Neşir edilen senesi:
Güýje giren senesi: 1 maý, 2018
Microsoft Hyzmat şertnamasy
GizlinligiňizGizlinligiňiz1_YourPrivacy
Gysgaça beýan

1. Gizlinligiňiz. Siziň gizlinligiňiz biziň üçin möhüm. Microsoft Gizlinlik beýannamasyny ("Gizlinlik beýannamasy") okaň, sebäbi onda sizden we enjamlaryňyzdan ýygnaýan maglumat görnüşlerimiz ("Maglumatlar"), Maglumatlaryňyzy nähili ulanýandygymyz hem-de Maglumatlaryňyzy işlemäge bolan hukuk esasymyz beýan edilýär. Olardan başga-da, Gizlinlik beýannamasynda Microsoft-yň siziň materiallaryňyzy, ýagny başga kişiler bilen habarlaşmalaryňyzy; siziň Hyzmatlar arkaly Microsoft-a iberýän zatlaryňyzy we siz tarapyndan Hyzmatlar arkaly ýüklenilýän, saklanylýan, ýaýlyma berilýän ýa-da paýlaşylýan faýllary, fotosuratlary, resminamalary, audiolary, sanly işleri, göni ýaýlymlary we wideolary ("Materialyňyz") nähili ulanýandygy beýan edilýär. Eger razylyk esasynda we kanunyň rugsat berýän çäginde işlenilýän bolsa, şu Şertler bilen ylalaşmak arkaly, siz Microsoft-yň Materialyňyzy we Maglumatlaryňyzy Gizlinlik beýannamasynda görkezilişi ýaly ýygnamagyna, ulanmagyna we paş etmegine razylyk berýärsiňiz. Käbir halatlarda Gizlinlik beýannamasynda salgylanyşy ýaly aýratyn bildiriş bereris we sizden razylyk sorarys.

Doly tekst
Öz materialyňyzÖz materialyňyz2_yourContent
Gysgaça beýan

2. Öz materialyňyz. Biziň köp Hyzmatlarymyz size Öz materialyňyzy saklamaga we paýlaşmaga, hem-de başga kişilerden material almaga mümkinçilik berýär. Biz siziň materialyňyza eýeçilik etjek bolmaýarys. Siziň materialyňyz siziň materialyňyz bolup galýar we oňa özüňiz jogap berýärsiňiz.

  • a. Öz materialyňyzy başga kişiler bilen paýlaşan wagtyňyz, siz dünýäniň ähli künjeginde size öweztölegi bermezden olaryň siziň materialyňyzy ulanyp, ýatda saklap, ýazga geçirip, täzeden çykaryp, ýaýlyma berip, geçirip, paýlaşyp we görkezip (we HealthVault-da ýoklap) biljekdigine düşünýärsiňiz. Başga kişileriň beýtmegini islemeýän bolsaňyz, Hyzmatlary Öz materialyňyzy paýlaşmak üçin ulanmaň. Siz şu Şertleriň hereket edýän möhletiniň dowamynda Hyzmatlarda we Hyzmatlaryň üsti bilen ýüklenilýän, saklanylýan ýa-da paýlaşylýan öz materiallaryňyz üçin gerek bolan ähli hukuklaryňyzyň bardygyny (we bar boljakdygyny), şeýle hem öz materialyňyzyň ýygnalmagynyň, ulanylmagynyň we saklanylmagynyň hiç bir kanuny ýa-da başga kişileriň hukuklaryny bozmaýandygyny beýan edip, kepillendirýärsiňiz. Microsoft Siziň materialyňyza eýeçilik etmeýär, kontrollyk etmeýär, ony tassyklamaýar, tölegini tölemeýär, güýje girizmeýär ýa-da oňa başgaça görnüşde jogap bermeýär, şonuň üçinem, ony Siziň materialyňyz ýa-da başga kişileriň ýükleýän, saklaýan ýa-da paýlaşýan materialy üçin jogapkärçilige çekip bolmaýar.
  • b. Size we başga kişilere Hyzmatlary üpjün etmek üçin gerek bolan çäkde, siz we Hyzmatlary goramak, şeýle hem, Microsoft önümlerini we hyzmatlaryny gowulandyrmak üçin, siz Hyzmatlarda Siziň materialyňyzy aragatnaşyk serişdeleriniň üsti bilen nusgasyny ýasamaga, saklamaga, geçirmäge, formatyny üýtgetmäge, görkezmäge we ýaýratmaga Microsoft-a tutuş dünýä boýunça we tölegsiz intellektual eýeçilik lisenziýasyny berýärsiňiz. Eger siz Öz materialyňyzy Hyzmatyň çäklendirmesiz, aç-açan bolan ýerinde neşir etseňiz, Materialyňyz Hyzmaty tanyşdyrýan demolarda we materiallarda görkezilip biler. Käbir Hyzmatlar reklamalar tarapyndan goldanylýar. Microsoft-yň reklama şahsylaşdyryş dolandyryşlary Microsoft hasaby dolandyryş websaýtynyň Howpsuzlyk we gizlinlik sahypasynda elýeterlidir. Biz siziň e-poçtada, söhbetde, wideo jaňlarda, sesli poçtada aýdan zatlaryňyzy, resminamalaryňyzy, fotosuratdyr beýleki şahsy faýllaryňyzy size reklama ibermek maksady bilen ulanmaýarys. Biziň reklama syýasatlarymyz Gizlinlik beýannamasynda jikme-jik görkezilýär.
Doly tekst
Özüňi alyp baryş düzgünleriÖzüňi alyp baryş düzgünleri3_codeOfConduct
Gysgaça beýan

3. Özüňi alyp baryş düzgünleri.

  • a. Şu Şertler bilen ylalaşmak arkaly, siz Hyzmatlary ulanýan wagtyňyz şu aşakdaky kadalary berjaý etmeklige ylalaşýarsyňyz:
    • i. Hiç hili bikanun iş etmäň.
    • ii. Çagalary ekspluatirleýän, olara zeper ýetirýän ýa-da howp salýan hiç bir işe baş goşmaň.
    • iii. Spam ibermäň. Spam diýmeklik, islenilmeýän ýa-da soralmadyk yzygider e-poçtalary, zat ibermeleri, habarlaşmak haýyşlaryny, SMS-leri ýa-da gyssagly habarlary aňladýar.
    • iv. Ýerliksiz materiallary (mes. içinde ýalaňaçlyk, haýwan-adam jyns gatnaşygy, pornografiýa, kemsidiji dil, zorluk görkezilýän ýa-da jenaýatçylykly iş bar bolan materiallary) ýa-da ýerli kanunçylygy ýa-da hukuk namalaryny bozýan materiallary köpçülige aç-açan görkezmäň ýa-da Hyzmatlary şolary paýlaşmak üçin ulanmaň.
    • v. Ýalan, galp ýa-da ýalňyş gönükdirýän (mysal üçin, galp bahanalar bilen pul soramak, başga kişisiremek, Hyzmatlary manipulirläp, oýun sanyny köpeltmek ýa-da ýaryş tablisasyny, reýtingleri we teswirleri üýtgetmek) ýa-da töhmetçilikli ýa-da masgaralaýjy işlere baş goşmaň.
    • vi. Hyzmatlara girişe ýa-da olaryň elýeterliligine goýlan çäklendirmeleriň daşyndan aýlanyp geçmäň.
    • vii. Özüňize, Hyzmatlara we başga kişilere zyýanly işlere (mes, wiruslary geçirmek, yzyna düşmek, terrorçylykly material ibermek, ýigrenç beýan edýän zatlary ýazmak/diýmek, ýa-da başga kişilere zorluk ulanmagy öňe sürmek ýaly işlere) baş goşmaň.
    • viii. Başga kişileriň hukuklaryny bozmaň (mes, awtorlyk hukugy bilen goralýan aýdym-sazlary ýa-da awtorlyk hukugy bilen goralýan başga materiallary birugsat paýlaşmak, Bing kartalaryny ýa-da fotosuratlaryny satmak ýa-da başgaça görnüşde ýaýratmak).
    • ix. Başga kişileriň gizlinligini ýa-da maglumat goragy hukuklaryny bozýan işlere baş goşmaň.
    • x. Başga kişileriň kadalary bozmagyna kömek etmäň.
  • b. Güýje girizmek/ulanmak. Eger şu Şertleri bozsaňyz, biz diňe öz garaýşymyzça hereket edip, size Hyzmatlaryň berilmegini duruzyp bileris ýa-da siziň Microsoft hasabyňyzy ýapmagymyz hem mümkin. Biziň şu Şertleri güýje girizmek/ulanmak maksady bilen, siz bilen Hyzmatlaryň arasynda ýazyşmalaryň (mes. e-poçta, faýl paýlaşmak ýa-da gyssagly habar) iberilmegini bökdemegimiz mümkin, ýa-da hiç bir sebäp görkezmezden materialyňyzy aýryp ýa-da neşir etmekden ýüz öwrüp hem bileris. Şu Şertleriň güman edilýän bozulmalary derňelýän wagty, Microsoft meseläni çözmek maksady bilen, Siziň materialyňyzy gözden geçirmäge bolan hukugyny saklap galýar, siz bolsa, şol gözden geçirmeklige şu resminama arkaly ygtyýar berýärsiňiz. Emma, biz tutuş Hyzmatlara gözegçilik edip bilmeýäris we gözegçilik etmäge hem synanyşmaýarys.
  • c. Xbox hyzmatlaryna ýüz tutmak. Bu Özüňi alyp baryş düzgünleriniň Xbox Live, Windows Live oýunlary we Microsoft Studios oýunlary, programmalary, hyzmatlary we Microsoft tarapyndan üpjün edilýän materiallar üçin ýöreýändigi hakda goşmaça maglumat üçin, şu ýere basyň. Xbox hyzmatlarynyň üsti bilen Özüňi alyp baryş şertlerini (13(a)(i) bölüminde kesgitlenilen) bozsaňyz, Xbox hyzmatlaryna gatnaşmagyň togtadylmagyna ýa-da gadagan edilmegine, materiallaryň lisenziýasynyň, Xbox Gold agzalyk möhletiniň, hasap bilen baglanan Microsoft hasabynyň eliňizden alynmagyna sebäp bolup biler.
Doly tekst
Hyzmatlary we Goldawy ulanmakHyzmatlary we Goldawy ulanmak4_usingTheServicesSupport
Gysgaça beýan

4. Hyzmatlary we Goldawy ulanmak.

  • a. Microsoft hasaby. Hyzmatlaryň köpüsine girmek üçin size Microsoft hasaby gerek bolar. Microsoft hasabyňyz size Microsoft we käbir Microsoft hyzmatdaşlary tarapyndan üpjün edilýän önümlere, websaýtlara we hyzmatlara hasaba girmäge mümkinçilik berýär.
    • i. Hasap döretmek. Onlaýn hasap açmak arkaly Microsoft hasabyny döredip bilersiňiz. Microsoft hasabyny açýan wagtyňyz hiç hili galp, nätakyk ýa-da ýalňyşdyryjy maglumat ulanmazlyga ylalaşýarsyňyz. Käbir halatlarda, üçünji bir tarap (mes. Internet hyzmatyny üpjün edijiňiz) size bir Microsoft hasabyny bellän bolup biler. Eger öz Microsoft hasabyňyzy üçünji bir tarapdan alan bolsaňyz, onda üçünji tarapyň siziň hasabyňyz boýunça goşmaça hukuklary bar bolup biler (mes. Microsoft hasabyňyza girip ýa-da ony ýoklap bilmek). Üçünji tarapyň size beren goşmaça şertlerini gözden geçiriň, sebäbi Microsoft ol şertler boýunça hiç hili jogapkärçilik çekmeýär. Eger bir ýuridiki şahsyň (mes. edaraňyzyň ýa-da iş berijiňiziň) adyndan Microsoft hasabyny döredýän bolsaňyz, onda siz şol ýuridiki şahsy şu Şertlere laýyklykdaky borçlara baglamaga ýuridiki ygtyýaryňyzyň bardygyny mälim edýärsiňiz. Öz Microsoft hasaby şahsyýet maglumatyňyzy başga ulanyja ýa-da ýuridik şahsa geçirip bilmeýärsiňiz. Hasabyňyzy goramak üçin, hasap jikme-jikligiňizi we parolyňyzy gizlin saklaň. Microsoft hasabyňyzda bolup geçýän ähli işjeňlik üçin jogapkärçilik çekýärsiňiz.
    • ii. Hasaby ulanmaklyk. Siz işjeň saklamak üçin öz Microsoft hasabyňyzy ulanmaly. Ýagny, eger Hyzmatlaryň tölegli bölegi baradaky teklipde başgaça görkezilmeýän bolsa, onda Microsoft hasabyňyzy we dahylly Hyzmatlary saklamak üçin, siz bäş ýylyň dowamynda iň bolmanda bir gezek öz hasabyňyza girmeli. Eger şol wagtyň dowamynda hasabyňyza girmeseňiz, onda biz Microsoft hasabyňyzy işjeň däl hasap edip ýaparys. Ýapylan Microsoft hasabynyň netijeleri üçin, 4(a)(iv)(2) bölümine serediň. Siz öz Outlook.com poçta gutyňyza we OneDrive-yňyza (hersine aýratynlykda) bir ýylyň dowamynda iň bolmanda bir gezek girmeli, ýogsam biz siziň Outlook.com poçta gutyňyzy we OneDrive-yňyzy ýaparys. Microsoft hasabyňyz bilen baglanyşykly oýunçy belligiňizi saklamak üçin, siz azyndan bäş ýylda bir gezek Xbox hyzmatlaryna hasaba girmeli. Eger bizde Microsoft hasabyňyzy (mes. hasaby ele salmagyň netijesinde) üçünji bir tarap galplyk bilen ulanýandyr öýdüp şübhelenmäge ýerlikli esas bar bolsa, onda Microsoft siz öz eýeçiligiňizi talap edýänçäňiz hasabyňyzy togtadyp biler. Ele geçirilmegiň ýagdaýyna baglylykda, käbir ýa-da ähli Materiallaryňyza girişi ýapmaly bolmagymyz mümkin. Eger Microsoft hasabyňyza girmekde kynçylyk çekýän bolsaňyz, şu websaýta baryň: https://go.microsoft.com/fwlink/?LinkId=238656.
    • iii. Çagalar we hasaplar. Hyzmatlary ulanmak bilen, siz öz ýaşaýan ýeriňizde "kämillik" ýa-da "ýuridiki jogapkärçilik" ýaşyna ýetendigiňizi, ýa-da şu Şertleriň borçlaryna baglanmagyňyz üçin, talabalaýyk ene-ata ýa-da hossar razyçylygynyň bardygyny mälim edýärsiňiz. Eger siz öz ýaşaýan ýeriňizde "kämillik" ýa-da "ýuridik jogapkärçilik" ýaşyna ýetip-ýetmändigiňizi bilmeýän bolsaňyz ýa-da şu bölüme düşünmeýän bolsaňyz, onda Microsoft hasabyny döretmezden öň öz ene-ataňyzdan ýa-da kanuny hossaryňyzdan kömek we razyçylyk soraň. Eger siz Microsoft hasabyny döredýän kämillik ýaşyna ýetmedik çaganyň ene-atasy ýa-da hossary bolsaňyz, onda siz we çagaňyz şu şertleri kabul edýärsiňiz we olara bagly bolmaga boýun bolýarsyňyz, şonuň üçinem çaganyň hasaby şu wagt açyk bolsa-da ýa-da şundan soň döredilse-de, Microsoft hasabynyň ýa-da Hyzmatlaryň islendik ulanylmagy, şol sanda satyn alyşlaryň ählisi üçin jogap berýärsiňiz.
    • iv. Öz hasabyňy ýapmak
      • 1. Islendik wagt we islendik sebäp bilen belli-belli Hyzmatlary ýatyryp ýa-da öz Microsoft hasabyňyzy ýapyp bilersiňiz. Microsoft hasabyňyzy ýapmak üçin, https://go.microsoft.com/fwlink/p/?linkid=618278 salgysyna baryň. Bizden öz Microsoft hasabyňyzyň ýapylmagyny soran badyňyza, biz pikiriňiz üýtgän ýagdaýynda, ony ätiýaçdan 60 günläp togtadylan ýagdaýda saklarys. Şol 60 günlük möhlet gutaransoň, siziň Microsoft hasabyňyz ýapylar. Microsoft hasabyňyz ýapylanda nämeler bolup geçýändiginiň düşündirişini görmek üçin, aşakdaky 4(a)(iv)(2) bölümine serediň. Şol 60 günlük möhletiň dowamynda hasabyňyza täzeden girseňiz, onda Microsoft hasabyňyz gaýtadan işjeňleşdiriler.
      • 2. Eger (siz ýa-da biz tarapdan) Microsoft hasabyňyz ýapylsa, käbir zatlar bolup geçýär. Ilki bilen, siziň Hyzmatlara girmek üçin Microsoft hasabyňyzy ulanmaga bolan hukugyňyz derrew duruzylýar. Ikinjiden, Microsoft hasabyňyz bilen baglanyşykly maglumatlary ýa-da materiallaryňyzy ýoklarys ýa-da olaryň siz we siziň Microsoft hasabyňyz bilen baglanyşygyny keseris (eger-de olaryň saklanylmagy, yzyna gaýtarylmagy ýa-da size ýa-da siz tarapyndan kesgitlenilen üçünji bir tarapa geçirilmegi kanun taýdan talap edilmeýän bolsa). Siziň yzygiderli ätiýaçlaýyş planyňyz bolmaly, sebäbi hasabyňyz ýapylansoň, Microsoft siziň Materialyňyzy ýa-da Maglumatyňyzy alyp bilmeýär. Üçünjiden, siziň öz alan önümleriňize girişi ýitirmegiňiz mümkin.
  • b. Iş ýa-da mekdep hasaplary. Siz käbir Microsoft hyzmatlaryna iş ýa-da mekdep e-poçtasy bilen hasaba girip bilersiňiz. Eger şeýle etseňiz, onda e-poçta salgyňyz bilen baglanyşykly domeniň eýesiniň hasabyňyzy dolandyryp biljekdigi, şeýle hem, Maglumatlaryňyza, şol sanda ýazyşmalaryňyza we faýllaryňyza girip we olary işläp biljekdigi, şeýle hem, eger hasap ýa-da Maglumatlar ele geçirilse, Microsoft-yň domeniň eýesine habar bermeginiň mümkindigi bilen ylalaşýarsyňyz. Bulardan başga-da, Microsoft hyzmatlaryny ulanmagyňyzyň Microsoft bilen siziň ýa-da guramaňyzyň arasyndaky ylalaşyklara tabyn bolup biljekdigi we şu Şertleriň degişli bolman biljekdigi bilen ylalaşýarsyňyz. Eger eýýäm Microsoft hasabyňyz bar bolsa we şu Şertlere degişli bolup durýan Hyzmatlara girmek üçin aýratyn iş ýa-da mekdep e-poçta salgysyny ulanýan bolsaňyz, şol Hyzmatlara girişiň dowam etmegi üçin, Microsoft hasabyňyz bilen baglanyşykly e-poçta salgysyny täzelemegiňiz soralyp biler.
  • c. Goşmaça enjam/Maglumat tarifleri. Hyzmatlaryň köpüsini ulanmak üçin, size internet birikmesi we/ýa-da tarif planlary/öýjükli aragatnaşyk planlary gerek bolar. Size garnitura, kamera ýa-da mikrofon ýaly goşmaça gurluşlar hem gerek bolar. Siz Hyzmatlary ulanmak üçin gerek bolan ähli birikmeleri, tarifleri we enjamlary üpjün etmeklige, şeýle hem üpjün edijiniň (üpjün edijileriň) birikmeler, tarifler we enjamlar üçin alýan töleglerini tölemeklige jogapkärçilik çekýärsiňiz. Ol tölegler siziň Hyzmatlar üçin bize töleýän islendik tölegleriňiziň daşyndandyr we biz size şol tölegleriň öwezini dolup berýän däldiris. Siziň tölemegiňize degişli bolup biljek şeýle tölegleriň bardygyny-ýokdugyny anyklamak üçin, öz üpjün edijiňize (üpjün edijileriňize) ýüz tutuň.
  • d. Hyzmat habarnamalary. Ulanýan Hyzmatyňyz barada size aýdylmaly zat bar bolsa, size Hyzmat habarnamalaryny ibereris. Bize Microsoft hasabyňyz bilen baglanyşykly öz e-poçta salgyňyzy ýa-da telefon belgiňizi beren bolsaňyz, e-poçta ýa-da SMS (tekst habary) arkaly size Hyzmat habarnamalaryny, şol sanda mobil telefon belgiňizi bellige almazdan öz şahsyýetiňizi tassyklamak üçin iberip bileris. Size başga usullar bilen hem (meselem, önüm-içi habarlar) Hyzmat habarnamalaryny iberip bileris. SMS arkaly habarnamalary alanyňyzda, maglumat ýa-da habar tölegleriniň alynmagy mümkindir.
  • e. Goldaw. Käbir Hyzmatlar üçin müşderi goldawy support.microsoft.com salgysynda elýeterlidir. Eger başgaça görkezilmeýän bolsa, www.microsoft.com/support-service-agreement salgysyndaky şertlere laýyklykda, käbir Hyzmatlaryň aýratyn ýa-da goşmaça goldaw hödürlemegi mümkindir. Funksiýalaryň ýa-da Hyzmatlaryň synlaw ýa-da beta wersiýalary üçin goldaw elýeterli bolman biler. Hyzmatlar üçünji taraplaryň üpjün edýän programma üpjünçiligi ýa-da hyzmatlary bilen ylalaşykly bolman biler, şonuň üçinem, siz ylalaşyklylyk baradaky talaplar bilen tanyşmaklyga jogapkärçilik çekýärsiňiz.
  • f. Hyzmatlaryňyzy ýapmak. Eger Hyzmatlaryňyz ýatyrylsa (özüňiz ýa-da biz tarapdan), ilki bilen, siziň Hyzmatlara girmäge bolan hukugyňyz derrew duruzylýar we Hyzmatlar bilen baglanyşykly programma üpjünçiligi baradaky lisenziýaňyz gutarýar. Ikinjiden, Hyzmatyňyz bilen baglanyşykly maglumatlary ýa-da materiallaryňyzy ýoklarys ýa-da olaryň siz we siziň Microsoft hasabyňyz bilen baglanyşygyny keseris (eger-de olaryň saklanylmagy, yzyna gaýtarylmagy ýa-da size ýa-da siz tarapyndan kesgitlenilen üçünji bir tarapa geçirilmegi kanun taýdan talap edilmeýän bolsa). Şonuň netijesinde, soň Hyzmatlaryň hiç birine (ýa-da şol Hyzmatlarda goýan Materiallaryňyza) girip bilmezlgiňiz mümkin. Siziň wagtly-wagtyna ätiýaçlamak planyňyz bar bolmaly. Üçünjiden, siziň öz alan önümleriňize girişi ýitirmegiňiz mümkin. Eger Microsoft hasabyňyzy ýatyran bolsaňyz we Hyzmatlara girip bilýän başga hasabyňyz ýok bolsa, Hyzmatlaryňyzyň derrew ýatyrylmagy mümkin.
Doly tekst
Üçünji tarap programmalary we hyzmatlary ulanmakÜçünji tarap programmalary we hyzmatlary ulanmak5_usingThird-PartyAppsAndServices
Gysgaça beýan

5. Üçünji tarap programmalary we hyzmatlary ulanmak. Hyzmatlar size garaşsyz üçünji taraplara (Microsoft-a degişli däl kompaniýalara ýa-da adamlara) degişli önümlere, hyzmatlara, websaýtlara, baglara, materiallara, oýunlara, ukyplara, integrasiýalara, botlara ýa-da programmalara ("Üçünji tarap programmalar we hyzmatlar") girmäge ýa-da olary almaga mümkinçilik berip biler. Hyzmatlarymyzyň köpüsi size Üçünji tarap programmalary we hyzmatlary tapmaga, olara haýyş ibermäge ýa-da olar bilen täsirleşmäge hem kömek edip ýa-da Materialyňyzy ýa-da Maglumatyňyzy paýlaşmaga rugsat berip biler, ýöne siz şonda biziň Hyzmatlarymyzy özüňize Üçünji tarap programmalary we hyzmatlary üpjün etmäge gönükdirýändigiňize düşünýärsiňiz. Üçünji tarap programmalar we hyzmatlar size Üçünji tarap programmalaryň we hyzmatlaryň neşirçisinde, üpjün edijisinde ýa-da operatorynda Materialyňyzy ýa-da Maglumatyňyzy goýmaga-da rugsat edip biler. Üçünji tarap programmalar we hyzmatlar size gizlinlik syýasatyny beýan edip ýa-da Üçünji tarap programmany ýa-da hyzmady gurnamazdan ýa-da ulanmazdan öň, goşmaça şertleri kabul etmegiňizi hem sorap biler. Office dükanyndan, Xbox dükanyndan ýa-da Windows dükanyndan alynýan programmalar baradaky goşmaça şertler üçin 13(b) bölümine serediň. Islendik bir Üçünji tarap programmany ýa-da hyzmaty almazdan, ulanmazdan, soramazdan ýa-da Microsoft hasabyňyzy baglamazdan öň, islendik goşmaça şertleri we gizlinlik syýasatlaryny gözden geçiriň. Hiç bir goşmaça şertler bu Şertleri üýtgedip bilmeýär. Microsoft islendik Üçünji tarap programmanyň ýa-da hyzmatyň bir bölegi hökmünde hiç bir intellektual eýeçiligi size lisenzirlemeýär. Siz şu Üçünji tarap programmalary we hyzmatlary ulanmagyňyzdan gelip çykýan ähli töwekgelçilikleri we jogapkärçiligi öz üstüňize almaga, şeýle hem, siziň olary ulanmagyňyzdan gelip çykýan hiç bir mesele üçin Microsoft-yň jogapkärçilik çekmeýändigine ylalaşýarsyňyz. Islendik Üçünji tarap programmalary we hyzmatlary tarapyndan üpjün edilýän maglumatlar ýa-da hyzmatlar üçin Microsoft siziň ýa-da başgalaryň öňünde hiç hili jogapkärçilik çekmeýär.

Doly tekst
Hyzmat elýeterliligiHyzmat elýeterliligi6_serviceAvailability
Gysgaça beýan

6. Hyzmat elýeterliligi.

  • a. Hyzmatlar, Üçünji tarap programmalar we hyzmatlar, ýa-da Hyzmatlar arkaly hödürlenilýän materiallar ýa-da önümler käwagt elýeterli bolman biler, çäkli möçberde hödürlenilip biler ýa-da sebitiňize ýa-da enjamyňyza baglylykda dürlüçe bolup biler. Eger Microsoft hasabyňyzda görkezilen ýerleşýän ýeriňizi üýtgetseňiz, onda ozalky sebitiňizde size elýeterli bolan we tölegi tölenen materiallary ýa-da programmalary täzeden almaly bolmagyňyz mümkin. Siz hyzmatlara we materiallara girýän ýurduňyzda bikanun bolup durýan ýa-da ulanmaga lisenziýasy ýok materiallara ýa-da Hyzmatlara girmezlige ýa-da olary ulanmazlyga, şeýle hem, şol hili materiallara ýa-da Hyzmatlara girjek ýa-da olary ulanjak bolup, öz ýerleşýän ýeriňizi ýa-da şahsyýetiňizi gizlemezlige ýa-da galp görkezmezlige ylalaşýarsyňyz.
  • b. Biz Hyzmatlaryň gurat işläp durmagy üçin köp tagalla edýäris; ýöne, ähli onlaýn hyzmatlarda käwagt-käwagt kesilmeler we hatardan çykmalar bolýar, şonuň üçinem, Microsoft şol hili sezewar bolmagyňyz mümkin hiç bir kesilme ýa-da ýitgi üçin jogapkärçilik çekmeýär. Hatardan çykma bolan ýagdaýynda, öz goýan Materialyňyzy ýa-da Maglumatyňyzy alyp bilmezligiňiz mümkindir. Hyzmatlarda saklaýan ýa-da Üçünji tarap programmalar we hyzmatlar arkaly saklaýan Materialyňyzy we Maglumatlaryňyzy wagtly-wagtyna ätiýaçlamagyňyzy maslahat berýäris.
Doly tekst
Hyzmatlara ýa-da Programma üpjünçiligine täzelemeler, we şu Şertlere üýtgetmelerHyzmatlara ýa-da Programma üpjünçiligine täzelemeler, we şu Şertlere üýtgetmeler7_updatesToTheServicesOrSoftwareAndChangesToTheseTerms
Gysgaça beýan

7. Hyzmatlara ýa-da Programma üpjünçiligine täzelemeler, we şu Şertlere üýtgetmeler.

  • a. Biziň şu Şertleri islendik wagt üýtgetmegimiz mümkin, biz şonda size habar bereris. Üýtgetmeler güýje girensoň, Hyzmatlary ulanmagyňyz siziň täze şertler bilen ylalaşýandygyňyzy aňladýar. Eger täze şertler bilen ylalaşmasaňyz, onda siz Hyzmatlary ulanmagy bes edip, öz Microsoft hasabyňyzy ýapmaly, eger siz ene-ata ýa-da hossar bolsaňyz, çagaňyza öz Microsoft hasabyny ýapmaga kömek etmeli.
  • b. Käwagt Hyzmatlary ulanmaga dowam etmek üçin size programma üpjünçiligi täzelemeleri gerek bolar. Biz programma üpjünçiligi wersiýaňyzy awtomatik barlap, programma üpjünçiligi täzelemelerini ýa-da düzüliş üýtgetmelerini göçürip alyp bileris. Sizden Hyzmatlary ulanmaga dowam etmegiňiz üçin programma üpjünçiliginiň täzelemesini gurnamagyňyz hem soralmagy mümkin. Şol hili täzelemeler şu Şertlere degişlidir, ýöne, eger täzelemeleriň ýany bilen başga şertler berilse, onda şol başga şertler degişli bolar. Microsoft hiç bir täzelemäni elýeterli etmäge borçlanmaýar we siziň programma üpjünçiligini, programmalary, materiallary ýa-da başga önümleri satyn alan ýa-da lisenzirlän ulgam wersiýaňyzy goldamagymyzy kepillendirmeýär. Şol hili täzelemeler programma üpjünçiligi ýa-da üçünji taraplaryň üpjün edýän hyzmatlary bilen ylalaşykly bolman biler. Siz programma üpjünçiligini gurnawdan aýyrmak bilen, islendik geljekki programma üpjünçiligi täzelemelerine bolan razylygyňyzy yzyna alyp bilersiňiz.
  • c. Üstesine, käwagt biziň Hyzmatlaryň funksiýalaryny ýa-da funksionallygyny aýyrmaly ýa-da üýtgetmeli, ýa-da bolmasa, belli bir Hyzmaty üpjün etmegi ýa-da Üçünji tarap programmalara we hyzmatlara girmekligi düýbünden togtatmaly bolmagymyz hem mümkin. Degişli kanunçylygyň talap edýän çägi degişli bolmazdan, biz islendik materialy, Sanly harydy (13(k) bölüminde kesgitlenilýär) ýa-da öň satyn alnan programmalary täzeden göçürip almaklygy ýa-da çalşyryp bermekligi üpjün etmäge borçly däldiris. Hyzmatlary ýa-da olaryň funksiýalaryny synlaw ýa-da beta wersiýada goýberip bileris, şonuň üçinem, olaryň dogry ýa-da gutarnykly wersiýanyňky ýaly işlemezligi mümkindir.
  • d. DRM (Sanly hukuklary dolandyryş) arkaly goralýan materiallary (mes. aýdym-saz, oýunlar, kinolar, kitaplar we ş.m.) ulanyp bilmegiňiz üçin, DRM programma üpjünçiliginiň onlaýn hukuklar serweri bilen awtomatik habarlaşyp, DRM täzelemelerini göçürip almagy we gurnamagy mümkindir.
Doly tekst
Programma üpjünçiligi lisenziýasyProgramma üpjünçiligi lisenziýasy8_softwareLicense
Gysgaça beýan

8. Programma üpjünçiligi lisenziýasy. Eger ýanynda aýratyn Microsoft lisenziýa ylalaşygy ýok bolsa (meselem, eger Windows-yň içine goşulan we onuň düzüminde durýan bir Microsoft programmasyny ulanýan bolsaňyz, onda şeýle programma üpjünçiligi Windows operasion ulgamynyň Microsoft Programma üpjünçiligi lisenziýa şertleri tarapyndan düzgünleşdirilýär), biz tarapyndan Hyzmatlaryň düzüminde üpjün edilýän islendik programma üpjünçiligi şu Şertlere tabyn bolup durýar. Office dükany, Windows Dükany we Xbox Store arkaly alnan programmalar aşakdaky 13(b)(i) bölümine tabyndyr.

  • a. Eger şu Şertleri berjaý etseňiz, onda biz size Hyzmatlaryň bir bölegi hökmünde, şol bir wagtyň özünde diňe bir adamyň ulanmaklygy üçin, her enjamda programma üpjünçiliginiň bir sanysyny gurnamaga we ulanmaga hukuk berýäris. Belli enjamlarda şeýle programma üpjünçiligi Hyzmatlary şahsy, täjirçilik däl maksatly ulanmagyňyz üçin deslapdan gurlan bolup biler. Hyzmatlaryň bir bölegi bolup durýan programma üpjünçiliginde ýa-da websaýtda üçünji tarap kod bar bolup biler. Programma üpjünçiligine ýa-da websaýta bagy bar bolan ýa-da salgylanýan islendik üçünji tarap skriptler ýa-da kodlar size Microsoft tarapyndan däl-de, şolaryň eýesi bolup durýan üçünji taraplar tarapyndan lisenzirlenilýär. Eger bar bolsa, üçünji tarap baradaky bildirişler diňe siziň habarly bolmagyňyz üçin goşulýar.
  • b. Bu programma üpjünçiligi satylmaýar-da lisenzirlenilýär, şonuň üçinem, Microsoft gytaklaýyn, faktlara salgylanmak hukugynyň ýatyrylmagy sebäpli ýa-da başgaça görnüşde bolsun, tapawudy ýok, programma üpjünçiligi barada Microsoft tarapyndan aç-açan berilmedik ähli hukuklary özünde saklaýar. Bu lisenziýa size şu aşakdakylar boýunça hiç hili hukuk bermeýär we olar siziň üçin gadagan edilýär:
    • i. programma üpjünçiligindäki ýa-da Hyzmatlardaky ýa-da şolar bilen baglanyşykly islendik tehnologiki gorag çäresiniň daşyndan aýlanyp geçmek;
    • ii. Hyzmatlaryň düzüminde durýan ýa-da Hyzmatlaryň üsti bilen girip bolýan islendik programma üpjünçiligini ýa-da Hyzmatlaryň başga bir aspektini deassemblirlemek, dekomplirlemek, şifrini çözmek, döwmek, emulirlemek, işläp düzmek ýa-da tehnologiýasyny öwrenmek (eger degişli awtorlyk hukugy kanunynyň aç-açan rugsat bermeýän bolsa);
    • iii. dürli enjamlarda ulanmak üçin, programma üpjünçiligini ýa-da Hyzmatlary komponentlerine bölmek;
    • iv. programma üpjünçiligini ýa-da Hyzmatlary neşir etmek, nusgalamak/göçürmek, kireýne bermek, kärendesine bermek, satmak, eksportirlemek, importirlemek, ýaýratmak ýa-da wagtlaýyn ulanmaga bermek (eger Microsoft şeýle herekete aç-açan rugsat berýän bolsa, onda muňa degişli däl);
    • v. programma üpjünçiligini, islendik programma üpjünçiligi lisenziýalaryny ýa-da Hyzmatlara girmek ýa-da olary ulanmak boýunça islendik hukugy başga birine/tarapa geçirmek;
    • vi. Hyzmatlary başga kimdir biriniň olary ulanmagyny ýa-da islendik hyzmata, maglumata, hasaba ýa-da tora girmegini kynlaşdyryp biljek görnüşde, islendik birugsat görnüşde ulanmak;
    • vii. birugsat üçünji tarap programmalar tarapyndan Hyzmatlara girilmegine ýa-da islendik Microsoft rugsatly enjamy (mes. Xbox One, Xbox 360, Microsoft Surface we ş.m.) üýtgetmäge mümkinçilik bermek.
Doly tekst
Töleg şertleriTöleg şertleri9_paymentTerms
Gysgaça beýan

9. Töleg şertleri. Eger bir Hyzmaty satyn alsaňyz, satyn alşyňyz şu şertlere degişlidir we sizem şolar bilen ylalaşýarsyňyz.

  • a. Tölegler. Eger Hyzmatlaryň bir bölegi bilen baglanyşykly töleg bar bolsa, onda siz şol tölegi görkezilen pul birliginde tölemäge ylalaşýarsyňyz. Eger başgaça görkezilmedik bolsa, Hyzmatlar üçin görkezilen baha hiç bir degişli salgydy we walýuta çalşyk kursy bilen baglanyşykly çykdajylary öz içine almaýar. Eger başgaça görkezilmedik bolsa, tölegli Skype önümleriniň ähli bahalary ähli degişli salgytlary öz içine alýar. Siz şol salgytlary ýa-da beýleki çykdajylary tölemeklige bir özüňiz jogapkärçilik çekýärsiňiz. Skype salgytlary faktura maglumatyňyz bilen baglanyşykly ýaşalýan salgynyň esasynda hasaplaýar. Şol salgynyň dogry we takyk bolmagyny üpjün etmäge jogapkärçilik çekýärsiňiz. Skype önümlerinden başgalarda, eger ýerli kanunçylykda salgydy hasaplamak üçin başga bir binýat göz öňünde tutulmaýan bolsa, onda salgytlar siziň Microsoft hasabyňyz bellige alnan wagty ýerleşýän ýeriňiziň esasynda hasaplanylýar. Sizden tölegi öz wagtynda we doly möçberde almadyk ýagdaýymyzda, biziň siziň üçin Hyzmatlary togtatmagymyz ýa-da ýatyrmagymyz mümkin. Töleg tölenilmezligi sebäpli Hyzmatlaryň togtadylmagy ýa-da ýatyrylmagy siziň öz hasabyňyza we onuň içindäki zatlara girmegiňiziň we olary ulanmagyňyzyň kesilmegine eltip biler. Internete korporatiw ýa-da ýerleşýän ýeriňizi gizleýän başga hususy tordan birikmegiňiz tölegiň siziň hakyky ýerleşýän ýeriňiz üçin görkezilen tölegden tapawutly bolmagyna eltip biler. Ýerleşýän ýeriňize baglylykda, käbir amallarda daşary ýurt walýutasyny öwürmeli ýa-da olary başga bir ýurtda işlemeli bolup biler. Debet ýa-da kredit kart ulansaňyz, şol hyzmatlar üçin bankyňyz sizden goşmaça tölegleri alyp biler. Jikme-jiklik üçin, öz bankyňyza ýüz tutuň.
  • b. Faktura hasabyňyz. Hyzmatyň töleglerini tölemek üçin, şol Hyzmata ýazylan wagtyňyz, sizden töleg usulyny saýlamagyňyz soralar. Faktura maglumatyňyza we töleg usulyňyza Microsoft hasap dolandyryş websaýtynda, Skype üçin bolsa, https://skype.com/go/myaccount salgysynda öz hasap portalyňyzda girip we olary üýtgedip bilersiňiz. Ondan başga-da, siz emission bankyňyz ýa-da degişli töleg tory tarapyndan üpjün edilýän bolup, siz tarapyndan saýlanylan töleg usuly boýunça islendik täzelenilen hasap maglumatyny Microsoft-yň ulanmagyna ylalaşýarsyňyz. Siz amallaryňyzy tamamlap we şol amallar sebäpli size ýüz tutup bilmegimiz üçin, öz hasabyňyzy we başga maglumatlaryňyzy, şol sanda e-poçta salgyňyzy we töleg usuly jikme-jikligiňizi derrew täzelemäge ylalaşýarsyňyz. Faktura hasabyňyzda edilen üýtgetmeler, biz siziň faktura hasabyňyzdaky üýtgetmeleriňiz boýunça makul möhletiň dowamynda herekete geçýänçäk, siziň faktura hasabyňyza tabşyrýan töleglerimize täsir etmez.
  • c. Faktura bermek. Microsoft-a töleg usulyny bermek bilen, siz (i) öz beren töleg usulyňyzy ulanmaga ygtyýarlydygyňyzy we bize berýän islendik töleg maglumatyňyzyň dogry we takykdygyny mälim edýärsiňiz; (ii) Microsoft-yň sizden Hyzmatlar ýa-da elýeterli material üçin öz töleg usulyňyz arkaly töleg almagyna ygtyýar berýärsiňiz; we (iii) ýazylan ýa-da ulanýan Hyzmatlaryňyzyň islendik bir tölegli funksiýasy üçin, şu Şertleriň hereket edýän döwrüniň dowamynda Microsoft-yň sizden töleg almagyna ygtyýar berýärsiňiz. Biz size şu görnüşlerde faktura kesip bileris: (a) öňünden, (b) satyn alyş pursadynda, (c) satyn alşyň göni yz ýanyndan; ýa-da (d) abuna Hyzmatlary üçin wagtly-wagtyna. Biziň siziň tassyklan möçberiňizi almaga hem hakymyz bardyr, şonuň üçinem, biz abuna Hyzmatlardan wagtly-wagtyna alynýan möçberde islendik bir üýtgeme bolan ýagdaýynda size öňünden habar bereris. Biz öň tölenilmedik möçberleriň birden köp faktura döwrüne bir gezekde faktura kesip bileris.
  • d. Wagtly-wagtyna tölegler. Hyzmatlary abuna esasynda (mes. aýlyk, 3 aýlyk ýa-da ýyllyk) satyn alan wagtyňyz, siz gaýtalanýan töleglere ygtyýar berýändigiňizi we degişli Hyzmatyň abunasy siz ýa-da Microsoft tarapyndan ýatyrylýança, tölegleriň öz ylalaşan gaýtalanýan aralyklaryňyzda we öz saýlan usulyňyz arkaly Microsoft-a töleniljekdigini ykrar edip ylalaşýarsyňyz. Gaýtalanýan töleglere ygtyýar bermek bilen, siz elektron debetler ýa-da serişde geçirmek görnüşinde, ýa-da bellenen hasabyňyzdan elektron pul çekmeler (Awtomatlaşdyrylan kliring palatasy ýa-da şoňa meňzeş tölegler bolan ýagdaýynda), ýa-da bellenen hasabyňyzdan töleg almak (kredit karty ýa-da şoňa meňzeş tölegler bolan ýagdaýynda) (bilelikde "Elektron tölegler") görnüşinde Microsoft-yň şeýle tölegleri işlemegine ygtyýar berýärsiňiz. Abuna tölegleri köplenç degişli abuna döwrüniň öňünden alynýar. Eger islendik bir töleg tölenilmän yzyna gaýtarylsa ýa-da kredit karty ýa-da şoňa meňzeş amal ret edilse ýa-da amaly ýerine ýetirmekden ýüz öwrülse, onda Microsoft ýa-da onuň hyzmat üpjün edijileri yzyna gaýtarylan islendik bir degişli zady, ret edilen möçberi ýa-da hasapda ýeterlik serişde ýokdugy sebäpli salnan jerimäni almaga, şeýle hem, islendik şeýle tölegi Elektron töleg hökmünde işlemäge bolan hukugyny özünde saklaýar.
  • e. Awtomatik möhlet uzatmak. Eger degişli kanunçylykda awtomatik uzadyşa rugsat berilýän bolsa, Hyzmatlaryň kesgitlenen hyzmat möhletinden soň awtomatik uzadylmagyny saýlap bilersiňiz. Islendik Hyzmat täze möhlete uzadylmanka, size e-poçta ýa-da başga bir usul arkaly ýatladarys we 9(k) bölümine laýyklykda bahada üýtgeşiklik bar bolsa, size habar bereris. Hyzmatlary awtomatik uzatmagy saýlandygyňyzy ýatladanymyzdan soňra, eger aşakda beýan edilişi ýaly, Hyzmatlary bes etmegi saýlamadyk bolsaňyz, onda degişli hyzmat döwrüniň ahyrynda Hyzmatlaryňyzy awtomatik uzadyp, uzadylan möhletiň şol wagtky bahasyny sizden alyp bileris. Möhletiň uzadylan senesinde ýa-da şondan soň görkezilen bolsun, tapawudy ýok, biz size Hyzmatlaryň möhletiniň uzadylmagy üçin saýlan töleg usulyňyzda faktura kesjekdigimizi hem ýatladarys. Biz size Hyzmatlary ýatyrmagyň usuly barada hem görkezmeleri üpjün ederis. Möhlet uzatmak töleginiň alynmazlygy üçin, siz Hyzmatlary möhlet uzadylýan seneden öň ýatyrmaly.
  • f. Onlaýn beýannama (göçürme) we ýalňyşlyklar. Microsoft size Microsoft hasap dolandyryşy websaýtynda onlaýn faktura beýannamasyny üpjün eder, ol websaýtda öz beýannamaňyzy görüp we çap edip bilersiňiz. Skype üçin, www.skype.com salgysynda hasabyňyza girip, onlaýn beýannamaňyza girip bilersiňiz. Ol biziň üpjün edýän ýeke-täk faktura beýannamamyzdyr. Eger fakturaňyzda bir ýalňyşlyk goýbersek, onda siz fakturaňyzda ýalňyşlygyň peýda bolan pursadyndan başlap, 90 günüň dowamynda ony bize habar bermäge borçlusyňyz. Biz görkezilen ýalňyşlygy iň gysga wagty dowamynda barlamaga borçlanýarys. Eger şol möhletiň dowamynda siz ýagdaýy bize habar bermeseňiz, şol ýalňyşlyk sebäpli ýüze çykan ýitgi boýunça ähli hak isleginden we jogapkärçilikden bizi boşadýarsyňyz, şeýle ýagdaýda, eger-de kanunda başgaça görkezilmedik bolsa, biz ýalňyşlygy düzetmäge ýa-da tölegi yzyna bermäge borçly bolmaýarys. Eger Microsoft fakturada bir ýalňyşlyk ýüze çykarsa, biz ol ýalňyşlygy 90 günüň dowamynda düzetmäge borçlanýarys. Bu syýasat degişli bolup biljek hiç bir kanuny hukuklara täsir etmeýär.
  • g. Yzyna töleg syýasaty. Eger kanunda ýa-da belli bir Hyzmat teklibinde başgaça göz öňünde tutulmaýan bolsa, ähli satyn alyşlar gutarnykly bolup durýar we olaryň tölegleri yzyna tölenmeklige degişli däldir. Eger Microsoft sizden ýalňyşlyk bilen töleg alandyr öýtseňiz, onda siz şol tölegiň alnan pursadyndan başlap, 90 günüň dowamynda bize ýüz tutmaly. Eger-de kanunda başgaça görkezilmedik bolsa, 90 günden öňki hiç bir tölegler yzyna tölenilmeýär. Biz diňe öz garaýşymyzça hereket edip, yzyna tölegleri ýa-da algylary bermäge bolan hukugymyzy saklap galýarys. Eger biz yzyna töleg ýa-da algy bersek, geljekde şol bir ýa-da şoňa meňzeş yzyna tölegi bermäge borçly däldiris. Bu yzyna töleg syýasaty degişli bolup biljek hiç bir kanuny hukuklara täsir etmeýär. Yzyna töleg hakda goşmaça maglumat üçin, kömek temamyza baryň. Taýwanda ýaşaýan bolsaňyz, üns beriň: Taýwanyň sarp edijileri goramak baradaky kanunyna we onuň degişli hukuk namalaryna laýyklykda, maddy däl görnüşde üpjün edilen sanly material we/ýa-da onlaýn hyzmatlar bilen baglanyşykly ähli satyn alyşlar gutarnyklydyr we şeýle material ýa-da hyzmat onlaýn üpjün edilen bolsa, tölegini yzyna alyp bolmaýar. Siziň hiç hili sowaşma möhletini ýa-da yzyna tölegi talap etmäge hukugyňyz ýokdur.
  • h. Hyzmatlary ýatyrmak. Bir Hyzmaty islendik wagt belli bir sebäp bilen ýa-da hiç hili sebäpsiz ýatyryp bilersiňiz. Eger Hyzmaty bes edip, tölegini yzyna almaga hakyňyz bar bolsa, onda şeýtmek üçin, Microsoft hasap dolandyryşy websaýtyna baryň. Skype üçin, şu ýerde üpjün edilýän maglumatlary ulanyp, Çekiliş formasyny dolduryň. Siz şu aşakdaky ýagdaýlarda Hyzmatlary beýan edýän teklibi täzeden gözden geçirmeli bolarsyňyz: (i) ýatyran wagtyňyz yzyna tölegi alyp bilmeseňiz; (ii) ýatyryş töleglerini tölemäge borçly bolup çyksaňyz; (iii) ýatyryş senesinden öň Hyzmatlar boýunça fakturaňyz üçin görkezilen ähli tölegleri tölemäge borçly bolup çyksaňyz; we (iv) Hyzmatlary ýatyranyňyzda hasabyňyza girişiňiz we hasaby ulanmagyňyz kesilse; ýa-da, eger Taýwanda ýaşaýan bolsaňyz, (v) Hyzmat üçin tölenilen, ýatyryş wagtynda hasaplanan ulanylmadyk töleglere deň möçberde yzyna töleg alyp biljek bolsaňyz. Maglumatlaryňyzy ýokarda 4-nji bölümde beýan edilýän görnüşde işläris. Eger ýatyrsaňyz, Hyzmatlara girişiňiz şol wagtky Hyzmat möhletiniň ahyrynda gutarar ýa-da eger hasabyňyza belli aralyklarda faktura kesýän bolsak, onda ol siziň ýatyran aralyk möhletiňiziň ahyrynda gutarar.
  • i. Synag möhleti teklipleri. Eger size başgaça habar bermesek, onda islendik bir synag möhleti teklibine gatnaşýan bolsaňyz, siz özüňizden täze tölegleriň alynmazlygy üçin, synag möhletiniň ahyrynda synag möhletli Hyzmat(lar)y ýapmaly. Eger synag möhletli Hyzmat(lar)y synag möhletiniň ahyrynda ýapmasaňyz, sizden Hyzmat(lar) üçin töleg almagymyz mümkin.
  • j. Höweslendirme teklipleri. Wagtal-wagtal Microsoft-yň Hyzmatlary synag möhleti bilen mugt teklip etmegi mümkin. Eger Microsoft (öz makul garaýşyna görä) siziň teklibiň şertlerini bozýandygyňyzy anyklasa, şol Hyzmatlar üçin (nominal tarif boýunça) sizden töleg almaga bolan hukugyny özünde saklaýar.
  • k. Baha üýtgemeleri. Biz Hyzmatlaryň bahasyny islendik wagt üýtgedip bileris we eger Hyzmaty gaýtalanýan tertipde satyn alyp durýan bolsaňyz, biz size baha üýtgemezden azyndan 15 gün öňünden e-poçta ýa-da başga bir usul arkaly habar bereris. Eger bahanyň üýtgemegi bilen ylalaşmaýan bolsaňyz, onda siz baha üýtgemesi güýje girmänkä, Hyzmatlary ýatyrmaly we ulanmagy bes etmeli. Eger Hyzmat teklibiňiz üçin belli bir möhlet we baha bellenilen bolsa, onda ol baha şol bellenilen möhletiň dowamynda hereket edýär.
  • l. Size tölegler. Eger biziň size bergimiz bar bolsa, onda siz biziň tölegi amala aşyrmagymyz üçin gerek bolan islendik maglumaty öz wagtynda we takyk görnüşde bize bermäge ylalaşýarsyňyz. Siz özüňize tölenilen şol tölegiň netijesinde çekýän ähli salgytlaryňyz we çykdajylaryňyz üçin jogapkärçilik çekýärsiňiz. Siz özüňiziň tölegi almaga bolan hukugyňyz bilen baglanyşyklylykda biziň goýýan beýleki şertlerimizi hem berjaý etmelisiňiz. Eger ýalňyşlyk bilen size degişli däl bir töleg alsaňyz, biziň ony yzyna dolamaga ýa-da yzyna dolmagyňyzy talap etmäge hakymyz bardyr. Siz şol mesele boýunça bize kömek etmäge ylalaşýarsyňyz. Ondan başga-da, öň artykmaç tölenen islendik bir möçberi sazlamak üçin, size tölenilmeli möçberi azaltmaga hem hakymyz bardyr.
  • m. Sowgat petekleri. Sowgat petekleriniň (Skype sowgat peteklerinden başga) üzlüşilmegi we ulanylmagy Microsoft Sowgat petegi şertleri we düzgünleri tarapyndan düzgünleşdirilýär. Skype sowgat petekleri barada maglumat Skype-yň Kömek sahypasynda elýeterli.
  • n. Bank hasabyndan töleg usuly. Talabalaýyk bank hasabyny töleg usuly hökmünde goşmak üçin, ony Microsoft hasabyňyzda bellige alyp bilersiňiz. Talabalaýyk bank hasaplaryna şular degişli: göni debet amallaryny kabul etmäge ukyply maliýe guramasynda açylan hasap (mes. awtomatlaşdyrylan kliring palatasynyň ("ACH") amallaryny goldaýan, düýbi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýerleşýän maliýe guramasy, Ýeke-täk Ýewro tölegleri sebitini ("SEPA") goldaýan ýa-da Niderlandlarda "iDEAL" goldaýan, düýbi Ýewropada ýerleşýän maliýe guramasy). Bank hasabyňyzy Microsoft hasabyňyzda töleg usuly hökmünde goşanyňyzda ylalaşan şertleriňiz (mysal üçin, SEPA boýunça "mandat") hem degişli bolar. Bellige alnan bank hasabyňyzyň öz adyňyzadygyny ýa-da şol bank hasabyny töleg usuly hökmünde ulanmaga ygtyýaryňyzyň bardygyny beýan edýärsiňiz hem-de kepillendirýärsiňiz. Bank hasabyňyzy bellige aldyrmak ýa-da töleg usulyňyz hökmünde saýlamak bilen, Microsoft-a (ýa-da onuň wekillerine) bank hasabyňyzdan satyn alan harydyňyzyň ýa-da abunaňyzyň töleginiň (abuna hyzmatyňyzyň şertlerine laýyklykda) jemi möçberi üçin bir ýa-da birnäçe debet başlatmaga (we zerur halatda ýalňyşlyklary düzetmek, tölegi gaýtarmak ýa-da şolara meňzeş maksatlar bilen bank hasabyňyza bir ýa-da birnäçe kredit başlatmaga) ygtyýar berýärsiňiz, şeýle hem, bank hasabyňyzy özünde saklaýan maliýe guramasyna şol debetleri ýa-da kreditleri kemmäge ygtyýar berýärsiňiz. Bank hasaby maglumatyňyzy Microsoft hasabyňyzdan aýyrýançaňyz, şu ygtyýar bermegiň öz güýjüni doly saklaýandygyna düşünýärsiňiz. Eger sizden ýalňyşlyk bilen töleg alnandyr öýdýän bolsaňyz, mümkin boldugyça gyssagly ýagdaýda ýokarda 4(e) bentde düşündirilişi ýaly müşderi goldawyna ýüz tutuň. Ýurduňyzda hereket edýän kanunçylyk hem bank hasabyňyzdan galp, ýalňyş ýa-da ygtyýarsyz amallar üçin jogapkärçiligiňizi çäklendirip biler. Bank hasabyny bellige almak ýa-da töleg usuly hökmünde saýlamak bilen, şu Şertleri okandygyňyzy, olara düşünýändigiňizi hem-de olar bilen ylalaşýandygyňyzy beýan edýärsiňiz.
Doly tekst
Potratçy edara, ulanylýan hukuk we jedelleriň çözülmeli ýeriPotratçy edara, ulanylýan hukuk we jedelleriň çözülmeli ýeri10_11_contractingEntityChoiceOfLaw
Gysgaça beýan

10. Potratçy edara, ulanylýan hukuk we jedelleriň çözülmeli ýeri. Mugt we tölegli müşderi Skype-brendli hyzmatlary ulanmak üçin, siz şu Şertlerdäki "Microsoft"-a bolan ähli salgylanmalar bilen birlikde, Skype Communications S.à.r.l, 23 – 29 Rives de Clausen, L-2165 Luxembourg bilen şertnama baglaşýarsyňyz. Skype markaly mugt ýa-da tölegli müşderi hyzmatlary üçin, kanun ýörelgeleriniň çaknyşýandygyna garamazdan, şu Şertleriň düşündirilmegi we olaryň bozulmagy baradaky hak islegleri Lýuksemburgyň kanunlary tarapyndan düzgünleşdirilýär. Siziň ýaşaýan prowinsiýaňyzyň ýa-da ýurduňyzyň kanunlary ähli beýleki hak isleglerini (şol sanda müşderiniň goralmagy, adalatsyz bäsleşik we raýat hukuk bozulmasy boýunça hak islegleri) düzgünleşdirýär. Eger Skype hasabyny döretmek ýa-da Skype ulanmak arkaly bu Şertleri kabul eden bolsaňyz, onda siziň we biziň şu Şertlerden ýa-da Skype markaly müşderi hyzmatlaryndan gelip çykýan ýa-da şolar bilen baglanyşykly ähli jedeller üçin Lýuksemburgyň kazyýetleriniň ýörite ýurisdiksiýasy we ýerleşýän ýeri bilen dolanywsyz görnüşde ylalaşdygymyz bolýar. Ähli beýleki Hyzmatlar üçin, eger Microsoft hasabyny döretmek ýa-da islendik başga bir Hyzmaty ulanmak arkaly bu Şertleri kabul eden bolsaňyz, onda siziň şertnama baglaşýan edaraňyz, düzgünleşdiriji kanun we jedelleriň çözülmeli ýeri şu aşakda görkezilýär:

  • a. Kanada. Eger Kanadada ýaşaýan bolsaňyz (ýa-da, biznes bolsa, esasy biznes ýeriňiz Kanadada ýerleşýän bolsa), onda siz "Microsoft Corporation, One Microsoft Way, Redmond, WA 98052, U.S.A" bilen şertnama baglaşýarsyňyz. Siziň ýaşaýan prowinsiýaňyzyň (ýa-da, biznes bolsa, esasy biznes ýeriňiziň ýerleşýän prowinsiýasynyň) kanunlary, kanun ýörelgeleriniň çaknyşýandygyna garamazdan, şu Şertleriň düşündirilmegini, olaryň bozulmagy baradaky hak isleglerini we ähli beýleki hak isleglerini (şol sanda müşderiniň goralmagy, adalatsyz bäsleşik we raýat hukuk bozulmasy boýunça hak islegleri) düzgünleşdirýär. Siz we biz şu Şertlerden ýa-da Hyzmatlardan gelip çykýan ýa-da şolar bilen baglanyşykly ähli jedeller üçin Ontario şäheriniň kazyýetleriniň ýörite ýurisdiksiýasyna we ýerleşýän ýerine dolanywsyz görnüşde razylyk berýäris.
  • b. ABŞ-nyň we Kanadanyň daşynda Demirgazyk ýa-da Günorta Amerika. Eger ABŞ-nyň we Kanadanyň daşynda Demirgazyk ýa-da Günorta Amerikada ýaşaýan bolsaňyz (ýa-da, biznes bolsa, esasy biznes ýeriňiz ABŞ-nyň we Kanadanyň daşynda Demirgazyk ýa-da Günorta Amerikada ýerleşýän bolsa), onda siz "Microsoft Corporation, One Microsoft Way, Redmond, WA 98052, U.S.A" bilen şertnama baglaşýarsyňyz. Waşington ştatyny kanunlary, kanun ýörelgeleriniň çaknyşýandygyna garamazdan, şu Şertleriň düşündirilmegini we olaryň bozulmagy baradaky hak isleglerini düzgünleşdirýär. Hyzmatlaryňyzy gönükdirýän ýurdumyzyň kanunlary ähli beýleki hak isleglerini (şol sanda müşderiniň goralmagy, adalatsyz bäsleşik we raýat hukuk bozulmasy boýunça hak islegleri) düzgünleşdirýär.
  • c. Ýakyn Gündogar ýa-da Afrika. Eger Ýakyn Gündogarda ýa-da Afrikada ýaşaýan bolsaňyz (ýa-da, biznes bolsa, esasy biznes ýeriňiz Ýakyn Gündogarda ýa-da Afrikada ýerleşýän bolsa) we Hyzmatlaryň mugt böleklerini (mes. Bing we MSN) ulanýan bolsaňyz, onda siz "Microsoft Corporation, One Microsoft Way, Redmond, WA 98052, U.S.A" bilen şertnama baglaşýarsyňyz. Eger Hyzmatlaryň islendik bir bölegini ulanmak üçin töleg tölän bolsaňyz, onda siz "Microsoft Ireland Operations Limited, One Microsoft Place, South County Business Park, Leopardstown, Dublin 18, Ireland" bilen şertnama baglaşýarsyňyz. Mugt we tölegli Hyzmatlar üçin, kanun ýörelgeleriniň çaknyşýandygyna garamazdan, şu Şertleriň düşündirilmegi we olaryň bozulmagy baradaky hak islegleri Irlandiýanyň kanunlary tarapyndan düzgünleşdirilýär. Hyzmatlaryňyzy gönükdirýän ýurdumyzyň kanunlary ähli beýleki hak isleglerini (şol sanda müşderiniň goralmagy, adalatsyz bäsleşik we raýat hukuk bozulmasy boýunça hak islegleri) düzgünleşdirýär. Siz we biz şu Şertlerden ýa-da Hyzmatlardan gelip çykýan ýa-da şolar bilen baglanyşykly ähli jedeller üçin Irlandiýanyň kazyýetleriniň ýörite ýurisdiksiýasy we ýerleşýän ýeri bilen dolanywsyz görnüşde ylalaşýarys.
  • d. Aziýa ýa-da Günorta Ýuwaş okean sebiti (eger ýurduňyz aşakda ýörite görkezilmeýän bolsa). Eger Aziýada (Hytaý, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy we Taýwan degişli däl) ýa-da Günorta Ýuwaş okean sebitinde ýaşaýan bolsaňyz (ýa-da, biznes bolsa, esasy biznes ýeriňiz şolarda ýerleşýän bolsa) we Hyzmatlaryň mugt böleklerini (mes. Bing we MSN) ulanýan bolsaňyz, onda "Microsoft Corporation, One Microsoft Way, Redmond, WA 98052, U.S.A" bilen şertnama baglaşýarsyňyz. Eger Hyzmatlaryň islendik bir bölegini ulanmak üçin töleg tölän bolsaňyz ýa-da Singapurda ýa-da Gonkongda mugt Outlook.com hyzmatyny ulanýan bolsaňyz, onda siz ABŞ-nyň Newada ştatynyň kanunlaryna görä edaralaşdyrylan, Singapurda we Gonkongda şahamçalary bar bolan we esasy iş ýeri 438B Alexandra Road, #04-09/12, Block B, Alexandra Technopark, Singapore, 119968 bolan "Microsoft Regional Sales Corp." bilen şertnama baglaşýarsyňyz; şeýle hem, eger Awstraliýada ýaşaýan bolsaňyz (ýa-da, biznes bolsa, esasy biznes ýeriňiz şol ýurtda ýerleşýän bolsa), siz Microsoft Pty Ltd, 1 Epping Road, North Ryde, NSW 2113, Australia bilen şertnama baglaşýarsyňyz we eger Täze Zelandiýada ýaşaýan bolsaňyz (ýa-da, biznes bolsa, esasy biznes ýeriňiz şol ýurtda ýerleşýän bolsa), siz Microsoft New Zealand Limited, Level 5, 22 Viaduct Harbour Avenue, PO Box 8070 Symonds Street, Auckland, 1150 New Zealand bilen şertnama baglaşýarsyňyz. Mugt we tölegli Hyzmatlar üçin, kanun ýörelgeleriniň çaknyşýandygyna garamazdan, şu Şertleriň düşündirilmegi we olaryň bozulmagy baradaky hak islegleri Waşington ştatynyň kanunlary tarapyndan düzgünleşdirilýär. Hyzmatlaryňyzy gönükdirýän ýurdumyzyň kanunlary ähli beýleki hak isleglerini (şol sanda müşderiniň goralmagy, adalatsyz bäsleşik we raýat hukuk bozulmasy boýunça hak islegleri) düzgünleşdirýär. Şu Şertlerden ýa-da Hyzmatlardan (Skype-dan başga) gelip çykýan ýa-da şol bilen baglanyşykly islendik jedele, şol sanda olaryň barlygy, hereket edýänligi ýa-da ýatyrylandygy baradaky islendik meselä Singapurda Singapuryň Halkara arbitraž merkeziniň (SIAC) Arbitraž kadalaryna laýyklykda garalýar we gutarnykly çözgüt kabul edilýär, ol kadalar şu maddanyň bitewi bölegi diýlip hasap edilýär. Tribunal SIAC-yň prezidentiniň bellejek bir arbitrinden ybarat bolar. Arbitražyň dili iňlis dili bolar. Arbitriň çykarjak çözgüdi gutarnykly, hökmany we jedelsiz bolar, şeýle hem, ol islendik ýurtda ýa-da sebitde çözgüt çykarmaga esas bolup hyzmat eder.
  • e. Ýaponiýa. Eger Ýaponiýada ýaşaýan bolsaňyz (ýa-da, biznes bolsa, esasy biznes ýeriňiz Ýaponiýada ýerleşýän bolsa) we Hyzmatlaryň mugt böleklerini (mes. Bing we MSN) ulanýan bolsaňyz, onda siz "Microsoft Corporation, One Microsoft Way, Redmond, WA 98052, U.S.A" bilen şertnama baglaşýarsyňyz. Eger Hyzmatlaryň islendik bir bölegini ulanmak üçin töleg tölän bolsaňyz, onda siz "Microsoft Japan Co., Ltd (MSKK), Shinagawa Grand Central Tower, 2-16-3 Konan Minato-ku, Tokyo 108-0075" bilen şertnama baglaşýarsyňyz. Mugt we tölegli Hyzmatlar üçin, şu Şertler we olardan ýa-da Hyzmatlardan gelip çykýan ýa-da şolar bilen baglanyşykly islendik meseleler Ýaponiýanyň kanunlary tarapyndan düzgünleşdirilýär. Siz we biz şu Şertlerden ýa-da Hyzmatlardan gelip çykýan ýa-da şolar bilen baglanyşykly ähli jedeller üçin Tokio okrug kazyýetiniň ýörite birinji instansiýaly ýurisdiksiýasy we ýerleşýän ýeri bilen dolanywsyz görnüşde ylalaşýarys.
  • f. Koreýa Respublikasy. Eger Koreýa Respublikasynda ýaşaýan bolsaňyz (ýa-da, biznes bolsa, esasy biznes ýeriňiz Koreýa Respublikasynda ýerleşýän bolsa) we Hyzmatlaryň mugt böleklerini (mes. Bing we MSN) ulanýan bolsaňyz, onda siz "Microsoft Corporation, One Microsoft Way, Redmond, WA 98052, U.S.A" bilen şertnama baglaşýarsyňyz. Eger Hyzmatlaryň islendik bir bölegini ulanmak üçin töleg tölän bolsaňyz, onda siz "Microsoft Korea, Inc., 11th Floor, Tower A, K-Twin Tower, Jongro 1 gil 50, Jongro-gu, Seoul, Republic of Korea, 110-150" bilen şertnama baglaşýarsyňyz. Mugt we tölegli Hyzmatlar üçin, şu Şertler we olardan ýa-da Hyzmatlardan gelip çykýan ýa-da şolar bilen baglanyşykly islendik meseleler Koreýa Respublikasynyň kanunlary tarapyndan düzgünleşdirilýär. Siz we biz şu Şertlerden ýa-da Hyzmatlardan gelip çykýan ýa-da şolar bilen baglanyşykly ähli jedeller üçin Seul merkezi okrug kazyýetiniň ýörite birinji instansiýaly ýurisdiksiýasy we ýerleşýän ýeri bilen dolanywsyz görnüşde ylalaşýarys.
  • g. Taýwan. Eger Taýwanda ýaşaýan bolsaňyz (ýa-da, biznes bolsa, esasy biznes ýeriňiz Taýwanda ýerleşýän bolsa) we Hyzmatlaryň mugt böleklerini (mes. Bing we MSN) ulanýan bolsaňyz, onda siz "Microsoft Corporation, One Microsoft Way, Redmond, WA 98052, U.S.A" bilen şertnama baglaşýarsyňyz. Eger Hyzmatlaryň islendik bir bölegini ulanmak üçin töleg tölän bolsaňyz, onda siz "Microsoft Taiwan Corp., 18F, No. 68, Sec. 5, Zhongxiao E. Rd., Xinyi District, Taipei 11065, Taiwan" bilen şertnama baglaşýarsyňyz. Mugt we tölegli Hyzmatlar üçin, şu Şertler we olardan ýa-da Hyzmatlardan gelip çykýan ýa-da şolar bilen baglanyşykly islendik meseleler Taýwanyň kanunlary tarapyndan düzgünleşdirilýär. "Microsoft Taiwan Corp." barada jikme-jik maglumat almak üçin, Taýwanyň Ykdysady işler ministrliginiň üpjün edýän websatyna baryň. Taýwanyň kanunlarynda rugsat berilýän maksimum çäkde, siz we biz şu Şertlerden ýa-da Hyzmatlardan gelip çykýan ýa-da şolar bilen baglanyşykly islendik jedeller boýunça Taýbeý okrug kazyýetini ýörite birinji instansiýaly ýurisdiksiýaly kazyýet hökmünde dolanywsyz görnüşde belleýäris.

Siziň ýerli müşderi kanunlaryňyz, şu Şertlere garamazdan, jedelleri käbir ýerli kanunlaryň düzgünleşdirmegini ýa-da size olary başga bir forumda çözmäge hukuk berýän bolup biler. Eger şeýle bolsa, siziň ýerli müşderi kanunlaryňyzyň rugsat berýän çäginde, 10-njy bölümdäki kanun we forum saýlap almak baradaky düzgünler ulanylmalydyr.

Doly tekst
KepilliklerKepillikler12_Warranties
Gysgaça beýan

11. Kepillikler.

  • a. MICROSOFT WE BIZIŇ AFFILIRLENEN ŞAHAMÇALARYMYZ, ALYP SATYJYLARYMYZ, DISTRIBÝUTORLARYMYZ WE ÜPJÜN EDIJILERIMIZ SIZIŇ HYZMATLARY ULANMAGYŇYZ BOÝUNÇA AÇ-AÇAN ÝA-DA GÜMÄN EDILÝÄN HIÇ HILI KEPILLIKLERI ÝA-DA ŞERTLERI BERMEÝÄR. SIZ HYZMATLARY ULANMAGYŇYZYŇ ÖZ TÖWEKGELÇILIGIŇIZ ASTYNDA DURÝANDYGYNA, ŞEÝLE HEM, BIZIŇ HYZMATLARY "BOLŞY ÝALY" ESASDA "ÄHLI KEMÇILIKLERI BILEN BILELIKDE" WE "ELÝETERLI BOLDUGYÇA" ÜPJÜN EDÝÄNDIGIMIZE DÜŞÜNÝÄRSIŇIZ. MICROSOFT HYZMATLARYŇ TAKYKLYGYNY ÝA-DA ÖZ WAGTYNDA BOLMAGYNY KEPILLENDIRMEÝÄR. ÖZ ÝERLI KANUNLARYŇYZ ESASYNDA KÄBIR HUKUKLARYŇYZ BAR BOLUP BILER. ŞU ŞERTLERDÄKI HIÇ BIR ZAT (EGER DEGIŞLI BOLSALAR) ŞOL HUKUKLARYŇYZA TÄSIR ETMEKLIGE NIÝETLENILMEÝÄR. SIZ KOMPÝUTER WE TELEKOMMUNIKASIÝA ULGAMLARYNYŇ KEMÇILIKSIZ BOLMAÝANDYGYNY WE KÄWAGT OLARYŇ IŞLEMÄN DURÝAN DÖWÜRLERINIŇ BOLÝANDYGYNY YKRAR EDÝÄRSIŇIZ. BIZ HYZMATLARYŇ BÖKDENÇSIZ, ÖZ WAGTYNDA, HOWPSUZ WE ÝALŇYŞLYKSYZ BOLJAKDYGYNY, ŞEÝLE HEM MATERIALLARYŇ ÝITMEJEKDIGINI KEPILLENDIRMEÝÄRIS, ONDAN BAŞGA-DA, KOMPÝTER TORLARYNA BIRIKMEGI WE OLARDAN ZAT GEÇIRMEKLIGI HEM KEPILLENDIRMEÝÄRIS.
  • b. ÝERLI KANUNLARYŇYZYŇ RUGSAT BERÝÄN ÇÄGINDE, BIZ HIÇ BIR GÜMAN EDILÝÄN KEPILLIGI, ŞOL SANDA SATYŞA ÝARAMLYLYK, KANAGATLANARLY HIL, BELLI BIR MAKSADA ÝARAMLYLYK, TALABALAÝYK HILDE ÝERINE ÝETIRILENLIK WE INTELLEKTUAL EÝEÇILIK HUKUGYNYŇ BOZULMAZLYGY BOÝUNÇA KEPILLIKLERI GÖZ ÖŇÜNDE TUTMAÝARYS.
  • c. Awstraliýada ýaşaýan müşderiler üçin: Biziň harytlarymyz Awstraliýanyň müşderi kanunçylygynyň laýyklykda göz öňünde tutman bolmaýan kepillikler bilen gelýär. Siziň düýpli näsazlyk bolan ýagdaýynda harydy çalşyrmaga ýa-da tölegini yzyna almaga, şeýle hem, öňünden oýlanyşykly çak edip bolýan islendik ýitgi ýa-da zeper üçin öweztölegini almaga hukugyňyz bardyr. Eger haryt kabul ederlik hilde däl bolsa, ýöne ol düýpli näsazlyk diýlip hasap edilmese, onda harytlary abatlatmaga ýa-da täzesi bilen çalşyrtmaga hem hukugyňyz bardyr.
  • d. Täze Zelandiýada ýaşaýan müşderiler üçin. Täze Zelandiýanyň müşderi kepillkleri baradaky kanunyna laýyklykda, siziň käbir kanuny hukuklaryňyz bar bolup biler we şu Şertlerdäki hiç bir zat şol hukuklaryňyza täsir etmeklige niýetlenilmeýär.
Doly tekst
Jogapkärçiligiň çäklendirilmegiJogapkärçiligiň çäklendirilmegi13_limitationOfLiability
Gysgaça beýan

12. Jogapkärçiligiň çäklendirilmegi.

  • a. Eger degişli kanunyň rugsat berýän çägine çenli zeperleri töletmek üçin islendik bir esasyňyz (şol sanda şu Şertleriň bozulmagy) bar bolsa, onda ýitginiň ýa-da düzgün bozulmanyň bolan aýynyň dowamynda Hyzmatlar üçin tölän tölegiňize deň möçbere çenli (ýa-da eger Hyzmatlar mugt bolsa, 10 ABŞ dollaryna çenli) gönümel zeperleri Microsoft-a ýa-da onuň islendik golçur kärhanasyna, satyjylaryna, distribýutorlaryna, şeýle hem üçünji tarap programmalary we hyzmatlary üpjün edijilere töletmegiň siziň ýörite çykalgaňyz boljakdygy bilen ylalaşýarsyňyz.
  • b. Degişli kanunyň rugsat berýän çägine çenli, siz şu aşakdakylary töledip bilmeýärsiňiz: (i) netijeleýin ýitgiler ýa-da zeperler; (ii) hakyky ýa-da garaşylýan düşewündiň ýitirilmegi (gönümel ýa-da gytaklaýyn); (iii) hakyky ýa-da garaşylýan girdejiniň ýitirilmegi (gönümel ýa-da gytaklaýyn); (iv) şertnamanyň ýa-da biznesiň ýitgisi, ýa-da şahsy däl ukyplylykda Hyzmatlary ulanmagyňyzdan gelip çykýan beýleki ýitgiler ýa-da zeperler; (v) ýörite, gytaklaýyn, tötänleýin ýa-da jerimeleýin ýitgiler ýa-da zeperler; we (vi) kanunyň rugsat berýän çäginde, ýokarda 12(a) bölümde görkezilýän çäklerden geçýän gönümel ýitgiler ýa-da zeperler. Bu çäklendirmeler we kadadan çykmalar, eger bu çykalga islendik ýitgileriň doly öwezini dolmasa, ýa-da öz esasy maksadyna ýetip bilmese, ýa-da eger biz zeperleriň bolmagynyň ähtimaldygyny bilen ýa-da bilmeli bolsak, diňe şonda degişli bolýar. Kanunyň rugsat berýän maksimum çäginde, bu çäklendirmeler we kadadan çykmalar şu Şertlere, Hyzmatlara ýa-da Hyzmatlar bilen baglanyşykly programma üpjünçiligi bilen baglanyşykly izlendik zat ýa-da islendik hak islegi üçin degişlidir.
  • c. Microsoft-yň makul kontrollygynyň daşyndaky ýagdaýlar (mes. zähmet jedelleri, tebigy betbagtçylyklar, uruş ýa-da terrorçylykly hereket, zyýanly ýitgi, heläkçilikler ýa-da islendik degişli kanunyň ýa-da hökümet buýrugynyň berjaý edilmegi) tarapyndan ýüze çykan näsazlyk ýa-da gijikmeler bolan ýagdaýynda, Microsoft şu Şertlerdäki öz borçlaryny ýerine ýetirmändigi ýa-da giç ýerine ýetirendigi sebäpli jogapkärçilik çekmeýär. Microsoft islendik şeýle wakalaryň täsirlerini minimuma çenli azaltmaga we täsir astyna düşmedik borçlaryny ýerine ýetirmäge jan eder.
Doly tekst
Hyzmata mahsus şertlerHyzmata mahsus şertler14_service-SpecificTerms
Gysgaça beýan

13. Hyzmata mahsus şertler. 13-nji bölümden öňki we soňky şertler umuman ähli Hyzmatlara degişlidir. Bu bölümde umumy şertlere goşmaça hökmünde hyzmata mahsus şertler bar. Ol hyzmata mahsus şertlere umumy şertler bilen gapma-garşylyk bar bolan ýagdaýynda gollanylýar.

Doly tekst
Xbox Live we Microsoft Studios oýunlary we programmalaryXbox Live we Microsoft Studios oýunlary we programmalary14a_XboxLive
Gysgaça beýan
  • a. Xbox Live we Microsoft Studios oýunlary we programmalary.
    • i. Täjirçilik däl şahsy ulanyş. Xbox Live, Windows Live oýunlary we Microsoft Studios oýunlary, programmalary, hyzmatlary we Microsoft tarapyndan üpjün edilýän materiallar (bilelikde "Xbox hyzmatlary") diňe täjirçilik däl we şahsy maksatlar üçin ulanylmaga niýetlenilýär.
    • ii. Xbox hyzmatlary. Xbox Live-a ýazylan we/ýa-da Xbox hyzmatlaryny alan wagtyňyz, siziň oýun oýnaýşyňyz, işjeňlikleriňiz we oýunlary hem-de Xbox hyzmatlaryny ulanyşyňyz baradaky maglumat yzarlanar we ol Microsoft-yň hem-de üçünji tarap oýun üpjün edijileriň öz oýunlaryny işletmegi, şeýle hem, Xbox hyzmatlaryny üpjün etmegi üçin, degişli üçünji tarap oýun işläp düzüjiler bilen paýlaşylar. Eger Microsoft Xbox hyzmatlary hasabyňyz bilen Microsoft däl hyzmatdaky (meselem, Microsoft däl Üçünji tarap programmalaryň we hyzmatlaryň oýun neşirçisi) hasabyňyzy baglamagy saýlasaňyz, (a) Microsoft-yň çäkli hasap maglumatyny (şol sanda, ýöne diňe olar bilen çäklenmezden, oýunçy belligi, oýunçy utugy, oýun utugy, oýun taryhy we dostlar sanawy) Microsoft Gizlinlik beýannamasynda beýan edilişi ýaly, şol Microsoft däl tarap bilen paýlaşyp biljekdigi we (b) Xbox gizlinlik sazlamalaryňyzda rugsat berilýän bolsa, Microsoft däl tarapyň siz şol Microsoft däl tarap bilen hasaba gireniňizde oýun-içi ýazyşmalardan alnan Materiallaryňyza girip biljekdigi bilen ylalaşýarsyňyz. Şeýle hem, eger Xbox gizlinlik sazlamalaryňyz rugsat berýän bolsa, Microsoft siziň adyňyzy, oýunçy belligiňizi, oýunçy suratyňyzy, mottoňyzy, awataryňyzy, oýun klipleriňizi we oýnan oýunlaryňyzy rugsat berýän adamlaryňyz bilen aragatnaşyklarda neşir edip biler.
    • iii. Öz materialyňyz. Xbox hyzmatlary jemgyýetini gurmagyň bir bölegi hökmünde siz Microsoft kompaniýasyna, onuň golçur kärhanalaryna we lisenziýa berenlerine siziň materiallaryňyzy ýa-da islendik Xbox hyzmadyna goýan adyňyzy, oýunçy belligiňizi, şygaryňyzy ýa-da awataryňyzy ulanmaga, olary üýtgetmäge, köpeltmäge, paýlamaga, ýaýlyma bermäge, paýlaşmaga we görkezmäge mugt we ýer ýüzünde ýöreýän hukuk berýärsiňiz.
    • iv. Oýun menejerleri. Käbir oýunlarda oýun menejerleri we öý eýeleri bolup bilýär. Oýun menejerleri we öý eýeleri ygtyýar berlen Microsoft wekilleri däldir. Olaryň garaýyşlary hökman Microsoft-yň garaýyşlaryny görkezmeýär.
    • v. Xbox-da çagalar. Eger siz Xbox Live ulanýan çaga bolsaňyz, onda ene-ataňyz ýa-da hossaryňyz hasabyňyza gözegçilik edip we siziň Xbox Live-y ulanyşyňyz barada hasabatlary alyp biler.
    • vi. Oýun walýutasy ýa-da wirtual harytlar. Hyzmatlara wirtual oýun walýutasy degişli bolup biler (mes. altyn, teňňe ýa-da utuk), ony ýaşaýan ýeriňizde "kämillik" ýaşyna ýeten bolsaňyz, hakyky pul serişdelerini ulanyp, Microsoft-dan satyn alyp bilersiňiz. Hyzmatlara wirtual sanly zatlar we harytlar hem degişli bolup biler, olary hakyky pul serişdelerini ýa-da oýun walýutasyny ulanyp, Microsoft-dan satyn alyp bilersiňiz. Oýun walýutasyny we wirtual harytlary hiç wagt Microsoft-dan ýa-da başga bir tarapdan hakyky pul serişdelerine, harytlara ýa-da beýleki pul gymmatlyklaryna üzlüşip bolmazlygy mümkin. Oýun walýutasyny we wirtual harytlary diňe Hyzmatlarda ulanmak üçin berlen çäkli, şahsy, dolanywly, geçirip bolmaýan, sublisenzirläp bolmaýan lisenziýadan başga, siziň Hyzmatlarda görünýän ýa-da gelip çykýan şol hili oýun walýutasy ýa-da wirtual harytlar boýunça hiç hili hukugyňyz ýa-da hakyňyz, ýa-da Hyzmatlaryň ulanylmagy bilen baglanyşykly ýa-da Hyzmatlaryň içinde saklanylýan başga hiç hili atributyňyz ýokdur. Microsoft islendik wagt diňe öz pikiriçe makul görüp, oýun walýutasyny we/ýa-da wirtual harytlary düzgünleşdirip, dolandyryp, üýtgedip, we/ýa-da aradan aýryp biler.
    • vii. Programma üpjünçiligi täzelemeleri. Xbox hyzmatlaryna birigip bilýän islendik enjam üçin, biz Xbox konsoly programma üpjünçiliginiň ýa-da Xbox programmasy programma üpjünçiliginiň wersiýasyny awtomatik barlap we Xbox hyzmatlaryna girmegiňizi, ygtyýarsyz Xbox oýunlaryny ýa-da Xbox programmalaryny ulanmagyňyzy ýa-da ygtyýarsyz apparatura goşmaça enjamlary arkaly Xbox konsolyny ulanmagyňyzy bökdeýän programma üpjünçiligi täzelemeleri ýa-da düzüliş üýtgemeleri bilen bir hatarda, Xbox konsolynyň ýa-da Xbox programmasynyň programma üpjünçiligi täzelemelerini ýa-da düzüliş üýtgetmelerini awtomatik göçürip alyp bilersiňiz.
    • viii. Oýunçy bellginiň möhletiniň gutarmagy. Siz Xbox hyzmatlaryna iň bolmanda bäş ýylda bir gezek girmeli, ýogsam, hasabyňyz bilen baglanyşykly oýunçy belligine girişiňiz ýitip we ol oýunçy belligi başga kişileriň ulanmagyna elýeterli bolup biler.
    • ix. Arena. Arena Xbox hyzmaty bolup, Microsoft ýa-da üçünji bir tarap şonuň üsti bilen size bäsleşik esasly wideo oýun ýaryşlaryna gatnaşmaga ýa-da olary gurnamaga, şol ýaryşlary kämahal baýrakly gurnamaga ("Ýaryş") mümkinçilik berip biler. Arenany ulanmagyňyz şu Şertlere tabyndyr hem-de hasap açan wagtyňyz Ýaryşyň guramaçysy tarapyndan talap edilýän goşmaça Ýaryş şertlerini, kadalaryny we düzgünlerini ("Ýaryşyň şertleri") kabul etmeli bolup bilersiňiz. Haky bolmak düzgünleri degişli bolup we ýurisdiksiýa dürli-dürli bolup biler. Kanun tarapyndan gadagan edilýän ýa-da çäklendirilýän bolsa, ýaryşlar hakyky hasaplanmaýar. Bu şertleri (Özüňi alyp baryş şertlerini goşmak bilen) ýa-da Ýaryşyň şertlerini bozsaňyz, jerime edilmegi ýa-da Ýaryşdan çykarylmagyňyz mümkindir. Eger siz Ýaryş döretseňiz, Microsoft tarapyndan (diňe öz garaýşyça) şu Şertlere laýyk gelmeýär diýlip hasaplanýan Ýaryşyň şertlerini talap edip bilmersiňiz. Microsoft islendik wagt islendik Ýaryşy ýatyrmak hukugyny özünde saklaýar.
    • x. Hile we programma üpjünçiligini bozmak. Xbox hyzmatlaryna birigip bilýän islendik enjamda hile edýän ýa-da Özüňi alyp baryş şertlerini ýa-da şu Şertleri bozýan görnüşde üýtgedýän birugsat programma üpjünçiliginiň bardygyny-ýoklugyny awtomatik barlap, şeýle hem, Xbox hyzmatlaryna girmegiňiziň ýa-da hile edýän ýa-da sazlamalary bozýan programma üpjünçiligini ulanmagyňyzyň öňüni alýan Xbox programma täzelemelerini ýa-da düzülişdäki üýtgetmeleri göçürip alyp bileris.
    • xi. Mixer.
      • 1. Mixer hasaplary we Microsoft hasaplary. Mixer hyzmatyny Mixer hasaby bilen ulanýan bolsaňyz, şeýle ulanmagyňyz https://mixer.com/about/tos salgysyndaky Mixer hyzmat şertlerine tabyn bolup durýar. Mixer hyzmatyny Microsoft hasaby bilen ulanýan bolsaňyz, şeýle ulanmagyňyz hem şu Şertlere tabyn bolup durýar. Şu şertler gapma-garşylyk bar bolanda degişli bolýar.
      • 2. Mixer-däki Materialyňyz. "Mixer-däki Materialyňyz" göni ýaýlymda we taýýar ýazgydan berilýän ýaýlymlar (we olaryň içindäki sesli, wideoly we beýleki materiallar), markalaryň ady, söwda belgileri, hyzmat belgileri, söwda atlary, haryt nyşanlary ýa-da gelip çykyş indeksleri ýaly siziň ýa-da siziň adyňyzdan başga biriniň Mixer hyzmatynda döreden ähli materiallaryny, siziň Mixer kanallaryndaky teswirleriňizi, smaýlikleriňizi we işjeňligiňizi (robot tarapyndan döredilen mazmuny goşmak bilen) we olara dahylly ähli meta-maglumatlary aňladýar. Islendik adam, şol sanda Microsoft we ulanyjylar siziň Mixer hyzmatyndaky häzir bilinýän ýa-da soňra dörediljek islendik görnüşdäki, formatdaky, gurşawdaky ýa-da kanaldaky ähli materiallaryňyzy görüp, ulanyp, özünde saklap, köpeldip, üýtgedip, ýaýradyp, neşir edip, köpçülige we sanly gurşawda görkezip, terjime edip, başga zada laýyklap ýa-da başga görnüşde olardan peýdalanyp biler.
      • 3. Mixer hyzmatyna degişli Özüňi alyp baryş şertleri. Microsoft Özüňi alyp baryş şertleriniň Mixer hyzmatyna nähili degişlidigini öwrenmek üçin şu ýere basyň.
      • 4. Mixer hyzmatyny ulanmak.
        • a. Iň pes ýaş. Mixer hyzmatyny ulanmak bilen, 13 ýaşdan kiçi däldigiňizi, eger ýaşaýan ýeriňizde kämillik ýaşyna ýetmedik bolsaňyz, onda ene-ataňyzyň ýa-da kanuny hossaryňyzyň garamagynda ulanýandygyňyzy beýan edýärsiňiz.
        • b. Anonim ýa-da anonim däl ulanyş. Eger diňe materialy görmek isleseňiz, Mixer-i anonim ulanyp bilersiňiz. Başga maksatlar üçin hasap döretmeli, hasabyňyza girmeli bolarsyňyz we beýleki ulanyjylar sizi Mixer adyňyz bilen tanar.
        • ç. Anonim däl ulanyş üçin hasaplar. Mixer hyzmatlaryny öz şahsyýetiňizi mälim edip ulanmak üçin, Microsoft hasabyny we/ýa-da Mixer hasabyny döredip bilersiňiz. Onlaýn hasap açmak arkaly Mixer hasabyny döredip bilersiňiz. Siz işjeň saklamak üçin öz Mixer hasabyňyzy ulanyp durmaly. Microsoft hasabyňyz bilen baglanyşykly Mixer lakamyňyzy saklamak üçin, siz azyndan 5 ýylda bir gezek Mixer hyzmatynda hasabyňyza girmeli.
      • 5. Hyzmat habarnamalary. Eger Mixer hyzmaty barada size aýdylmaly bir zat ýüze çyksa, biz Mixer hasabyňyz we/ýa-da Microsoft hasabyňyz bilen baglanyşykly e-poçta salgysyna hyzmat habarnamalaryny ibereris.
      • 6. Goldaw. Mixer hyzmaty üçin müşderi goldawy mixer.com/contact salgysynda elýeterlidir.
Doly tekst
DükanDükan14b_Store
Gysgaça beýan
  • b. Dükan. "Dükan" sözi programmalarda ("programma" sözüne oýunlar hem degişlidir) we beýleki sanly materiallarda gezmäge, olary göçürip almaga, satyn almaga, şeýle hem, olara reýting we syn bermäge mümkinçilik berýän Hyzmatdyr. Şu Şertler Office dükanynyň, Windows dükanynyň we Xbox dükanynyň ulanylmagyny öz içine alýar. "Office dükany" diýmeklik Office, Office 365, SharePoint, Exchange, Access we Project (2013 wersiýasy ýa-da has täzesi) ýa-da Office markaly islendik tejribäni aňladýar. "Windows dükany" diýmeklik telefon, kompýuter we planşet ýaly Windows enjamlary we Windows dükany markaly islendik başga ulanyş tejribesi üçin Dükany aňladýar. "Xbox dükany" diýmeklik Xbox One we Xbox 360 konsollary, şeýle hem Xbox dükany markaly islendik başga ulanyş tejribesi üçin Dükany aňladýar.
    • i. Lisenziýa şertleri. Biz degişli Dükanda elýeterli her bir programmanyň neşirçisini anyklarys. Eger programmanyň ýany bilen başga lisenziýa şertleri berilmeýän bolsa, şu Şertleriň ahyryndaky Standart programma lisenziýasy şertleri ("SALT") siz bilen programma neşirçisiniň arasyndaky şertnama bolup, onda Windows dükanyndan ýa-da Xbox Store-dan göçürip alýan programmaňyzy ulanmagyňyzy öz içine alýan lisenziýa şertlerini düşündirýär. Düşnükli bolar ýaly, şu Şertler Microsoft hyzmatlarynyň ulanylmagyny we olaryň üpjün edýän hyzmatlaryny öz içine alýar. Şu Şertleriň 5-nji bölümi Store arkaly alynýan islendik Üçünji tarap programmalara we Hyzmatlara hem degişlidir. Office dükanyndan göçürilip alynýan programmalar SALT tarapyndan düzgünleşdirilmeýär, oňa degişli aýratyn lisenziýa şertleri bar.
    • ii. Täzelemeler. Microsoft degişli Dükana hasaba girmedik hem bolsaňyz, siziň programmalaryňyz üçin täzelemeleri awtomatik gözläp, göçürip alar. Dükan programmalaryna awtomatik täzelemeleri almak islemeseňiz, onda Dükan ýa-da ulgam sazlamalaryňyzy üýtgedip bilersiňiz. Ýöne, doly ýa-da bölekleýin onlaýn hosty bar bolan käbir Office dükany programmalarynyň islendik wagt programmany işläp düzüji tarapyndan täzelenilmegi mümkindir, täzeleme üçin siziň rugsadyňyz gerek bolman biler.
    • iii. Reýtingler we synlar. Eger Dükanda bir programma ýa-da başga sanly önüme reýting ýa-da syn berseňiz, onda size Microsoft-dan programmanyň ýa-da sanly önümiň neşirçisiniň iberen materialy bar bolan e-poçta gelmegi mümkin. Microsoft-dan islendik şeýle e-poçta gelýär; biz siziň e-poçta salgyňyzy Dükandan alan programmalaryňyzyň ýa-da beýleki sanly önümleriň neşirçileri bilen paýlaşmaýarys.
    • iv. Howpsuzlyk duýduryşy. Ähtimal şikes ýetmezligi, bimazalyk döremezligi ýa-da gözüňize zor düşmezligi üçin, oýunlary ýa-da başga programmalary ulanýan wagtyňyz, ylaýta-da, köp ulanmak sebäpli agyry ýa-da ýadawlyk duýýan bolsaňyz, wagtal-wagtal arakesme ediň. Eger bimazalyk duýsaňyz, arakesme ediň. Bimazalyga ýürek bulanma, hereket keseli, baş aýlanma, ugur ýitirme, kelleagyry, ýadawlyk, göze zor düşme ýa-da göz gurulygy degişli bolup biler. Programmalary ulanmak ünsüňizi bölüp, daş-töweregiňizi bökdäp biler. Büdräp ýykylmakdan, basgançaklardan, pes potolokdan, döwlegen ýa-da gymmatly zatlara zeper ýetirmekden ägä boluň. Örän seýrek ýagdaýda, käbir adamlar programmalarda görkezilýän çalt ýanyp-sönýän yşyklar ýa-da ülňüler ýaly käbir wizual suratlara seredip, tutgaýlary başdan geçirip biler. Hatda, öň tutgaý tutup görmedik adamlarda hem şol tutgaýlara sebäp bolýan anyklanylmadyk ýagdaý ýüze çykyp biler. Alamatlar şular bolup biler: baş aýlanma, görşüň üýtgemegi, synalaryň çekmegi, silkinmegi ýa-da titremegi, orientiriňi ýitirmek, başyň çaşmak, huşuňy ýitirmek ýa-da konwulsiýa. Şu alamatlaryň islendik birini başdan geçirseňiz, derrew ulanmagy taşlap, lukman ýüz tutuň ýa-da öň bir wagt tutgaý bilen baglanyşykly alamatlardan ejir çeken bolsaňyz, programmalary ulanmazyňyzdan öň, lukmana ýüz tutuň. Ene-atalar öz çagalarynyň programmalary ulanýan wagty şu hili alamatlaryň ýüze çykmagyna gözegçilik etmelidir.
Doly tekst
Microsoft Maşgala funksiýalaryMicrosoft Maşgala funksiýalary14c_MicrosoftFamily
Gysgaça beýan
  • c. Microsoft Maşgala funksiýalary. Ene-atalar we çagalar Microsoft Maşgala funksiýalarynyň kömegi bilen öz maşgalalarynda nähili hereketleriň, websaýtlaryň, programmadyr oýunlaryň, fiziki ýerleriň we pul sowmagyň dogry boljakdygy barada özara düşünişmek esasynda birek-birege bolan ynam döredip bilerler. Ene-atalar https://account.microsoft.com/family salgysyna baryp (ýa-da öz Windows enjamyndaky ýa-da Xbox konsolyndaky görkezmeleri berjaý edip), çagalary ýa-da başga ene-atalary çagyrmak arkaly maşgala döredip bilerler. Maşgala agzalary üçin elýeterli köp funksiýalar bar, şonuň üçin maşgala döretmäge ýa-da oňa goşulmaga ylalaşan wagtyňyz hem-de maşgala girişi üçin sanly harytlary satyn alan wagtyňyz berilýän maglumatlary üns bilen gözden geçiriň. Maşgala döretmek ýa-da oňa goşulmak bilen, siz maşgalany onuň öz maksadyna laýyk ulanmaga, şeýle hem, ony başga bir kişiniň maglumatyna bikanun girmek üçin, rugsatsyz görnüşde ulanmazlyga ylalaşýarsyňyz.
Doly tekst
Topar habarlaşygyTopar habarlaşygy14d_GroupMessaging
Gysgaça beýan
  • d. Topar habarlaşygy. Dürli Microsoft hyzmatlary size başga kişilere ses ýa-da SMS ("habarlar") arkaly habarlary ibermäge we/ýa-da Microsoft-yň we Microsoft tarapyndan dolandyrylýan affilirlenenleriň size we siziň adyňyzdan bir ýa-da birnäçe başga ulanyja şeýle habarlary ibermegine mümkinçilik berýär. HAÇAN-DA SIZE MICROSOFT-A WE MICROSOFT TARAPYNDAN DOLANDYRYLÝAN AFFILIRLENENLERE SIZE ÝA-DA BAŞGA KIŞILERE ŞEÝLE HABARLARY IBERMEGI GÖRKEZME BERENIŇIZDE, SIZ ÖZÜŇIZIŇ WE BIZIŇ HABAR IBERMEGIMIZI GÖRKEZME BEREN HER BIR KIŞIŇIZIŇ MICROSOFT-DAN WE MICROSOFT TARAPYNDAN DOLANDYRYLÝAN AFFILIRLENENLERDEN ŞEÝLE HABARLARY WE BAŞGA DAHYLLY ADMINISTRATIW TEKST HABARLARYNY ALMAGA RAZYLYK BERÝÄNDIGINI GÜWÄ GEÇIP KEPILLENDIRÝÄRSIŇIZ. "Administratiw tekst habarlary" Microsoft hyzmatyndan gelýän döwürleýin amal habarlary, şol sanda, ýöne diňe olar bilen çäklenmezden, "hoş geldiňiz habary" ýa-da habarlary almagy duruzmagy öwredýän görkezmeler bolup durýar. Siz ýa-da şeýle habarlary indi almak islemeýän topar agzalary berlen görkezmeleri berjaý etmek arkaly, Microsoft-yň we Microsoft tarapyndan dolandyrylýan affilirlenenleriň iberýän habarlaryny almagy islendik wagt ýapyp bilersiňiz. Eger indi şeýle habarlary almak ýa-da topara gatnaşmak islemeýän bolsaňyz, onda siz ony degişli programma ýa-da hyzmat tarapyndan berilýän görkezmeler arkaly ýapmaklyga ylalaşýarsyňyz. Eger indi şeýle habarlary almak ýa-da topara gatnaşmak islemeýän bir topar agzasynyň bardygyny anyk bilýän bolsaňyz, onda ony topardan aýyrmaga ylalaşýarsyňyz. Ondan başga-da, siziň we habar ibermegimizi isleýän her kişiňiziň habarlar ABŞ esasly belgilerden geçirilende ýüze çykyp biljek ähli halkara habarlaşyk tölegleri, şol sanda mobil operator tarapyndan bellenilýän ähli habarlaşyk tölegleri üçin her topar agzasynyň özüniň jogapkärçilik çekýändigine düşünýändigiňizi güwä geçip kepillendirýärsiňiz.
Doly tekst
Skype we GroupMeSkype we GroupMe14e_Skype
Gysgaça beýan
  • e. Skype we GroupMe.
    • i. Gyssagly hyzmatlara giriş ýok. Adaty telefon hyzmatlary bilen Skype-yň arasynda möhüm aratapawutlar bar. Skype hiç bir ýerli ýa-da ýurt derejesindäki kada, düzgünnama ýa-da kanun boýunça gyssagly hyzmatlary bermäge borçly däl. Skype-yň programma üpjünçiligi we önümleri hassahanalara, hukuk goraýyş edaralaryna, saglygy goraýyş edaralaryna ýa-da ulanyjyny gyssagly hyzmat işgärlerine ýa-da jemgyýetçilik howpsuzlygyna jogap beriş nokatlaryna ("Gyssagly hyzmatlar") birikdirýän islendik hyzmatlara gyssagly jaň etmekligi goldamaga ýa-da alyp barmaga niýetlenilmeýär. Siz şulary ykrar edip ylalaşýarsyňyz: (i) Gyssagly hyzmatlara giriş hödürleýän adaty simsiz (mobil) ýa-da şäher telefon hyzmatlaryny satyn almak siziň öz borjuňyzdyr, we (ii) Skype siziň esasy telefon hyzmatyňyzyň ornuny tutmaýar.
    • ii. API-ler ýa-da ýaýlym. Eger Skype-y islendik ýaýlym bilen baglanyşykly ulanmak isleseňiz, onda siz https://www.skype.com/go/legal.broadcast salgysyndaky "Ýaýlym hyzmat şertlerini" berjaý etmeli. Eger Skype tarapyndan görkezilýän ýa-da elýeterli edilýän islendik programma interfeýsini (API) ulanmak isleseňiz, onda siz www.skype.com/go/legal salgysyndaky degişli lisenziýa şertlerini berjaý etmeli.
    • iii. Adalatly ulanyş syýasatlary. Siziň Skype-y ulanmagyňyz adalatly ulanyş syýasatlaryna degişli bolup biler. Galplykdan we betniýetli ulanmakdan goramak maksady bilen işlenip düzülen bolup, size rugsat berlen jaňlaryň ýa-da hatlaryň görnüşine, wagtyna ýa-da sesine çäk goýmagy mümkin bolan şol syýasatlary gözden geçiriň. Bu syýasatlar şu ýerde salgylanmak arkaly şu Şertlere goşulýarlar. Ol syýasatlary https://www.skype.com/go/terms.fairusage/ salgysyndan tapyp bilersiňiz.
    • iv. Kartalaýyş. Skype-da size kartalaýyş hyzmatyny ulanmak arkaly maglumat tabşyrmaga ýa-da özüňiz kartada bellemäge mümkinçilik berýän funksiýalar bar. Şol funksiýalary ulanmak bilen, siz şu Şertler we https://www.google.com/intl/en_ALL/help/terms_maps.html salgysyndaky Google Kartalar şertleri ýa-da ýurduňyzdaky şeýle Google Kartalar şertleri bilen ylalaşýarsyňyz.
    • v. Hökümetden ulanyjylar. Eger ABŞ-nyň hökümetiniň ýa-da ABŞ-nyň hökümetiniň bir edarasynyň adyndan biznes hasabyny ýa-da Skype Manager ulanmak isleýän bolsaňyz, onda şu Şertler şol ulanmaklyga degişli däl. Degişli şertler ýa-da goşmaça maglumat üçin, usgovusers@skype.net salgysyna ýüz tutuň.
    • vi. Şahsy/Täjirçilik däl ulanyş. Skype-y ulanmak siziň täjirçilik däl we şahsy ulanyşyňyz üçindir. Skype-y öz biznes ýazyşmalaryňyz üçin işde ulanmagyňyza rugsat berilýär.
    • vii. Skype Belgi/Skype Ýüzugra. Eger Skype size Skype Belgini ýa-da Skype Ýüzugra belgisini üpjün edýän bolsa, onda siz şol belginiň eýesi däldigiňiz ýa-da ony hemişelik saklamaga hukugyňyz ýokdugy bilen ylalaşýarsyňyz. Käbir ýurtlarda size belgini Skype däl-de, Skype hyzmatdaşy berip biler, şonuň üçinem, şol hyzmatdaş bilen aýratyn şertnama baglaşmaly bolmagyňyz mümkin.
    • viii. Skype Manager. "Skype Manager admin hasaby" siziň Skype Manage toparynyň ýekebara administratory hökmünde döredýän we dolandyrýan hasabyňyz bolup durýar. Şahsy Microsoft hasabyňyzy Skype Manager toparyna baglap bilersiňiz ("Bagly hasap"). Siz şu Şertleri kabul eden ýagdaýlarynda öz Skype Manager toparyňyza goşmaça administratorlary hem belläp bilersiňiz. Eger Bagly hasaba Skype Belgileri berseňiz, onda siz öz Bagly hasap ulanyjylaryňyzyň ýaşaýan ýa-da ýerleşýän ýeri bilen baglanyşykly islendik talabyň berjaý edilmegine borçly bolýarsyňyz. Eger bir bagly hasaby Skype Manager toparyndan aýyrmagy saýlasaňyz, islendik berlen abunalaryň, Skype krediti ýa-da Skype belgileri alyp bolmaz, şonuň üçinem bagdan aýrylan hasap bilen baglanyşykly materiallaryňyza şondan soň girip bolmaz. Siz ähli degişli maglumat goraýyş kanunlaryna laýyklykda öz Bagly hasap ulanyjylaryňyzyň islendik şahsy maglumatynyň işlenilmegi bilen ylalaşýarsyňyz.
    • ix. Skype tölegleri. Eger başgaça görkezilmedik bolsa, tölegli Skype önümleriniň ähli bahalary ähli degişli salgytlary öz içine alýar. Abuna degişli däl telefonlara jaň edilendigi üçin tölenmeli tölegler birikme töleginden (her jaň üçin töleg) we www.skype.com/go/allrates salgysynda görkezilişi ýaly her minut başyna tarifden ybaratdyr. Jaň tölegleri siziň Skype Kredit balansyňyzdan tutulyp alnar. Skype www.skype.com/go/allrates salgysynda görkezmek bilen, size habar bermezden islendik wagt öz jaň tariflerini üýtgedip biler. Täze tarifler neşir edilen pursatyndan başlap, nobatdaky jaňyňyz üçin täze tarif ulanylar. Jaň etmänkäňiz, iň täze tarifleri barlaň. Drobly jaň minutlary we drobly tölegler indiki bitin sana tegelenýär. Käbir ýurtlarda Skype-yň tölegli önümleri Skype-yň ýerli hyzmatdaşy tarapyndan üpjün edilýär, şonuň üçinem, şeýle tranzaksiýalarda şol hyzmatdaşyň ulanyş şertleri ulanylýar.
    • x. Skype Kredit. Skype siziň Skype-yň ähli tölegli önümlerini satyn almak üçin Skype Kreditiňizi ulanyp biljekdigiňizi kepillendirmeýär. Eger Skype Kreditiňiz 180 günläp ulanmasaňyz, Skype siziň Skype Kreditiňizi işjeň däl ýagdaýa geçirýär. Skype Krediti https://www.skype.com/go/store.reactivate.credit salgysyndaky bag arkaly täzeden işjeňleşdirip bilersiňiz. Eger Ýaponiýada ýerleşýän bolsaňyz we Skype websaýtyndan Skype kreditini satyn alsaňyz, ýokardaky iki sözlem size degişli bolmaýar we Skype kreditiňiziň möhleti, satyn alnan senesinden 180 gün soň gutarýar. Kreditiňiziň möhleti gutaransoň ony gaýtadan işjeňleşdirip ýa-da ulanyp bilmersiňiz. Skype Kredit satyn alanyňyzda, degişli gutujygy belläp, Awto-dolduryş funksiýasyny işledip bilersiňiz. Eger işledilse, her gezek Skype hasap balansyňyz Skype-yň bellän çäginden pese düşende, Skype hasabyndaky balansyňyz şol bir möçber hem-de saýlap alan töleg usulyňyz bilen doldurylar. Eger kredit kartdan, PayPal-den ýa-da Moneybookers-den (Skrill) başga töleg usuly bar bolan abuna satyn alan bolsaňyz we Awto-doldurmagy işleden bolsaňyz, siziň Skype Kredit balansyňyz siziň indiki gaýtalanýan abunaňyzy satyn almak üçin gerek bolan möçberde doldurylar. Siz öz Skype hasabyňyzyň portalyna girip üýtgetmek arkaly Awto-doldurmagy islendik wagt ýapyp bilersiňiz.
    • xi. Halkara habar tölegleri. GroupMe häzirki wagtda döredilen her topar üçin ABŞ-esasly belgileri ulanýar. GroupMe belgisinde iberilýän ýa-da gelýän her bir tekst habary ABŞ-da gelýän we gidýän halkara tekst habary diýlip hasap edilýär. Degişli halkara tarifler üçin, öz üpjün edijiňize ýüz tutuň.
    • xii. Pul ibermek we almak. Pul ibermek we almak aýratynlygyny ulanmak bilen (bar bolsa), töleg hyzmatlaryny bermek we geçirimleri amala aşyrmak üçin Skype tarapyndan üçünji taraplaryň ulanylýandygyny kabul edýärsiňiz. Skype töleg hyzmatlaryny bermeýär ýa-da geçirimleri amala aşyrmaýar, ol pul hyzmatlary kärhanasy däl. Skype arkaly pul ibermek we almak diňe 18 ýaşyna ýeten we has uly ýaşdaky (ýa-da üçünji taraplaryň şertlerine laýyklykda) hem-de üçünji tarap üpjün edijisinde bellige alnan we tassyklanan ulanyjylara elýeterli bolup biler. Pul ibermek we almak aýratynlygyny ulanmak üçin üçünji taraplaryň şertlerini we düzgünlerini kabul etmeli bolup hem-de hyzmady üpjün etmegi üçin şeýle üçünji tarap bilen maglumatlary paýlaşmaga rugsat bermeli bolup bilersiňiz. Eger Skype siziň pul ibermek funksiýasyny ulanmagyňyzyň üçünji tarapyň şertlerini hem-de düzgünlerini bozýandygy barada habar alsa, Skype hasabyňyzy ýatyrmak ýa-da togtatmak ýaly çäreleri görmeli bolup biler. Skype ýa-da Microsoft üçünji taraplaryň üpjün edýän töleg hyzmatlarynyň ýa-da üçünji taraplaryň şertleriniň hem-de düzgünleriniň çäginde ýerine ýetirilen işleriň hijisi üçin hem jogapkärçilik çekmeýär. Skype pul ibermek we almak aýratynlygynyň elýeterli boljakdygyny ýa-da elýeterli bolmaga dowam etjekdigini kepillendirmeýär, beýan etmeýär ýa-da güwä geçmeýär.
Doly tekst
Bing we MSNBing we MSN14f_BingandMSN
Gysgaça beýan
  • f. Bing we MSN.
    • i. Bing we MSN materiallary. Bing-de we MSN-de elýeterli makalalar, tekstler, fotosuratlar, kartalar, wideolar, wideo-pleýerler we üçünji tarap materiallar, Microsoft botlary we programmalary tarapyndan döredilenleri hem goşmak bilen diňe täjirçilik-däl, şahsy maksatlar bilen ulanmaga niýetlenýär. Başga görnüşde ulanmaga, şol sanda ol materiallary göçürip almaga, göçürmäge ýa-da ýaýratmaga, şeýle hem şol materiallary ýa-da önümleri öz önümleriňizi gurmakda ulanmaga diňe Microsoft ýa-da hukuk eýeleri tarapyndan ýörite ygtyýar berlen ýa-da degişli awtorlyk hukugy kanuny tarapyndan ygtyýarlandyrylan çäkde rugsat berilýär. Microsoft ýa-da beýleki hukuk eýeleri gytaklaýyn, faktlara salgylanmak hukugynyň ýatyrylmagy sebäpli ýa-da başgaça görnüşde lisenziýa şertlerinde Microsoft tarapyndan aç-açan berilmedik materiala bolan ähli hukuklary özünde saklaýar.
    • ii. Bing Maps. Bizden aýratyn ýazmaça rugsat almazdan, hökümet işlerinde ulanmak maksady bilen ABŞ-nyň, Kanadanyň, Meksikanyň, Täze Zelandiýanyň, Awstraliýanyň ýa-da Ýaponiýanyň guş bakyşy suratlaryny ulanyp bilmersiňiz.
    • iii. Bing Ýerler we Bing Öndüriji merkezi. Bing Ýerlere ýa-da Bing Öndüriji merkezine Maglumatlaryňyzy ýa-da Materiallaryňyzy bereniňizde, siz Microsoft-a hyzmatyň bir bölegi hükmünde ulanmaga, täzeden ýasamaga, ýatda saklamaga, üýtgetmäge, agregirlemäge, tanyşdyrmaga, geçirmäge, görkezmäge ýa-da ýaýratmaga we şol hukuklary üçünji taraplara sublisenzirlemäge tutuş dünýäde ýöreýän, roýalti tölegsiz intellektual eýeçilik lisenziýasyny berýärsiňiz.
Doly tekst
CortanaCortana14g_Cortana
Gysgaça beýan
  • g. Cortana.
    • i. Täjirçilik däl şahsy ulanyş. Cortana hyzmaty Microsoft-yň şahsy kömekçi hyzmatydyr. Cortana tarapyndan üpjün edilýän funksiýalar, hyzmatlar, materiallar, üçünji tarap programmalary we hyzmatlary (bilelikde "Cortana hyzmatlary") diňe täjirçilik däl we şahsy maksatlar üçin ulanylmaga niýetlenýär.
    • ii. Fuksiýalary we materiallar. Cortana ençeme funksiýalary üpjün edýär, olaryň käbiri şahsylaşdyrylan bolýar. Cortana hyzmatlary beýleki Microsoft hyzmatlary ýa-da Üçünji tarap programmalar we hyzmatlar tarapyndan üpjün edilýän hyzmatlara, maglumatlara ýa-da funksiýalara girmäge mümkinçilik berip biler. 13-nji bölümiň hyzmata-mahsus Şertleri siziň Cortana hyzmatlarynyň üsti bilen girýän degişli Microsoft hyzmatlaryňyzy hem öz içine alýar. Cortana diňe meýilleşdiriş maksatlaryňyz üçin maglumat üpjün edýär, şonuň üçinem, siz ol maglumaty gözden geçirip, bil baglamak üçin öz garaşsyz pikiriňize görä hereket ediň. Microsoft Cortana tarapyndan üpjün edilýän şahsylaşdyrylan tejribeleriň ygtybarly ýa-da öz wagtynda bolmagyny kepillendirmeýär. Microsoft eger Cortana-nyň aragatnaşyk dolandyryş funksiýasy siziň bir aragatnaşygy ýa-da habarnamany almagyňyzy, gözden geçirmegiňizi ýa-da ibermegiňizi gijikdiren ýa-da bökdän ýagdaýynda jogapkärçilik çekmeýär.
    • iii. Üçünji tarap programmalary we hyzmatlary. Cortana hyzmatlaryny bermegiň bir bölegi hökmünde Cortana poçta indeksiňiz ýaly maglumatlary, üçünji tarap programmalara we hyzmatlara iberilen soraglary hem-de olardan alnan jogaplary haýyşyňyzy ýerine ýetirmek üçin, üçünji tarap programmalar we hyzmatlar bilen özara alşyp biler. Hasaplary baglamak arkaly, Cortana ulanyjylaryň üçünji tarap programmalarda gönüden-göni döreden hasap ileri tutmalaryny we sazlamalaryny ulanmak bilen, üçünji tarap programmalaryň hem-de hyzmatlaryň üsti bilen zat satyn almagyna rugsat berip biler. Ulanyjylar hasap baglamagy islendik wagt aýryp biler. Üçünji tarap programmalary we hyzmatlary ulanmagyňyz, şu Şertleriň 5-nji bölüminde ele alynýar. Üçünji tarap programmalaryň we hyzmatlaryň neşirçileri öz Üçünji tarap programmalarynyň we hyzmatlarynyň funksionallygyny ýa-da funksiýalaryny, ýa-da olaryň Cortana hyzmatlary bilen integrasiýasyny üýtgedip ýa-da ýatyryp bilerler. Programma üpjünçiligini ýa-da proşiwkany üpjün edýän öndüriji üçin Microsoft jogapkärçilik çekmeýär ýa-da maddy jogapkärçilik çekmeýär.
    • iv. Cortana işledip bilýän enjamlar. Cortana-işledilen enjamlar diýlip Cortana hyzmatlaryna ýa-da Cortana hyzmatlary bilen ylalaşykly önümlere ýa-da enjamlara girmeklik işledilen önümlere ýa-da enjamlara aýdylýar. Cortana işledip bilýän enjamlara Microsoft-yň eýeçiliginde bolmadyk, onuň tarapyndan öndürilmedik ýa-da döredilmedik üçünji tarap enjamlar ýa-da önümler degişlidir. Şol üçünji tarap enjamlar ýa-da önümler üçin Microsoft jogapkärçilik çekmeýär ýa-da borçly bolmaýar.
    • v. Programma üpjünçiligi täzelemeleri. Cortana hyzmatlaryna birigip bilýän islendik enjamda Cortana hyzmatlarynyň programma wersiýasyny awtomatik barlap, programma üpjünçiligindäki täzelemeleri ýa-da düzülişdäki üýtgetmeleri göçürip alyp, Cortana işledip bilýän enjamlaryň öndürijilerinden Cortana hyzmatlary programma üpjünçiliginiň täzelenip durmagyny talap edip bileris.
Doly tekst
Outlook.comOutlook.com14h_Outlook_com
Gysgaça beýan
  • h. Outlook.com. Outlook.com poçta gutyňyz ýa-da Microsoft hasabyňyz işjeň boldugyça, Microsoft hasabyňyzy döretmek üçin ulanýan Outlook.com (ýa-da @msn, @hotmail ýa-da @live) e-poçta salgyňyz size mahsus bolar. Eger Outlook.com poçta gutyňyz ýa-da Microsoft hasabyňyz özüňiz ýa-da şu Şertlere laýyklykda Microsoft tarapyndan ýapylsa, onda e-poçta salgysynyň ýa-da ulanyjy adynyň täzeden ulgama goşulyp, başga bir ulanyja bellenilmegi mümkindir.
Doly tekst
Office hyzmatlaryOffice hyzmatlary14i_officeBasedServices
Gysgaça beýan
  • i. Office hyzmatlary. Office 365 Home, Office 365 Personal, Office 365 University, Office Online, Sway, OneNote.com we islendik beýleki Office 365 abunasy ýa-da Office-brendli hyzmatlar siziň şahsy, täjirçilik-däl maksat bilen ulanmagyňyz üçin niýetlenilýär (eger täjirçilik maksatly ulanmak hukuklary barada Microsoft bilen aýratyn şertnama baglaşmadyk bolsaňyz).
Doly tekst
Microsoft Health hyzmatlaryMicrosoft Health hyzmatlary14j_MicrosoftHealthServices
Gysgaça beýan
  • j. Microsoft Health hyzmatlary.
    • i. HealthVault. HealthVault siziň öz şahsy saglyk bilen baglanyşykly maglumatlaryňyzy we öz razylygy esasynda, başga kişileriň (mes. maşgalaňyzyň) maglumatlaryny saklamagyňyz üçin niýetlenilýär. HealthVault hasaplary saglyk hyzmatyny üpjün edijileriň ulanmagy ýa-da islendik başga täjirçilik ýa-da şahsy maksat bilen ulanylmagy üçin däldir. Hasabyňyzdaky maglumat hemişe takyk ýa-da iň täze maglumat bolman biler, şonuň üçinem, saglyk hyzmatyny üpjün edijiler oňa diňe umumy maglumat edinmek üçin ýüzlenmelidir. HealthVault hyzmaty saglyk hyzmatyny üpjün edijiler ýa-da başga lukmançylyk ýa-da näsagyň işini alyp barmak maksatlary üçin ýazgylary saklamaýar. Meselem, HealthVault ýazgylary ABŞ-nyň düzgünnamalary esasynda kesgitlenilen bellenilen ýazgy toplumlary däldir. Eger bir saglyk hyzmatyny üpjün ediji HealthVault-daky islendik elýeterli maglumaty öz ýazgylaryna girizmek barada karara gelse, onda ol onuň nusgasyny öz ulgamynda saklamalydyr. Eger (özüňiz çagyrandygyňyz sebäpli) hasabyňyzdaky bir ýazgynyň başga-da deň hukukly saklaýjysy bar bolsa, siz ol saklaýjynyň şol ýazgynyň üstünde doly kontrollygynyň bardygyny we onuň siziň ýazga girişiňizi ýatyryp, şeýle hem, başga kişileriň ol ýazga girişini dolandyryp biljekdigini hem-de ýazgynyň maglumatyny, şol sanda onuň nähili we haçan ulanylýandygyny görüp biljekdigini ykrar edýärsiňiz. Microsoft özüne degişli däl (Microsoft däl) hasaba giriş maglumatyny (mes. Facebook we OpenID) goldamaýar, şonuň üçinem, HealthVault müşderi goldawy olara hasaba giriş meseleleri boýunça kömek edip bilmez. Eger hasaba giriş maglumatyňyzy ýitirseňiz ýa-da giriş maglumatyny alan hasabyňyz ýapylsa, onda siz öz saklaýan maglumatyňyzy dikeldip bilmersiňiz. Bökdençsiz girmegiňizi üpjün etmek üçin, biz size öz HealthVault hasabyňyz üçin birden köp giriş maglumatyny ulanmagyňyzy maslahat berýäris. Microsoft siziň ulanmagyňyz mümkin bolan Microsoft däl hasaba giriş maglumatynyň işleýşini, goldawyny ýa-da howpsuzlygyny güýje girizmeýär ýa-da dolandyrmaýar, olar boýunça jogapkärçilik hem çekmeýär.
    • ii. Microsoft Band. Microsoft Band enjamy we programmasy lukmançylyk enjamlary bolman, diňe fitnes we sagdynlyk maksatlary üçin niýetlenilýär. Olar keseli ýa-da başga ýagdaýlary anyklamak ýa-da kesel bejermek, ýeňletmek, öňüni almak ýa-da başga ýagdaýlar üçin niýetlenilmeýär we şol maksatlar bilen ulanylmaýar. Microsoft Band-dan alýan maglumatyňyz esasynda kabul edýän hiç bir çözgüdiňiz üçin Microsoft jogapkärçilik çekmeýär.
Doly tekst
Sanly harytlarSanly harytlar14k_DigitalGoods
Gysgaça beýan
  • k. Sanly harytlar. Microsoft Groove, Microsoft Kino-TW, Dükan we islendik başga dahylly we geljekki hyzmatlar arkaly, Microsoft size aýdym-saz, surat, wideo, tekst, kitap, oýun ýa-da başga material ("Sanly harytlar") almaga, diňlemäge, görmäge, goýbermäge ýa-da okamaga (ýagdaýa görä) mümkinçilik berip biler, olary sanly görnüşde almagyňyz mümkin. Sanly harytlar diňe şahsy, täjirçilik däl güýmenje maksatly ulanmagyňyz üçin niýetlenilýär. Siz Sanly harytlaryň hiç bir nusgasyny ýaýratmazlyga, ýaýlyma goýbermezlige, köpçülikde ýerine ýetirmezlige, köpçülikde görkezmezlige ýa-da geçirmezlige ylalaşýarsyňyz. Sanly harytlaryň eýesi Microsoft ýa-da üçünji taraplar bolup biler. Ähli ýagdaýlarda, siz Sanly harytlara bolan hukuklaryňyzyň şu Şertler, awtorlyk hukugy kanuny we https://go.microsoft.com/fwlink/p/?LinkId=723143 salgysynda ýerleşýän ulanyş kadalary tarapyndan çäklendirilýändigine düşünip, ykrar edýärsiňiz. Siz Hyzmatlar arkaly alnan hiç bir Sanly harydy islendik bir sebäp bilen, şol sanda Sanly harytlaryň eýeçiligini ýa-da çeşmesini gizlemek ýa-da üýtgetmek maksady bilen, özgertmäge synanyşmazlyga ylalaşýarsyňyz. Microsoft ýa-da Sanly harytlaryň eýeleri wagtal-wagtal Sanly harytlary, habar bermezden, Hyzmatlardan aýryp biler.
Doly tekst
OneDriveOneDrive14l_OneDrive
Gysgaça beýan
  • l. OneDrive.
    • i. Ammar bölüp bermek. Eger OneDrive hasabyňyzda mugt ýa-da tölegli OneDrive abuna hyzmatyňyzyň şertlerinde görkezilýänden has köp material bar bolsa we siz Microsoft-yň bildirişi esasynda artykmaç materialy aýyrmaýan ýa-da has uly ammarly täze abuna tarifine geçmeýän bolsaňyz, biz siziň hasabyňyzy ýapmak we OneDrive-daky materiallaryňyza girişi ýoklamak ýa-da ýapmak hukugymyzy saklap galýarys.
    • ii. Hyzmat öndürijiligi. Enjamlaryňyz, internet birikmäňiz ýaly faktorlara, şeýle hem, Microsoft-yň öz hyzmatynyň öndürijiligini we bitewiligini saklamak üçin edýän tagallalaryna baglylykda, siz käwagt OneDrive-da material ýüklemekde ýa-da sinhronlamakda gijikmelere duş gelip bilersiňiz.
Doly tekst
Microsoft RewardsMicrosoft Rewards14m_MicrosoftRewards
Gysgaça beýan
  • m. Microsoft Rewards.
    • i. Programma. Microsoft Rewards ("Programma") size ýokary hilli gözlegler, alyşlar, Microsoft Edge-de işjeň gezilen wagt ýaly işjeňlikler üçin üzlüşilýän utuklary, şeýle hem, Microsoft-dan beýleki teklipleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Teklipler bazara görä dürlüçe bolup biler. Gözleg ýekebara ulanyjynyň öz gözleg-agtaryş maksatlary esasynda Bing gözleg netijelerini almak üçin ýagşy niýet bilen elin tekst girizmek hereketi bolup durýar we ol bot, makros ýa-da başga awtomatlaşdyrylan ýa-da galp serişdeler arkaly girizilen hiç hili soraglary öz içine almaýar ("Gözleg"). Alyş diýlip, haryt satyn almak ýa-da mugt ýa-da tölegli, tapawudy ýok, Microsoft-dan sanly material üçin lisenziýa göçürip almak we edinmek hereketine aýdylýar ("Alyş"). Rewards utuklary Microsoft-dan her bir satyn alyş üçin teklip edilmeýär. Microsoft Edge bilen işjeň gezmek diýmek, brauzeriňiz enjamyňyzyň ekranynda görünýän görnüşde (meselem açyk we Microsoft Edge şekiljiginiň tabşyryk zolagynda, programmanyň şol pursatda ulanylýandygyny görkezýän görnüşde ýagtyldylgy) bolup, brauzeri websaýtlary görmek, wideo tomaşa etmek, e-poçtalary barlamak we brauzerleriň ulanylýan başga görnüşlerinde ulanmagy aňladýar. Microsoft Edge ulanmak arkaly utuk gazanmak üçin, Bing brauzeriň standart gözleg motory edilip bellenilen bolmaly we Windows sazlamalaryňyzda telemetriýa işledilgi bolmaly. Microsoft wagtal-wagtal utuk gazanmak üçin goşmaça mümkinçilikleri hödürläp biler we hiç bir utuk-gazandyryjy teklip hemişelik elýeterli bolmaz. Gazanan utuklaryňyzy üzlüşik sahypasyndaky zatlar ("Rewards") üçin üzlüşip bolýar. Goşmaça maglumat üçin, support.microsoft.com ("ÝSS") salgysyndaky Rewards bölümine serediň.
      • 1. Programma talaplary. Size dogry Microsoft hasaby gerek we enjamlaryňyz minimum ulgam talaplaryna laýyk gelmeli. Programma ÝSS sahypasynda görkezilýän bazarlarda ýaşaýan ulanyjylar üçin açykdyr. Bir adamda birnäçe e-poçta salgysy bar hem bolsa, ýekebara adamlaryň birden köp Programma hasaby bolup bilmeýär we hojalyklar alty sany hasap bilen çäklendirilýär. Programma diňe siziň şahsy we täjirçilik-däl maksatly ulanmagyňyz üçindir.
      • 2. Utuklar. Üzlüşik merkezinde görkezilýän peýda maksatly däl gurama bagyşlaýan utuklaryňyzdan başga hiç bir utugy geçirip bilmeýärsiňiz. Utuklar siziň şahsy emlägiňiz däldir we olaryň deregine hiç hili nagt serişde ýa-da pul almagyňyza rugsat berilmeýär. Utuklar size höweslendirme esasly sylag berilýär. Utuklary satyn alyp bilmeýärsiňiz. Microsoft utuklaryň ýa-da Reward-laryň mukdaryna adam başyna, hojalyk başyna ýa-da bellenilen möhlete (mes., gün) görä çäk goýup biler. Programmada her senenama ýyly başyna 550 000 utukdan köp üzlüşmegiňize rugsat berilmeýär. Programmada gazanylan utuklar Microsoft ýa-da üçünji taraplar tarapyndan hödürlenilýän başga hiç bir programmada ýöremeýär we olary şeýle programmalar bilen bilelikde ulanmak bolmaýar. 18 aýyň dowamynda hiç utuk gazanmasaňyz ýa-da üzlüşmeseňiz üzlüşilmedik utuklaryň möhleti geçýär.
      • 3. Rewards. Utuklaryňyzy üzlüşik merkezine baryp üzlüşip bilersiňiz ýa-da utuklary sanawda görkezilýän peýda maksatly däl gurama goşant edip bilersiňiz. Belli bir Reward-yň çäkli möçberi elýeterli bolup biler we şol Reward-lar öň-gelen-almaşak esasynda üpjün ediler. Sizden poçta salgyňyz we telefon belgiňiz (VOIP ýa-da tölegsiz belgi däl) ýaly goşmaça maglumat bermegiňiz soralmagy mümkin, şeýle hem, sizden galplygyň öňüni alyş koduny girizmegiňiz ýa-da Rewards-a utuklary üzlüşmek üçin goşmaça ýuridik resminamalara gol çekmegiňiz hem soralyp biler. Reward-y bir sarganyňyzdan soň, ony ýatyryp ýa-da utuklary yzyna almak üçin gaýtaryp bilmeýärsiňiz, ýöne önüm kemçilikli bolsa ýa-da degişli kanunda talap edilýän bolsa, bu düzgün ýöremeýär. Eger ammarda gutaran ýa-da Microsoft-yň diňe öz garaýşyça kesgitleýän başga bir ýagdaýy sebäpli elýeterli däl Reward-y sargasaňyz, biziň şonuň bahasyna barabar bolan başga bir Reward bermegimiz ýa-da utuklaryňyzy yzyna gaýtarmagymyz mümkin. Microsoft üzlüşik merkezinde hödürlenilýän Reward-lary täzeläp ýa-da käbir Reward-lary hödürlemegi bes edip biler. Käbir Reward-larda ýaş hukugy barada talaplar hem bar bolup biler. Islendik şeýle talaplar degişli teklibe giriziler. Siz Reward-y kabul etmegiň we ulanmagyň ähli federal, ştat we ýerli salgytlary hem-de islendik beýleki çykdajylary üçin jogapkärçilik çekýärsiňiz. Reward-lar Reward-yňyzy sargan wagtyňyz berýän e-poçta salgyňyza e-poçta bilen iberiler, şonuň üçinem, e-poçta salgyňyzy täzelenen saklaň. Barmaly salgysyna gowşuryp bolmaýan Reward-lar gaýtadan berilmez, şonuň üçinem, olar muzdsuz yzyna alynýar. Reward-lary satmak bolmaýar.
      • 4. Programma gatnaşmagyňyzy ýatyrmak. 18 aýylk möhletiň dowamynda azyndan bir gezek girmeseňiz, Programma hasabyňyz ýatyrylar. Ondan başga-da, Programma aldaw salmak, ony betniýetli ulanmak ýa-da galplaşdyrmak ýa-da şu Şertleri bozmak sebäpli, Microsoft belli bir ulanyjynyň Programma hasabyny ýatyrmaga bolan hukugyny saklap galýar. Programma ýatyrylansoň (siz ýa-da biz tarapyndan) ýa-da Programma togtadylsa, utuklary üzlüşmek üçin 90 gün wagtyňyz bolar; ýogsam, ol utuklar muzdsuz yzyna alnar. Ýatyrylan pursadynda, siziň Programmany ulanmaga we geljekki utuklary almaga bolan hukugyňyz gutarýar.
      • 5. Beýleki şertler. Microsoft Programmanyň islendik bir aspektine aldaw salýanyňyza ýa-da ony betniýetli ulanýanyňyza ýa-da şu Şertleri bozýan işjeňliklere ýüz urýanyňyza ynansa, sizi diskwalifisirlemäge; Programma ýa-da Rewards hasabyňyza girişiňizi ýapmaga; we/ýa-da utuklaryňyzy, Reward-laryňyzy we haýyr-sahawat goşantlaryňyzy saklamaga bolan hukugyny saklap galýar.
Doly tekst
Beýleki düzgünlerBeýleki düzgünler16_17_18_miscellaneous
Gysgaça beýan

14. Beýleki düzgünler. Şu bölüm we 1-nji, 9-njy (şu Şertleriň möhleti gutarmanka çekilen möçberler üçin), 10, 11, 12, 15, 17-nji bölümler we şu Şertleriň möhleti gutaransoň hem ulanylýan şertleri bar bolan bölümler şu Şertleriň ýatyrylan ýagdaýynda hem öz güýçlerini saklap galýarlar. Degişli kanunda rugsat berilýän çäge çenli, biz size habar bermezden islendik wagt, tutuşlygyna ýa-da bölekleýin, şu Şertleri başga birine bermäge, şu Şertler boýunça borçlarymyzy kömekçi potratça bermäge ýa-da şu Şertler boýunça öz hukuklarymyzy sublisenzirlemäge hakymyz bardyr. Siziň şu Şertleri başga kişä bermäge ýa-da Hyzmatlary ulanmaga bolan islendik hukuklary geçirmäge hakyňyz ýokdur. Bu şertnama siz bilen Microsoft-yň arasynda Hyzmatlary ulanmagyňyz üçin bitewi şertnamadyr. Ol siz bilen Microsoft-yň arasynda Hyzmatlary ulanmagyňyz üçin baglaşan ozalky islendik şertnamaňyzy çalşyrýar. Şu Şertleri baglaşan wagtyňyz, siz şu Şertlerde aç-açan beýan edilýänden başga hiç bir beýannama, kabul etmeklige, kepillige, düşünmeklige, boýun almaklyga, söz bermeklige ýa-da güwä geçmeklige bil baglamadyňyz. Şu Şertleriň ähli bölekleri degişli kanunyň rugsat berýän maksimum çäginde degişli bolup durýar. Eger kazyýet ýa-da arbitr biziň şu Şertleriň käbir böleklerini ýazylyşy ýaly güýje girizip bilmejekdigimizi karar etse, onda biz degişli kanunyň güýje girizip bilýän çäginde, şol şertleri başga meňzeş şertler bilen çalşyrarys, ýöne ol Şertleriň galany üýtgemez. Şu Şertler diňe siziň we biziň bähbidimiz üçindir. Şu Şertler başga hiç kimiň (Microsoft-yň mirasdüşerleri we hukuk mirasçylary degişli däl) bähbidi üçin däldir. Bölümleriň atlary diňe salgylanmak maksady bilendir we hiç hili ýuridiki güýji ýokdur.

15. Hak isleglerini bir ýylyň dowamynda tabşyrmaly. Eger ýerli kanunyňyz hak islegini bermek üçin has uzyn möhlet berilmegini talap etmeýän bolsa, onda şu Şertler ýa-da Hyzmatlar bilen baglanyşykly islendik hak islegini kazyýete (ýa-da eger 10(d) bölüm degişli bolsa, arbitraža) şol hak islegini ilkinji tabşyrmaly günüňizden başlap bir ýylyň dowamynda tabşyrmaly. Eger şol möhletiň dowamynda tabşyrmasaňyz, ol hemişelik gadagan ediler.

16. Eksport kanunlary. Siz ahyrky barmaly ýerleri, ahyrky ulanyjylar we ahyrky ulanyşy öz içine alýan, programma üpjünçiligine we/ýa-da Hyzmatlara degişli ähli içerki we halkara eksport kanunlaryna we düzgünnamalaryna laýyk hereket etmeli. Geografik we eksport çäklendirmeleri barada goşmaça maglumat almak üçin, https://go.microsoft.com/fwlink/?linkid=868968 we https://www.microsoft.com/exporting salgylaryna baryň.

17. Hukuklary özünde saklamak we seslenme. Microsoft şu şertlerde aç-açan görkezilenlerden başga Microsoft ýa-da islendik degişli gurama tarapyndan eýeçilik edilýän ýa-da dolandyrylýan islendik patent, nou-hau, awtorlyk hukuklary, söwda syrlary, söwda belgileri we islendik at, söwda gaby, nyşany ýa-da meňzeşleri hem goşmak bilen, emma bular bilen çäklenmeýän intellektual eýeçilik üçin ygtyýarnama ýa-da hukuk bermeýär. Eger Microsoft kompaniýasyna täze önümler, tehnologiýalar, ösdürmeler, önümleriň ady, önüm seslenmesi we önümlerde kämilleşdirme ýaly, emma bular bilen çäklenmeýän islendik pikir, teklip ýa-da seslenme ("Seslenme") berseňiz, Microsoft-a hiç hili tölegsiz, kärendesiz, siziň öňüňizde başga borçnamasyz seslenmäňizi ýasamaga, şolardan ylham alýan işleri döretmäge, ulanmaga, paýlaşmaga, islendik usulda we islendik maksat üçin täjirçilik niýetli ulanmaga hukuk berýärsiňiz. Microsoft-yň siziň seslenmäňizi goşan ýagdaýynda üçünji taraplaryň programma üpjünçiligine, tehnologiýalaryna ýa-da resminamalaryna lisenziýa almagyny talap edýän seslenmäňizi Microsoft-a bermersiňiz.

Doly tekst
BILDIRIŞLERBILDIRIŞLERNOTICES
Gysgaça beýan

Intellektual eýeçilik hukuklarynyň bozulandygy barada hak isleglerini bildirmegiň bildirişleri we prosedurasy. Microsoft üçünji taraplaryň intellektual eýeçilik hukuklaryna hormat goýýar. Eger intellektual eýeçilik hukugynyň bozulandygy barada bildiriş, şol sanda awtorlyk hukugynyň bozulmagy boýunça hak islegini ibermek isleýän bolsaňyz, onda Düzgün bozulma bildirişlerini tabşyrmak boýunça proseduramyzy ulanyň. ŞU PROSEDURA LAÝYKLYKDA TAÝÝARLANYLMADYK SORAG-TALAPLARA JOGAP BERILMEZ.

Microsoft awtorlyk hukugynyň bozulmagy baradaky bildirişlere jogap bermek üçin, ABŞ-nyň Kodeksiniň 512-nji bölüminiň 17-nji maddasyndan bellenilen prosesleri ulanýar. Degişli bolan ýagdaýlarynda Microsoft-yň gaýta-gaýta düzgüni bozan Microsoft hyzmaty ulanyjylarynyň hasaplaryny ýapmagy ýa-da ýatyrmagy hem mümkindir.

Reklama ýerleşdirilende intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak bilen baglanyşykly bildirişler we proseduralar. Biziň reklama torumyzda intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak bilen baglanyşykly maglumatlar üçin Intellektual eýeçilik hukuklary gollanmamyzy gözden geçiriň.

Awtorlyk hukugy we söwda belgileri barada bildirişler. Hyzmatlar üçin awtorlyk hukugy © 2018 Microsoft Corporation we/ýa-da onuň üpjün edijileri, One Microsoft Way, Redmond, WA 98052, U.S.A. Ähli hukuklary goralýar. Microsoft, şeýle hem, ähli Microsoft önümleriniň, programma üpjünçiliginiň we hyzmatlarynyň atlary, logotipleri (emblemalary) we şekiljikleri ABŞ-da we/ýa-da beýleki ýurtlarda Microsoft-yň söwda belgileri ýa-da bellige alnan söwda belgileri bolup biler. Hakyky kompaniýalaryň we önümleriň atlary öz degişli eýeleriniň söwda belgileri bolup biler. Şu Şertlerde aç-açan berilmeýän islendik hukuklar goralýar. Käbir Microsoft websaýt serwerlerinde ulanylýan käbir programma üpjünçilikleri kem-käsleýin Independent JPEG Group kompaniýasynyň işläp düzmekligine esaslanýar. Awtorlyk hukugy © 1991-1996 Thomas G. Lane. Ähli hukuklary goralýar. Käbir Microsoft websaýt serwerlerinde ulanylýan "gnuplot" programma üpjünçiligi üçin awtorlyk hukugy © 1986‑1993 Thomas Williams, Colin Kelley. Ähli hukuklary goralýar.

Lukmançylyk bildirişi. Microsoft hiç hili lukmançylyk maslahatyny, anyklamasyny ýa-da bejergisini, ýa-da saglygy goramak boýunça hiç hili maslahaty, anyklamagy ýa-da bejergini üpjün etmeýär. Lukmançylyk ýagdaýy, berhizler, fitnes (bedenterbiýe) ýa-da sagaldyş programmasy boýunça özüňizde ýüze çykyp biljek islendik soraglar üçin hemişe öz lukmanyňyza ýa-da başga kwalifisirlenen saglygy goraýyş işgärine maslahat sorap, ýüz tutuň. Hiç haçan, Hyzmatlardan ýa-da Hyzmatlar arkaly alan maglumatyňyz sebäpli, professional lukmançylyk maslahatyny almakdan gaça durmaň ýa-da lukmançylyk maslahatyna ýüz tutmagy gaýra goýmaň.

Paýnama nyrhlary we indeksler (şol sanda indeks bahalary) barada maglumat. © 2013 Morningstar, Inc. Ähli hukuklary goralýar. Şu resminamada bar bolan maglumatlar: (1) Morningstar-yň we/ýa-da onuň material üpjün edijileriniň eýeçiligi bolup durýar; (2) olary nusgalamak/göçürmek ýa-da ýaýratmak gadagan; we (3) olaryň takyk, doly ýa-da öz wagtynda bolmagy kepillendirilmeýär. Şol maglumatlaryň ulanylmagyndan gelip çykýan islendik zeperler ýa-da ýitgiler üçin Morningstar we onuň material üpjün edijileri jogap bermeýär. Geçmişdäki netijeli öndürijilik netijeleriň geljekde-de kanagatlanarly boljakdygy kepillendirmeýär.

Dow Jones kompaniýasy bilen aýratyn ylalaşyk baglaşmazdan, islendik maliýe instrumentini ýa-da maýa goýum önümlerini (mes. instrumentiň ýa-da maýa goýum önüminiň bahasy, düşewündi we/ýa-da önümliligi islendik indekslere ýa-da indeks görkezijilerine, ýa-da şolar bilen baglanyşykly ýa-da şolary yzarlamaga niýetlenilýän ýagdaýda bolup durýan önüm maliýe instrumentleri, strukturirlenen önümler, maýa goýum fondlary, birža fondlary, maýa goýum portfelleri we ş.m.) çykarmak, döretmek, hemaýat bermek, söwdasyny etmek, marketing etmek ýa-da öňe sürmek maksady bilen islendik Dow Jones indeksiniSM, indeks maglumatlaryny, ýa-da Dow Jones belgilerini (markalaryny) ulanmagyňyz gadagan edilýär.

Maliýe bildirişi. Microsoft ABŞ-nyň Gymmatbaha kagyzlar baradaky federal kanunyna ýa-da başga ýurtlaryň gymmatbaha kagyzlar baradaky kanunlaryna laýyklykda broker/diler (araçy) ýa-da bellige alnan maýa goýum maslahatçysy däldir, şonuň üçinem, ol fiziki şahslara pul goýmak, gymmatbaha kagyzlary satyn almak ýa-da satmak, ýa-da başga maliýe önümleri ýa-da hyzmatlary boýunça maslahatlary bermeýär. Hyzmatlaryň düzümindäki hiç bir zat haýsydyr bir gymmatbaha kagyzy satyn almak ýa-da satmak boýunça teklip ýa-da çagyryş däldir. Microsoft, şeýle hem, birža nyrhlary ýa-da indeks maglumaty boýunça onuň lisenziarlary islendik belli bir maliýe önümlerini we hyzmatlaryny goldamaýar we maslahat bermeýär. Hyzmatlaryň düzümindäki hiç bir zat professional maslahat, şol sanda, ýöne olar bilen çäklenmezden, maýa goýumlar ýa-da salgyt boýunça maslahat hökmünde ulanylmaga niýetlenilmeýär.

H.264/AVC, MPEG-4 Visual we VC-1 wideo standartlary barada bildiriş. Programma üpjünçiliginde MPEG LA, L.L.C. tarapyndan lisenzirlenen bolmagy mümkin H.264/AVC, MPEG-4 Visual we/ýa-da VC-1 kodek tehnologiýasy bar bolup biler. Ol tehnologiýa wideo maglumaty gysyş formaty bolup durýar. MPEG LA, L.L.C. şu aşakdaky bildiriş girizilmegini talap edýär:

BU ÖNÜM TÄJIRÇILIK DÄL WE ŞAHSY ULANMAKLYK ÜÇIN, H.264/AVC, MPEG-4 VISUAL WE THE VC-1 TEHNOLOGIÝALARYNYŇ PATENT PORTFELI LISENZIÝALARYNA LAÝYKLYKDA (A) WIDEONY STANDARTLARA (“WIDEO STANDARTLARY”) LAÝYKLYKDA KODLAMAK WE/ÝA-DA (B) TÄJIRÇILIK DÄL WE ŞAHSY IŞE BAŞ GOŞAN MÜŞDERI TARAPYNDAN KODLANAN WE/ÝA-DA ŞOL HILI WIDEONY ÜPJÜN ETMÄGE LISENZIRLENEN WIDEO ÜPJÜN EDIJIDEN ALNAN H.264/AVC, MPEG-4 VISUAL WE VC-1 WIDEONYŇ KODUNY ÇÖZMEK (DEKODIRLEMEK) ÜÇIN LISENZIRLENILÝÄR. ÝEKE HARYT HÖKMÜNDE ŞU PROGRAMMA ÜPJÜNÇILIGI BILEN BILELIKDE ÜPJÜN EDILÝÄN-DE BOLSA, LISENZIÝALARYŇ HIÇ BIRI BAŞGA HIÇ BIR ÖNÜMI ÖZ IÇINE ALMAÝAR. LISENZIÝALARYŇ HIÇ BIRI BAŞGA ISLENDIK MAKSAT BILEN ULANYLMAÝAR ÝA-DA ULANYLMALYDYR ÖÝDÜLMEÝÄR. GOŞMAÇA MAGLUMATY MPEG LA, L.L.C. KOMPANIÝASYNDAN ALMAK MÜMKIN. SEREDEŇI: MPEG LA WEBSAÝTY.

Bu bildiriş diňe aç-açan düşündirmek üçin niýetlenilip, ol şu Şertlere laýyklykda üpjün edilýän programma üpjünçiliginiň (i) programma üpjünçiliginiň üçünji taraplara ýaýradylmagyny, ýa-da (ii) üçünji taraplara ýaýratmak üçin, WIDEO STANDARTLAR bilen ylalaşykly tehnologiýalaryň kömegi bilen materiallaryň döredilmegini öz içine almaýan görnüşde, kärhananyň içerki biznes-maksatlary üçin ulanylmagyny çäklendirmeýär we gadagan etmeýär.

Doly tekst
STANDART PROGRAMMA LISENZIÝASY ŞERTLERISTANDART PROGRAMMA LISENZIÝASY ŞERTLERISTANDARDAPPLICATIONLICENSETERMS
Gysgaça beýan

STANDART PROGRAMMA LISENZIÝASY ŞERTLERI

MICROSOFT STORE, WINDOWS STORE WE XBOX STORE

Bu lisenziýa şertleri siziň bilen programmanyň neşirçisiniň arasyndaky ylalaşyk bolup durýar. Olary üns bilen okaň. Olar Microsoft Store-dan, Windows Store-dan ýa-da Xbox Store-dan (şu lisenziýa şertlerinde olaryň her birine "Store" diýilýär) göçürip alýan programma üpjünçiligi programmalaryňyza, şol sanda, eger programma özbaşdak şertler bilen gelmeýän bolsa (onda şol şertler hereket edýär), programma üçin islendik täzelemelere ýa-da goşmaçalara degişlidir.

PROGRAMMANY GÖÇÜRIP ALMAK ÝA-DA ULANMAK, ÝA-DA ŞOLARYŇ ISLENDIK BIRINE SYNANYŞMAK BILEN, SIZ ŞU ŞERTLERI KABUL EDÝÄRSIŇIZ. EGER OLARY KABUL ETMEÝÄN BOLSAŇYZ, ONDA SIZIŇ PROGRAMMANY GÖÇÜRIP ALMAGA ÝA-DA ULANMAGA HUKUGYŇYZ ÝOKDUR WE SIZ OŇA SYNANYŞMALY DÄL.

Programmanyň neşirçisi diýlip, Store-da kimdigi görkezilýän, programmany size lisenzirleýän şahsa aýdylýar.

Eger şu şertleri berjaý etseňiz, onda size şu aşakdaky hukuklar berilýär.

  • 1. GURNAÝYŞ WE ULANYŞ HUKUKLARY; HEREKET EDÝÄN MÖHLETIŇ GUTARMAGY. Microsoft-yň Ulanyş kadalarynda beýan edilişi ýaly, programmany Windows enjamlarynda ýa-da Xbox konsollarynda gurnap we ulanyp bilersiňiz. Microsoft Microsoft-yň Ulanyş kadalaryny islendik wagt üýtgetmek hukugyny özünde saklaýar.
  • 2. INTERNET ESASLY HYZMATLAR.
    • a. Internet esasly ýa-da simsiz hyzmatlar üçin razylyk. Eger programma kompýuter ulgamlaryna internet arkaly baglanýan bolsa (oňa simsiz tor hem degişli bolup biler), onda programmanyň ulanylmagy siziň internet esasly ýa-da simsiz hyzmatlar üçin standart enjam maglumatynyň (şol sanda, ýöne diňe olar bilen çäklenmezden, enjamyňyz, ulgam we programma üpjünçiligi hem-de goşmaça gurluşlar barada tehniki maglumatyň) geçirilmegine razylyk berýändigiňiz hökmünde kabul edilýär. Eger programmanyň üsti bilen girýän hyzmatlaryňyzy ulanmagyňyz bilen baglanyşykly başga şertler görkezilýän bolsa, onda şol şertler hem degişli bolýar.
    • b. Internet esasly hyzmatlaryň birugsat ulanylmagy. Internet esasly hyzmaty onuň özüne zeper ýetirjek ýa-da başga biriniň ony ýa-da simsiz tory ulanmagyna ýaramaz täsir etjek islendik bir görnüşde ulanmagyňyz gadagan edilýär. Hyzmaty islendik bir hyzmata, maglumata, hasaba ýa-da tora islendik bir görnüşde birugsat girmek üçin ulanjak bolmagyňyz gadagan edilýär.
  • 3. LISENZIÝANYŇ GÖWRÜMI. Bu programma satylmaýar-da, lisenzirlenilýär. Bu ylalaşyk size bu programmany ulanmak üçin diňe käbir hukuklary berýär. Eger Microsoft bilen ylalaşygyňyza laýyklykda, Microsoft siziň enjamyňyzda programmalary ulanmak mümkinçiligiňizi ýapsa, onda ähli baglanyşykly lisenziýa hukuklary ýatyrylar. Programmanyň neşirçisi ähli beýleki hukuklary özünde saklaýar. Eger degişli kanun şu çäklendirmä garamazdan size has köp hukuk bermeýän bolsa, onda siz bu programmany diňe şu ylalaşykda aç-açan rugsat berilýän çäkde ulanyp bilersiňiz. Şonda siz programmadaky siziň programmany diňe belli-belli görnüşlerde ulanmagyňyza rugsat berýän islendik tehniki çäklendirmeleri berjaý etmeli. Siziň şulara hukugyňyz ýokdur:
    • a. Programmadaky islendik tehniki çäklendirmäniň daşyndan aýlanyp geçmek.
    • b. Programmanyň tehnologiýasyny öwrenmek, ony dekomplirlemek ýa-da deassemblirlemek (eger-de, şu çäklendirmä garamazdan, degişli kanun aç-açan rugsat bermeýän bolsa).
    • c. Programmanyň şu ylalaşykda görkezilýän möçberden ýa-da şu çäklendirmä garamazdan, degişli kanunyň rugsat berýän möçberinden has köp nusgasyny döretmek.
    • d. Programmany neşir etmek ýa-da başgaça görnüşde başga kişileriň göçürmegine elýeterli etmek.
    • e. Programmany kireýne, kärendesine ýa-da wagtlaýyn ulanmaga bermek.
    • f. Programmany ýa-da şu ylalaşygy islendik bir üçünji tarapa geçirmek.
  • 4. RESMINAMALAR. Eger programmanyň ýany bilen resminamalar berilse, olary salgylanyş materiallary hökmünde öz şahsy maksatlaryňyz üçin nusgalap we ulanyp bilersiňiz.
  • 5. TEHNOLGIK WE EKSPORT ÇÄKLENDIRMELERI. Programma ABŞ-nyň ýa-da halkara tehnologiýa gözegçilik ýa-da eksport kanunçylygyna we düzgünnamalaryna degişli bolup biler. Siz programmada ulanylýan ýa-da ol tarapyndan goldanylýan tehnologiýanyň degişli bolup durýan ähli içerki we halkara eksport kanunlaryny we düzgünnamalaryny berjaý etmeli. Ol kanunlar sebitler, ahyrky ulanyjylar we ahyrky ulanylyş boýunça çäklendirmeleri öz içine alýar. Microsoft markaly önümler barada goşmaça maglumat üçin, Microsoft eksport websaýtyna baryň.
  • 6. GOLDAW HYZMATLARY. Nähili goldaw hyzmatlarynyň elýeterlidigini bilmek üçin, programmanyň neşirçisine ýüz tutuň. Microsoft, apparaturalaryň öndürijisi we simsiz toruň operatory (eger olaryň biri programmanyň neşirçisi däl bolsa) şu programma üçin goldaw hyzmatlaryny üpjün etmeklige jogapkärçilik çekmeýär.
  • 7. TUTUŞ YLALAŞYK. Bu ylalaşyk, islendik degişli gizlinlik syýasaty, programmanyň ýany bilen gelýän islendik goşmaça şertler, şeýle hem, goşmaça komponentleri we täzelemeleri düzgünleşdirýän şertler şu programma boýunça siz bilen programmanyň neşirçisiniň arasyndaky tutuş ylalaşyk bolup durýar.
  • 8. DEGIŞLI KANUN.
    • a. ABŞ we Kanada. Eger programmany ABŞ-da ýa-da Kanadada alan bolsaňyz, öz ýaşaýan (ýa-da, biznes bolsa, esasy biznesiňiziň ýerleşýän ýeri bolan) ştatyň ýa-da prowinsiýanyň kanunlary şu ylalaşygyň düşündirilişini düzgünleşdirýär we kanun ýörelgeleriniň çaknyşmagyna garamazdan, şu ylalaşygyň bozulandygy baradaky hak isleglerine hem-de ähli beýleki hak isleglerine (şol sanda, müşderiniň goralmagy, adalatsyz bäsdeşlik we raýat hukuk bozulmasy baradaky hak isleglerine) degişlidir.
    • b. ABŞ-nyň we Kanadanyň daşynda. Eger programmany islendik başga bir ýurtda alan bolsaňyz, onda şol ýurduň kanunlary degişli bolýar.
  • 9. ÝURIDIKI GÜÝÇ. Bu ylalaşyk belli bir ýuridiki hukuklary beýan edýär. Öz ştatyňyzyň ýa-da ýurduňyzyň kanunlaryna laýyklykda siziň başga-da hukuklaryňyz bar bolmagy mümkin. Eger ştatyňyzyň ýa-da ýurduňyzyň kanunlary rugsat bermeýän bolsa, onda bu ylalaşyk ştatyňyzyň ýa-da ýurduňyzyň kanunlarynda göz öňünde tutulýan hukuklaryňyzy üýtgetmeýär.
  • 10. KEPILLIK BERMEKDEN ÝÜZ ÖWÜRMEK. Bu programma "bolşy ýaly", "ähli kemçilikleri bilen bilelikde" we "elýeterli boldugyça" lisenzirlenilýär. Siz ony ulanmak bilen baglanyşykly ähli töwekgelçilikleri öz üstüňüze alýarsyňyz. Programmanyň neşirçisi öz adyndan, Microsoft-yň adyndan (eger Microsoft-yň özi programmanyň neşirçisi däl bolsa), programmanyň üpjün edilen simsiz torunyň operatorynyň adyndan, we biziň degişli affilirlenen şahslarymyzyň, satyjylarymyzyň, agentlerimiziň we üpjün edijilerimiziň ("Agzalan taraplar") her biriniň adyndan şu programma bilen baglanyşykly hiç hili aç-açan kepillikleri we şertleri bermeýär. Siz programmanyň hili, howpsuzlygy, oňaýlylygy we öndürijiligi bilen baglanyşykly ähli töwekgelçilikleri çekýärsiňiz. Programma kemçilikli bolup çykan ýagdaýynda, siz ähli gerekli serwis ýa-da düzediş işleri bilen baglanyşykly ähli çykdajylary çekýärsiňiz. Siziň öz ýerli kanunlaryňyza laýyklykda şu ylalaşygyň üýtgedip bilmeýän goşmaça müşderi hukuklaryňyz bar bolup biler. Ýerli kanunlaryňyzyň rugsat berýän çäginde, Agzalan taraplar islendik güman edilýän kepillikleri ýa-da şertleri, şol sanda haryt ýaramlylygy, belli bir maksada ýaramlylyk, howpsuzlyk, oňaýlylyk boýunça kepillikleri we başga hukuk eýeleriniň hukuklarynyň bozulmazlygyny göz öňünde tutmaýar.
  • 11. HUKUK GORAÝYŞ SERIŞDELERI WE ZEPERLER BOÝUNÇA ÇÄKLENDIRMELER WE GÖZ ÖŇÜNDE TUTMAZLYKLAR. Kanunda gadagan edilmeýän çäkde, eger zeperleri töletdirmek üçin islendik bir esasyňyz bar bolsa, onda siz gönümel zeperleri programma üçin tölän tölegiňize deň möçbere çenli ýa-da 1 ABŞ dollaryny (haýsysy köp bolsa, şony) programmanyň neşirçisine özüňize töletdirip bilersiňiz. Siz isledik başga zeperleri, şol sanda netijeleýin, elden giderilen düşewünt boýunça, ýörite, gytaklaýyn ýa-da tötänleýin zeperleri programmanyň neşirçisine töletdirip bilmeýärsiňiz we şol boýunça islendik hukugyňyzdan ýüz öwürýärsiňiz. Eger ýerli kanunlar şu şertlerde göz öňünde tutulmaýandygyna garamazdan bir kepilligi ýa-da şerti buýruk berýän bolsa, onda onuň hereket edýän möhleti siziň programmany göçürip alan günüňizden başlap, 90 gün bilen çäklendirilýär.

Bu çäklendirme şu aşakdakylary öz içine alýar:

  • Programma bilen ýa-da programma arkaly elýeterli edilýän hyzmatlar bilen baglanyşykly islendik zat; we
  • Şertnamanyň, kepilligiň ýa-da şertiň bozulandygy baradaky; berk jogapkärçilik, seresapsyzlyk ýa-da başga raýatlyk hukugynyň bozulmagy baradaky; kanunyň ýa-da düzgünnamanyň bozulmagy baradaky; adalatsyz baýamak baradaky; ýa-da islendik başga bir hukuk teoriýasyna degişli bolup durýan; degişli kanunlaryň rugsat berýän maksimum çägindäki hak islegleri.

Bu çäklendirme şu aşakdaky ýagdaýlara hem degişlidir:

  • Bu hukuk goraýyş serişdesi islendik ýitgileriň öwezini size doly dolmaýan bolsa; ýa-da
  • Programmanyň neşirçisi zeperleriň bolmagynyň ähtimaldygyny bilen bolsa ýa-da bilmeli bolsa.
Doly tekst
Degişli hyzmatlarDegişli hyzmatlarserviceslist
Gysgaça beýan

Aşakdaky önümler, programmalar we hyzmatlar Microsoft Hyzmat şertnamasyna degişlidir, ýöne olar siziň bazaryňyzda elýeterli bolman biler.

  • Account.microsoft.com
  • Advertising.microsoft.com
  • Arrow Launcher
  • Bing Apps
  • Bing Bots
  • Bing Desktop
  • Bing Dictionary
  • Bing in the Classroom
  • Bing Input
  • Bing Maps
  • Bing Navigation
  • Bing Reader
  • Bing Rewards
  • Bing Search app
  • Bing Sportscaster
  • Bing Toolbar
  • Bing Torque
  • Bing Translator
  • Bing Webmaster
  • Bing Wikipedia Browser
  • Bing.com
  • Bing
  • Bingplaces.com
  • Citizen Next
  • Conditional Action Programmer
  • Cortana skills by Microsoft
  • Cortana
  • Dükan
  • Default Homepage and New Tab Page on Microsoft Edge
  • Dev Center App
  • Device Health App
  • Dictate
  • Docs.com
  • education.minecraft.net
  • Face Swap
  • Forms.microsoft.com
  • forzamotorsport.net
  • Groove Music Pass
  • Groove
  • GroupMe
  • HealthVault
  • LineBack
  • Maps App
  • Microsoft Academic
  • Microsoft account
  • Microsoft Add-Ins for Skype
  • Microsoft Bots
  • Microsoft Educator Community
  • Microsoft Family
  • Microsoft Health
  • Microsoft Kino-TW
  • Microsoft Pay
  • Microsoft Research Interactive Science
  • Microsoft Research Open Data
  • Microsoft Translator
  • Microsoft Wallpaper
  • Microsoft XiaoIce
  • Mixer
  • MSN Dial Up
  • MSN Explorer
  • MSN Food & Drink
  • MSN Health & Fitness
  • MSN Money
  • MSN News
  • MSN Premium
  • MSN Sports
  • MSN Travel
  • MSN Weather
  • MSN.com
  • Next Lock Screen
  • Office 365 üçin Microsoft Goldaw we dikeldiş kömekçisi
  • Office 365 Consumer
  • Office 365 Home
  • Office 365 Personal
  • Office 365 University
  • Office Online
  • Office Store
  • Office Sway
  • Office.com
  • OneDrive.com
  • OneDrive
  • OneNote.com
  • Outlook.com
  • Paint 3D
  • Picturesque Lock Screen
  • Pix Lock
  • Presentation Translator
  • Remix 3D
  • Rinna
  • rise4fun
  • Ruuh
  • Seeing AI
  • Send
  • Skype in the Classroom
  • Skype Interviews
  • Skype Manager
  • Skype Qik
  • Skype.com
  • Skype
  • Smart Search
  • Snip Insights
  • Spreadsheet Keyboard
  • Sprinkles
  • Sway.com
  • to-do.microsoft.com
  • Tossup
  • Translator for Microsoft Edge
  • Translator Live
  • Translator
  • UrWeather
  • Video Breakdown
  • Visio Online
  • Windows Dükany
  • Windows Live Mail
  • Windows Live Writer
  • Windows Movie Maker
  • Windows Photo Gallery
  • Xbox Game Pass
  • Xbox Live Gold
  • Xbox Live
  • Xbox Music
  • Xbox Store
  • Xbox we Windows Oýunlar, Microsoft tarapyndan neşir edilen programmalar we websaýtlar
Doly tekst
1 mart, 20180