Şu ýüklemäni gurmak üçin:
- Başlamak üçin şu sahypadaky Ýükle düwmesine basyň.
- Aşakdakylardan birini ýerine ýetiriň:
- Ornaşdyrmaga häzir başlamak üçin Işlet basyň.
- Internetden alnan maksatnamany soň ornaşdyrmak üçin kompýuterde saklamak üçin Sakla basyň.
- Ornaşdyrmagy ýatyrmak üçin Ýatyr basyň.
Ekran düşündiriş dilini öçürmek ýa-da üýtgetmek üçin:
- Office-da Faýl düwmesine basyň, Görnüşler saýlaň, Dil saýlaň we Ekran düşündiriş dili-ni 'Ekran diline gabat getir' edip üýtgediň.
Şu alnanlary aýyrmak üçin:
- Başla menýusyndan, Dolandyryş paneli-ne baryň.
- Maksatnamalary goş/aýyr iki gezek basyň.
- Ornaşdyrylan maksatnamalaryň sanawynda Microsoft Office ekran düşündiriş dili-ni saýlaň we Aýyr ýa-da Goş/Aýyr basyň. Eger gepleşik gutusy görünse, maksatnamany aýyrmak üçin görkezmelere eýeriň.
- Maksatnamany aýyrmagy tassyklamak üçin Hawa ýa-da OK basyň.