Microsoft Office ekran düşündiriş dili
Düwmeler, menýular we gepleşik gutulary ýaly ekran elementleriniň tekstleriniň başga dilde terjimelerini görkezmek üçin Ekran düşündiriş dili-ni ulanyň.
Möhüm! Aşakdan dil saýlamak tutuş sahypadaky materialy dinamiki görnüşde şol dile üýtgeder.
Wersiýa:
1.0
Neşir edilen senesi:
26.07.2019
Faýl ady:
screentiplanguage_tk-tm_32bit.exe
screentiplanguage_tk-tm_64bit.exe
Faýl ölçegi:
1.4 MB
1.4 MB
Düwmeler, menýular we gepleşik gutulary ýaly ekran elementleriniň başga dilde terjimelerini görkezmek we ulanyjylaryň düşünmeýän dillerinde ornaşdyrylan Microsoft Office goýmalaryny ulanmaklaryna ýardam bermek üçin Ekran düşündiriş dili-ni üýtgediň.
Ulanyp bolaýjak ýagdaýlaryň mysallary:- Iki-dilli ýa-da köp-dilli dil kömegi
- Inženerleriň düşünmeýän dillerine goldawyny giňeltmäge ýardam bermek
- Office-i wagtlaýynça ýa-da wagtlaýyn möhlet bilen başga dilde ulanýan ulanyjylar üçin (Rouming ulanyjylary)
- Paýlaşylýan kompýuterde dil ulanmak
Goldanylýan operasion ulgamlar
Windows 7, Windows 8 Release Preview
- Goldanýan Microsoft Office goýmalary:
- Microsoft Word 2013, Microsoft Excel 2013, Microsoft Outlook 2013, Microsoft PowerPoint 2013, Microsoft OneNote 2013, Microsoft Visio 2013, Microsoft Publisher 2013
- Zerur programma üpjünçiligi
- Gündogar Aziýa we çylşyrymly elipbiýli diller üçin goldaw faýllaryny gurmaklyk bilner. Muny Dolandyryş Panel-inde 'Sebit we Dil Saýlawlary' bölüminden amala aşyrmak mümkin.
- Şu ýüklemäni gurmak üçin:
- Başlamak üçin şu sahypadaky Ýükle düwmesine basyň.
- Aşakdakylardan birini ýerine ýetiriň:
- Ornaşdyrmaga häzir başlamak üçin Işlet basyň.
- Internetden alnan maksatnamany soň ornaşdyrmak üçin kompýuterde saklamak üçin Sakla basyň.
- Ornaşdyrmagy ýatyrmak üçin Ýatyr basyň.
Ekran düşündiriş dilini öçürmek ýa-da üýtgetmek üçin:- Office-da Faýl düwmesine basyň, Görnüşler saýlaň, Dil saýlaň we Ekran düşündiriş dili-ni 'Ekran diline gabat getir' edip üýtgediň.
Şu alnanlary aýyrmak üçin:- Başla menýusyndan, Dolandyryş paneli-ne baryň.
- Maksatnamalary goş/aýyr iki gezek basyň.
- Ornaşdyrylan maksatnamalaryň sanawynda Microsoft Office ekran düşündiriş dili-ni saýlaň we Aýyr ýa-da Goş/Aýyr basyň. Eger gepleşik gutusy görünse, maksatnamany aýyrmak üçin görkezmelere eýeriň.
- Maksatnamany aýyrmagy tassyklamak üçin Hawa ýa-da OK basyň.