Gizlinligiňiz
1. Gizlinligiňiz. Gizlinligiňiz biziň üçin möhümdir. Microsoft Gizlinlik beýannamasyny (https://go.microsoft.com/fwlink/?LinkId=521839) ("Gizlinlik beýannamasy") okaň, sebäbi onda sizden we enjamlaryňyzdan ýygnaýan maglumat görnüşlerimiz ("Maglumatlar"), Maglumatlaryňyzy nähili ulanýandygymyz hem-de Maglumatlaryňyzy işlemäge bolan hukuk esasymyz beýan edilýär. Olardan başga-da, Gizlinlik beýannamasynda Microsoft-yň siziň materiallaryňyzy, ýagny başga kişiler bilen habarlaşmalaryňyzy; siziň Hyzmatlar arkaly Microsoft-a iberýän zatlaryňyzy we siz tarapyndan Hyzmatlar arkaly ýüklenilýän, saklanylýan, ýaýlyma berilýän, döredilýän, ýasalýan ýa-da paýlaşylýan faýllary, fotosuratlary, resminamalary, audiolary, sanly işleri, göni ýaýlymlary we wideolary, ýa-da material ýasamak üçin iberýän girizmeleriňizi ("Materialyňyz") nähili ulanýandygy beýan edilýär. Eger razylyk esasynda we kanunyň rugsat berýän çäginde işlenilýän bolsa, şu Şertler bilen ylalaşmak arkaly, siz Microsoft-yň Materialyňyzy we Maglumatlaryňyzy Gizlinlik beýannamasynda görkezilişi ýaly ýygnamagyna, ulanmagyna we paş etmegine razylyk berýärsiňiz. Käbir halatlarda Gizlinlik beýannamasynda salgylanyşy ýaly aýratyn bildiriş bereris we sizden razylyk sorarys.
Materialyňyz
2. Materialyňyz. Biziň köp Hyzmatlarymyz size Materialyňyzy döretmäge, saklamaga we paýlaşmaga, şeýle hem başga kişilerden material almaga mümkinçilik berýär. Biz siziň materialyňyza eýeçilik etjek bolmaýarys. Materialyňyz siziňki bolmagynda galýar we oňa özüňiz jogap berýärsiňiz.
- a. Materialyňyzy başga kişiler bilen paýlaşan wagtyňyz, Materialyňyzy Hyzmatlarda elýeterli eden maksadyňyz esasynda dünýäniň ähli künjeginde size öweztölegi bermezden olaryň Materialyňyzy ulanyp, ýazdyryp, ýazga geçirip, täzeden çykaryp, ýaýlyma berip, geçirip, paýlaşyp we görkezip biljekdigine düşünýärsiňiz. Başga kişileriň beýtmegini islemeýän bolsaňyz, Hyzmatlary Materialyňyzy paýlaşmak üçin ulanmaň. Siz şu Şertleriň hereket edýän möhletiniň dowamynda Hyzmatlarda we Hyzmatlaryň üsti bilen ýüklenilýän, saklanylýan ýa-da paýlaşylýan öz materiallaryňyz üçin gerek bolan ähli hukuklaryňyzyň bardygyny (we bar boljakdygyny), şeýle hem öz materialyňyzyň ýygnalmagynyň, ulanylmagynyň we saklanylmagynyň hiç bir kanuny ýa-da başga kişileriň hukuklaryny bozmaýandygyny beýan edip, kepillendirýärsiňiz. Microsoft Siziň materialyňyza eýeçilik etmeýär, kontrollyk etmeýär, ony tassyklamaýar, tölegini tölemeýär, güýje girizmeýär ýa-da oňa başgaça görnüşde jogap bermeýär, şonuň üçinem, ony Siziň materialyňyz ýa-da başga kişileriň ýükleýän, saklaýan ýa-da paýlaşýan materialy üçin jogapkärçilige çekip bolmaýar.
- b. Size we başga kişilere Hyzmatlary üpjün etmek üçin gerek bolan çäkde, siz we Hyzmatlary goramak, şeýle hem, Microsoft önümlerini we hyzmatlaryny gowulandyrmak üçin, siz Hyzmatlarda Siziň materialyňyzy aragatnaşyk serişdeleriniň üsti bilen nusgasyny ýasamaga, saklamaga, geçirmäge, formatyny üýtgetmäge, görkezmäge we ýaýratmaga Microsoft-a tutuş dünýä boýunça we tölegsiz intellektual eýeçilik lisenziýasyny berýärsiňiz. Eger siz Materialyňyzy Hyzmatyň çäklendirmesiz, aç-açan bolan ýerinde neşir etseňiz, Materialyňyz Hyzmaty tanyşdyrýan demolarda we materiallarda görkezilip biler. Käbir Hyzmatlar reklamalar tarapyndan goldanylýar. Microsoft-yň reklamalary şahsylaşdyrmagy boýunça dolandyryşlar https://choice.live.com salgysynda elýeterlidir. Biz siziň e-poçtada, söhbetde, wideo jaňlarda, sesli poçtada aýdan zatlaryňyzy, resminamalaryňyzy, fotosuratdyr beýleki şahsy faýllaryňyzy size reklama ibermek maksady bilen ulanmaýarys. Biziň reklama syýasatlarymyz Gizlinlik beýannamasynda jikme-jik görkezilýär.
- c. Microsoft hasabyňyz bilen hakykylyk barlanylanda, eksportlap bolýan maglumatyňyza Microsoft gizlinlik maglumat paneli (https://account.microsoft.com/privacy) ýa-da önümiň ulanyjy interfeýsi arkaly girmek mümkinçiligini Microsoft size üpjün edýär. Bu eksportlap bolýan maglumaty üçünji-tarap üpjün ediji hyzmatlaryna geçmek üçin ulanyp bolýar. Microsoft hyzmatlaryň ýa-da Microsoft-yň intellektual eýeçiliginiň howpsuzlygyny howp astyna salyp biljek maglumatyň eksport edilmegini çäklendirmek hukugyny özünde saklaýar. Maglumatyňyzy bu mehanizmler arkaly eksport edip bilmeseňiz, Bize ýüz tutmagyň usuly bölümindäki salgydan (https://privacy.microsoft.com/privacystatement#mainhowtocontactusmodule) ýa-da web-formamyz (https://go.microsoft.com/fwlink/?linkid=2126612) arkaly Microsoft-a ýüz tutuň.
Özüňi alyp baryş düzgünleri
3. Özüňi alyp baryş düzgünleri. Siz Hyzmatlary ulanýan wagtyňyz özüňizi alyp barşyňyz we materiallaryňyz üçin jogapkärçilik çekýärsiňiz.
- a. Şu Şertler bilen ylalaşmak arkaly, awtonom görnüşde ýa-da dürli derejelerde adamyň gatyşmagy bilen kararlar kabul edýän ýa-da işleri ýerine ýetirýän emeli intellekt hyzmatlary hem degişli bolmak bilen Hyzmatlary ulanýarkaňyz şu kadalary berjaý etjekdigiňiz bilen ylalaşýarsyňyz:
- i. Hiç hili bikanun iş etmäň, ýa-da bikanun bolan material ýasajak ýa-da paýlaşjak bolmaň.
- ii. Çagalary ekspluatirleýän, olara zeper ýetirýän ýa-da howp salýan hiç bir işe baş goşmaň.
- iii. Spam ibermäň ýa-da fişinge baş goşmaň, ýa-da zyýanly programmalary ýasajak ýa-da ýaýratjak bolmaň. Spam - islenilmeýän ýa-da soralmadyk yzygider e-poçtalary, zat ibermeleri, habarlaşmak haýyşlaryny, SMS-leri, gyssagly habarlary ýa-da şolara meňzeş elektron aragatnaşyklary aňladýar. Fişing alyjylary galplyk ýa-da bikanun ýollar bilen parollar, doglan seneler, sosial ätiýaçlandyryş belgileri, pasport belgileri, kredit karty maglumaty, maliýe maglumaty ýaly şahsy ýa-da gizlin häsiýetli maglumatlary ýa-da beýleki gizlin häsiýetli maglumatlary äşgär etmäge itermek, ýa-da hasaplara ýa-da ýazgylara, resminamalaryň eksfiltrasiýasyna ýa-da beýleki gizlin häsiýetli maglumatlara, töleg we/ýa-da maliýe bähbidine giriş almak üçin e-poçtalary ýa-da başga elektron aragatnaşyklary ibermeklik bolup durýar. Zyýanly programmalar zyýanyly ýerine ýetirilýän faýllary eltmek, hyzmat hüjümlerini ret etmegi guramak ýa-da buýruk we dolandyryş serwerlerini dolandyrmak ýaly tehniki zyýan ýetirmeklige niýetlenilen islendik işjeňligi öz içine alýar.
- iv. Ýerliksiz materiallary (mysal üçin, içinde ýalaňaçlyk, haýwan-adam jyns gatnaşygy, pornografiýa, kemsidiji dil, grafiki zorluk, öz-özüňe zeper ýetirmeklik ýa-da jenaýatçylykly iş bar bolan materiallary) ýa-da ýerli kanunçylygy ýa-da hukuk namalaryny bozýan materiallary köpçülige aç-açan görkezmäň ýa-da Hyzmatlary şolary ýasamak ýa-da paýlaşmak üçin ulanmaň.
- v. Ýalan, galp ýa-da ýalňyş gönükdirýän (mysal üçin, galp bahanalar bilen pul soramak, özüňi başga biri edip görkezmek, galp hasaplary döretmek, aldawçylykly işjeňligi awtomatlaşdyrmak, bilgeşleýin aldawa salýan mataeriallary ýasamak ýa-da paýlaşmak, Hyzmatlary manipulirläp, goýberiş sanyny köpeltmek ýa-da ýaryş tablisasyny, reýtingleri ýa-da teswirleri üýtgetmek) ýa-da töhmetçilikli ýa-da masgaralaýjy işlere baş goşmaň.
- vi. Hyzmatlara girmek, olary ulanmak ýa-da olaryň elýeterliligi boýunça goýlan hiç bir çäkländirmäniň daşynda naýlanyp geçmäň (mysal üçin, emeli intellekt ulgamyny "döwmäge" ýa-da rugsat berilmeýän görnüşde maglumat ýygnamaga synanyşmaň).
- vii. Özüňize, Hyzmatlara ýa-da başgalara zyýanly bolan işlere baş goşmaň (mysal üçin, wiruslary geçirmek, yzyna düşmek, başga adamlara azar berýän, sürünýän ýa-da haýbat atýan materiallary ýasajak ýa-da paýlaşjak bolmak, terrorçylykly ýa-da zorlukly ekstremist material ibermek, ýigrenç beýan edýän zatlary ýetirmek ýa-da başga kişilere zorluk ulanmagy öňe sürmek ýaly işler).
- viii. Başga adamlaryň hukuklaryny bozmaň (mysal üçin, awtorlyk hukugy bilen goralýan aýdym-sazlary ýa-da awtorlyk hukugy bilen goralýan başga materiallary birugsat paýlaşmak, Bing kartalaryny satmak ýa-da başgaça görnüşde ýaýratmak, ýa-da başga adamlaryň fotosuratlaryny ýa-da wideo/audio ýazgylaryny olaryň öz razylygy bolmazdan düşürmek - ol razylyk bolsa, adamyň biometrik identifikatorlarynyň/maglumatynyň işlenilmegi ýa-da Hyzmatlary ulanmagyň islendik başga bir maksady üçin berlen bolmalydyr).
- ix. Başga kişileriň gizlinligini ýa-da maglumat goragy hukuklaryny bozýan işlere baş goşmaň.
- x. Başga kişileriň kadalary bozmagyna kömek etmäň.
- Syýasatlarymyz, moderasiýa we güýje girizmek/ulanmak proseslerimiz, şeýle hem, hyzmata mahsus düzgünlerimiz barada goşmaça maglumat aka.ms/trustandsafety salgysynda elýeterlidir.
Hyzmatlary we Goldawy ulanmak
4. Hyzmatlary we Goldawy ulanmak.
- a. Microsoft hasaby. Hyzmatlaryň köpüsine girmek üçin size Microsoft hasaby gerek bolar. Microsoft hasabyňyz size Microsoft tarapyndan we käbir Microsoft hyzmatdaşlary tarapyndan üpjün edilýän önümlere, websaýtlara we hyzmatlara hasaba girmäge mümkinçilik berýär.
- i. Hasap döretmek. Onlaýn hasap açmak arkaly Microsoft hasabyny döredip bilersiňiz. Microsoft hasabyny açýan wagtyňyz hiç hili galp, nätakyk ýa-da ýalňyşdyryjy maglumat ulanmazlyga ylalaşýarsyňyz. Käbir halatlarda, üçünji bir tarap (mes. Internet hyzmatyny üpjün edijiňiz) size bir Microsoft hasabyny bellän bolup biler. Eger öz Microsoft hasabyňyzy üçünji bir tarapdan alan bolsaňyz, onda üçünji tarapyň siziň hasabyňyz boýunça goşmaça hukuklary bar bolup biler (mes. Microsoft hasabyňyza girip ýa-da ony ýoklap bilmek). Üçünji tarapyň size beren goşmaça şertlerini gözden geçiriň, sebäbi Microsoft ol şertler boýunça hiç hili jogapkärçilik çekmeýär. Eger bir ýuridik şahsyň (mes. edaraňyzyň ýa-da iş berijiňiziň) adyndan Microsoft hasabyny döredýän bolsaňyz, onda siz şol ýuridik şahsy şu Şertlere laýyklykdaky borçlara baglamaga ýuridik ygtyýaryňyzyň bardygyny mälim edýärsiňiz. Öz Microsoft hasaby şahsyýet maglumatyňyzy başga ulanyja ýa-da ýuridik şahsa geçirip bilmeýärsiňiz. Hasabyňyzy goramak üçin, hasap jikme-jikligiňizi we parolyňyzy gizlin saklaň. Microsoft hasabyňyzda bolup geçýän ähli işjeňlik üçin jogapkärçilik çekýärsiňiz.
- ii. Hasaby ulanmaklyk. Öz Microsoft hasabyňyzy işjeň saklamak üçin ony ulanmaly. Ýagny, eger https://go.microsoft.com/fwlink/p/?linkid=2086738 salgysyndaky Microsoft hasap işjeňligi syýasatynda has uzak möhlet görkezilmeýän bolsa, onda Microsoft hasabyňyzy we baglanyşykly Hyzmatlary saklamak üçin (başgaça görkezilmedik bolsa), siz iki ýylyň dowamynda azyndan bir gezek öz hasabyňyza girmeli. Eger şol wagtyň dowamynda hasabyňyza girmeseňiz, onda biz Microsoft hasabyňyzy işjeň däl hasap edip ýaparys. Ýapylan Microsoft hasabynyň netijeleri üçin, 4.a.iv.2 bölümine serediň. Siz öz Outlook.com poçta gutyňyza we OneDrive-yňyza (hersine aýratynlykda) bir ýylyň dowamynda iň bolmanda bir gezek girmeli, ýogsam biz siziň Outlook.com poçta gutyňyzy we OneDrive-yňyzy ýaparys. Eger bizde Microsoft hasabyňyzy (mes. hasaby ele salmagyň netijesinde) üçünji bir tarapyň galplyk bilen ulanýan bolmak howpy bardyr öýdüp şübhelenmäge ýerlikli esas bar bolsa, onda Microsoft siz öz eýeçiligiňizi gaýtadan talap edýänçäňiz hasabyňyzy togtadyp biler. Ele geçirilmegiň ýagdaýyna baglylykda, käbir ýa-da ähli Materiallaryňyza girişi ýapmaly bolmagymyz mümkin. Eger Microsoft hasabyňyza girmekde kynçylyk çekýän bolsaňyz, şu websaýta baryň: https://go.microsoft.com/fwlink/?LinkId=238656.
- iii. Çagalar we hasaplar. Microsoft hasabyny döretmek ýa-da Hyzmatlary ulanmak bilen, siz şu Şertlere tabyn bolmagy kabul edip ylalaşýarsyňyz we öz ýaşaýan ýeriňizde ýa "kämillik", ýa-da "ýuridik jogapkärçilik" ýaşyna ýetendigiňizi, ýa-da ene-ataňyzyň ýa-da kanuny hossaryňyzyň şu Şertlere tabyn bolmagyňyza ylalaşýandygyny mälim edýärsiňiz. Eger siz öz ýaşaýan ýeriňizde "kämillik" ýa-da "ýuridik jogapkärçilik" ýaşyna ýetip-ýetmändigiňizi bilmeýän bolsaňyz ýa-da şu bölüme düşünmeýän bolsaňyz, onda öz ene-ataňyzdan ýa-da kanuny hossaryňyzdan kömek soraň. Eger siz kämillik ýaşyna ýetmedik çaganyň ene-atasy ýa-da hossary bolsaňyz, onda siz we çagaňyz şu şertleri kabul edýärsiňiz we olara bagly bolmaga boýun bolýarsyňyz, şonuň üçinem çaganyň hasaby şu wagt açyk bolsa-da ýa-da şundan soň döredilse-de, Microsoft hasabynyň ýa-da Hyzmatlaryň islendik ulanylmagy, şol sanda satyn alyşlaryň ählisi üçin jogap berýärsiňiz.
- iv. Öz hasabyňy ýapmak.
- 1. Islendik wagt we islendik sebäp bilen belli-belli Hyzmatlary ýatyryp ýa-da öz Microsoft hasabyňyzy ýapyp bilersiňiz. Microsoft hasabyňyzy ýapmak üçin, https://go.microsoft.com/fwlink/p/?linkid=618278 salgysyna baryň. Bizden öz Microsoft hasabyňyzyň ýapylmagyny soranyňyzda, birden pikiriňiz üýtgän ýagdaýynda ony ätiýaçdan 30 ýa-da 60 günläp togtadylan ýagdaýda goýmagy saýlap bilersiňiz. Şol 30 ýa-da 60 günlük möhlet gutaransoň Microsoft hasabyňyz ýapylar. Microsoft hasabyňyz ýapylanda nämeler bolup geçýändiginiň düşündirişini görmek üçin, aşakdaky 4.a.iv.2 bölümine serediň. Şol togtatma möhletiniň dowamynda hasabyňyza täzeden girseňiz, onda Microsoft hasabyňyz gaýtadan işjeňleşdiriler.
- 2. Eger (siz ýa-da biz tarapdan) Microsoft hasabyňyz ýapylsa, käbir zatlar bolup geçýär. Ilki bilen, siziň Hyzmatlara girmek üçin Microsoft hasabyňyzy ulanmaga bolan hukugyňyz derrew duruzylýar. Ikinjiden, Microsoft hasabyňyz bilen baglanyşykly maglumatlary ýa-da materiallaryňyzy ýoklarys ýa-da olaryň siz we siziň Microsoft hasabyňyz bilen baglanyşygyny keseris (eger-de olaryň saklanylmagy, yzyna gaýtarylmagy ýa-da size ýa-da siz tarapyndan kesgitlenilen üçünji bir tarapa geçirilmegi kanun taýdan talap edilmeýän bolsa). Siziň regulýar ätiýaçlama tarifiňiz bolmaly, sebäbi hasabyňyz bir ýapylansoň, Microsoft siziň Materialyňyzy ýa-da Maglumatyňyzy alyp bilmez. Üçünjiden, siziň öz alan önümleriňize girişi ýitirmegiňiz mümkin.
- b. Moderasiýa we Güýje girizmek/ulanmak. Size täsirleşmäge, material döretmäge, ýasamaga we başgalar bilen paýlaşmaga mümkinçilik berýän köp Hyzmatlarymyz öz Hyzmatlarymyzy we başga ulanyjylary goramak üçin howpsuzlyk ulgamlaryndan peýdalanýar.
- i. Syýasatlar. Biziň Özüňi alyp baryş düzgünlerimiz Hyzmatlarymyz ulanylýarka nämeleriň gadagan edilýänini anyklaýar. Biziň material we özüňi alyp baryş syýasatlarymyzy şu ýerde (https://www.microsoft.com/DigitalSafety/policies) tapyp bolýar. Belli bir Hyzmatlaryň öz ulanyjylaryna degişli bolan goşmaça syýasatlary we köpçülik standartlary bar bolup, olar şu ýerde (https://aka.ms/trustandsafety) elýeterlidir.
- ii. Alada habar bermek. Özüňi alyp baryş düzgünlerimizi bozmak bilen, sizi alada goýan material ýa-da özüňi alyp baryş hereketi barada şu ýerde (https://aka.ms/reportconcerns) habar berip bilersiňiz.
- iii. Gözden geçiriş. Biziň degişli bolan ýerinde şübheli spam, wiruslar, galplyk, fişing, zyýanly programmalar, "döwmek" ýa-da beýleki bikanun ýa-da zyýanly materiallary ýa-da özüňi alyp barşy anyklamak maksady bilen materiallary gözden geçirmek üçin awtomatlaşdyrylan ulgamlardan we adamlardan peýdalanmagymyz mümkindir.
- iv. Güýje girizmek/ulanmak. Eger Hyzmatda rugsat berilýän ammar ýa-da faýl ölçegi çäklerinden geçýän bolsa, materialy ret etmek hukugymyzy saklap galýarys. Eger Özüňi alyp baryş düzgünlerimizi ýa-da Hyzmatyň başga bir syýasatyny bozýan bolsa ýa-da Kanun tarapyndan talap edilýän bolsa, materialy beklemegimiz, aýyrmagymyz ýa-da ony görkezmegi ret etmegimiz mümkindir. Eger şu şertleri ýa-da Syýasatlary (https://aka.ms/trustandsafety) bozsaňyz, hasabyňyza garşy iş geçirmegimiz mümkindir. Ol belli bir aýratynlyklara ýa-da Hyzmatlara girişi çäklendirmekligi, Hyzmatlary üpjün etmegi duruzmaklygy, dessine Microsoft hasabyňyzy ýapmaklygy ýa-da Hyzmatlara iberilýän ýa-da Hyzmatlardan gelýän aragatnaşygyň (mysal üçin, e-poçta, faýl paýlaşmak ýa-da gyssagly habar) eltilmegini beklemekligi öz içine alyp biler. Bir Hyzmata ýa-da hasabyňyza girişiň ýapylmaklygy material lisenziýalarynyň, baglanyşykly materiallaryň, agzalyklaryň we şol hasap bilen baglanyşykly Microsoft hasaby balanslarynyň eliňizden alynmagyna eltip biler. Şu Şertleriň güman edilýän bozulmalary gözden geçirilýän wagtynda, Microsoft meseläni çözmek maksady bilen materialy gözden geçirmäge bolan hukugyny saklap galýar. Emma, biz tutuş Hyzmatlara gözegçilik edip bilmeýäris we gözegçilik etmäge hem synanyşmaýarys. Moderasiýa we güýje girizmek/ulanmak prosesleri (https://www.microsoft.com/DigitalSafety/moderation-and-enforcement), Hyzmata mahsus şerler, Goşmaça syýsatlar we düzgünnamalar (https://www.microsoft.com/DigitalSafety/policies/additional-guidelines) we ýüz tutmalar (https://www.microsoft.com/DigitalSafety/moderation-and-enforcement/appeals) barada goşmaça maglumat üçin, https://aka.ms/trustandsafety serediň. Intellektual eýeçilik hukuklarynyň bozulandygy barada hak islegleri bilen baglanyşykly syýasatymyza baradaky maglumat üçin, BILDIRIŞLER bölümine seredip bilersiňiz.
- c. Iş ýa-da mekdep hasaplary. Siz käbir Microsoft hyzmatlaryna iş ýa-da mekdep e-poçtasy bilen hasaba girip bilersiňiz. Eger şeýle etseňiz, onda e-poçta salgyňyz bilen baglanyşykly domeniň eýesine Microsoft hasabyňyzyň we onuň baglanyşykly abunalarynyň bardygynyň habar berlip biljekdigi, onuň hasabyňyza erk edip we ony dolandyryp biljekdigi, şeýle hem, Maglumatlaryňyza, şol sanda ýazyşmalaryňyza we faýllaryňyza girip we olary işläp biljekdigi, şeýle hem, eger hasap ýa-da Maglumatlar ele geçirilse, Microsoft-yň domeniň eýesine habar bermeginiň mümkindigi bilen ylalaşýarsyňyz. Bulardan başga-da, Microsoft hyzmatlaryny ulanmagyňyzyň Microsoft bilen siziň ýa-da guramaňyzyň arasyndaky ylalaşyklara tabyn bolup biljekdigi we şu Şertleriň degişli bolman biljekdigi bilen ylalaşýarsyňyz. Eger eýýäm Microsoft hasabyňyz bar bolsa we şu Şertlere degişli bolup durýan Hyzmatlara girmek üçin aýratyn iş ýa-da mekdep e-poçta salgysyny ulanýan bolsaňyz, şol Hyzmatlara girişiň dowam etmegi üçin, Microsoft hasabyňyz bilen baglanyşykly e-poçta salgysyny täzelemegiňiz soralyp biler.
- d. Goşmaça enjam/Maglumat tarifleri. Hyzmatlaryň köpüsini ulanmak üçin, size internet birikmesi we/ýa-da maglumat/öýjükli tarifi gerek bolar. Size garnitura, kamera ýa-da mikrofon ýaly goşmaça gurluşlar hem gerek bolar. Siz Hyzmatlary ulanmak üçin gerek bolan ähli birikmeleri, tarifleri we enjamlary üpjün etmeklige, şeýle hem üpjün edijiniň (üpjün edijileriň) birikmeler, tarifler we enjamlar üçin alýan töleglerini tölemeklige jogapkärçilik çekýärsiňiz. Ol tölegler siziň Hyzmatlar üçin bize töleýän islendik tölegleriňiziň daşyndandyr we biz size şol tölegleriň öwezini dolup berýän däldiris. Siziň tölemegiňize degişli bolup biljek şeýle tölegleriň bardygyny-ýokdugyny anyklamak üçin, öz üpjün edijiňize (üpjün edijileriňize) ýüz tutuň.
- e. Hyzmat habarnamalary. Ulanýan Hyzmatyňyz barada size aýdylmaly zat bar bolsa, size Hyzmat habarnamalaryny ibereris. Bize Microsoft hasabyňyz bilen baglanyşykly öz e-poçta salgyňyzy ýa-da telefon belgiňizi beren bolsaňyz, e-poçta ýa-da SMS (tekst habary) arkaly size Hyzmat habarnamalaryny, şol sanda mobil telefon belgiňizi bellige almazdan we satyn alyşlaryňyzy tassyklamazdan öň şahsyýetiňizi tassyklamak üçin iberip bileris. Size başga usullar bilen hem (meselem, önüm-içi habarlar) Hyzmat habarnamalaryny iberip bileris. SMS arkaly habarnamalary alanyňyzda, maglumat ýa-da habarlaşyk tölegleriniň alynmagy mümkindir.
- f. Goldaw. Käbir Hyzmtlar üçin goldaw https://support.microsoft.com salgysynda elýeterli bolup, ol şu şertler tarapyndan düzgünleşdirilýär, şeýle hem, goşmaça şertlere laýyklykda, belli bir Hyzmatlaryň aýratyn ýa-da goşmaça müşderi goldawyny hödürlemegi mümkindir. Funksiýalaryň ýa-da Hyzmatlaryň synlaw ýa-da beta wersiýalary üçin goldaw elýeterli bolman biler. Goldawyň elýeterliligi önümiň ömür halkasynyň tapgyryna görä dürlüçe bolup bilýär we siziň Microsoft Lifecyle-da (https://learn.microsoft.com/lifecycle) beýan edilýän goldaw mümkinçiligi üçin degişli bolan minimal talaplara laýyk gelýän hukukly we talabalaýyk lisenzirlenen Hyzmat(lar)yňyz bar bolmalydyr. Hyzmatlar üçünji taraplaryň üpjün edýän programma üpjünçiligi ýa-da hyzmatlary bilen ylalaşykly bolman biler, şonuň üçinem, siz ylalaşyklylyk baradaky talaplar bilen tanyşmaklyga jogapkärçilik çekýärsiňiz.
- g. Hyzmatlaryňyzy ýapmak. Eger Hyzmatlaryňyz ýatyrylsa (özüňiz ýa-da biz tarapdan), ilki bilen, siziň Hyzmatlara girmäge bolan hukugyňyz derrew duruzylýar we Hyzmatlar bilen baglanyşykly programma üpjünçiligi baradaky ygtyýarnamaňyz gutarýar. Ikinjiden, Hyzmatyňyz bilen baglanyşykly maglumatlary ýa-da materiallaryňyzy ýoklarys ýa-da olaryň siz we siziň Microsoft hasabyňyz bilen baglanyşygyny keseris (eger-de olaryň saklanylmagy, yzyna gaýtarylmagy ýa-da size ýa-da siz tarapyndan kesgitlenilen üçünji bir tarapa geçirilmegi kanun taýdan talap edilmeýän bolsa). Şonuň netijesinde, soň Hyzmatlaryň hiç birine (ýa-da şol Hyzmatlarda goýan Materiallaryňyza) girip bilmezlgiňiz mümkin. Siziň wagtly-wagtyna ätiýaçlamak meýilnamaňyz bar bolmaly. Üçünjiden, siziň öz alan önümleriňize girişi ýitirmegiňiz mümkin. Eger Microsoft hasabyňyzy ýatyran bolsaňyz we Hyzmatlara girip bilýän başga hasabyňyz ýok bolsa, Hyzmatlaryňyzyň derrew ýatyrylmagy mümkin.
Üçünji-tarap programmalary we hyzmatlary ulanmak
5. Üçünji-tarap programmalary we hyzmatlary ulanmak. Hyzmatlar size garaşsyz üçünji taraplara (Microsoft-a degişli däl kompaniýalara ýa-da adamlara) degişli önümlere, hyzmatlara, websaýtlara, baglara, materiallara, oýunlara, ukyplara, integrasiýalara, botlara ýa-da programmalara ("Üçünji-tarap programmalar we hyzmatlar") girmäge ýa-da olary almaga mümkinçilik berip biler. Hyzmatlarymyzyň köpüsi Üçünji-tarap programmalary we hyzmatlary tapmagyňyza, olardan haýyş etmegiňize ýa-da olar bilen täsirleşmegiňize-de kömek edýär we olar Materialyňyzy ýa-da Maglumatyňyzy şeýle Üçünji-tarap programmalar we hyzmatlar bilen paýlaşmagyňyza mümkinçilik berip bilýär ýa-da ony haýyş edip bilýär we siz Hyzmatlarymyzy ulanyp, olary Üçünji-tarap programmalary we hyzmatlary size elýeterli etmäge dönükdirýändigiňize düşünýärsiňiz. Üçünji-tarap programmalar we hyzmatlar Materialyňyzy ýa-da Maglumatyňyzy Üçünji-tarap programmalaryň we hyzmatlaryň neşir edijisi, üpjün edijisi ýa-da operatory bilen saklamagyňyza rugsat berip biler ýa-da ony talap edip biler. Üçünji-tarap programmalar we hyzmatlar size gizlinlik syýasatyny görkezip ýa-da Üçünji-tarap programmany ýa-da hyzmaty gurnamazdan ýa-da ulanmazdan öň, öz şertlerini kabul etmegiňizi hem sorap biler. Microsoft-yň ýa-da onuň affilirlenen şahslarynyň eýeçiliginde durýan ýa-da şolar tarapyndan işledilýän belli Store-lardan (şol sanda, ýöne diňe olar bilen çäklenmezden, Office dükanyndan, Xbox-daky Microsoft Store-dan we Windows-daky Microsoft Store-dan) alnan programmalara degişli goşmaça şertleri görmek üçin 13.b bölümine serediň. Islendik bir Üçünji-tarap programmany ýa-da hyzmaty almazdan, ulanmazdan, soramazdan ýa-da oňa Microsoft hasabyňyzy baglamazdan öň, üçünji-tarap şertleri we gizlinlik syýasatlaryny gözden geçiriň. Hiç bir üçünji-tarap şertler bu Şertleri üýtgetmeýär. Microsoft islendik Üçünji-tarap programmanyň ýa-da hyzmatyň bir bölegi hökmünde hiç bir intellektual eýeçiligi size lisenzirlemeýär. Siz şu Üçünji-tarap programmalary we hyzmatlary ulanmagyňyzdan gelip çykýan ähli töwekgelçilikleri we jogapkärçiligi öz üstüňize almaga, şeýle hem, siziň olary ulanmagyňyzdan gelip çykýan hiç bir mesele üçin Microsoft-yň jogapkärçilik çekmeýändigine ylalaşýarsyňyz. Islendik Üçünji-tarap programmalary we hyzmatlary tarapyndan üpjün edilýän maglumatlar ýa-da hyzmatlar üçin Microsoft siziň ýa-da başgalaryň öňünde hiç hili jogapkärçilik çekmeýär.
Hyzmat elýeterliligi
6. Hyzmat elýeterliligi.
- a. Hyzmatlar, Üçünji tarap programmalar we hyzmatlar, ýa-da Hyzmatlar arkaly hödürlenilýän materiallar ýa-da önümler käwagt elýeterli bolman biler, çäkli möçberde hödürlenilip biler ýa-da sebitiňize ýa-da enjamyňyza baglylykda dürlüçe bolup biler. Eger Microsoft hasabyňyzda görkezilen ýerleşýän ýeriňizi üýtgetseňiz, onda ozalky sebitiňizde size elýeterli bolan we tölegi tölenen materiallary ýa-da programmalary täzeden almaly bolmagyňyz mümkin. Siz hyzmatlara we materiallara girýän ýurduňyzda bikanun bolup durýan ýa-da ulanmaga lisenziýasy ýok materiallara ýa-da Hyzmatlara girmezlige ýa-da olary ulanmazlyga, şeýle hem, şol hili materiallara ýa-da Hyzmatlara girjek ýa-da olary ulanjak bolup, öz ýerleşýän ýeriňizi ýa-da şahsyýetiňizi gizlemezlige ýa-da galp görkezmezlige ylalaşýarsyňyz.
- b. Biz Hyzmatlaryň gurat işläp durmagy üçin köp tagalla edýäris; ýöne, ähli onlaýn hyzmatlarda käwagt-käwagt kesilmeler we hatardan çykmalar bolýar, şonuň üçinem, Microsoft şol hili sezewar bolmagyňyz mümkin hiç bir kesilme ýa-da ýitgi üçin jogapkärçilik çekmeýär. Hatardan çykma bolan ýagdaýynda, öz goýan Materialyňyzy ýa-da Maglumatyňyzy alyp bilmezligiňiz mümkindir. Hyzmatlarda saklaýan ýa-da Üçünji tarap programmalar we hyzmatlar arkaly saklaýan Materialyňyzy we Maglumatlaryňyzy wagtly-wagtyna ätiýaçlamagyňyzy maslahat berýäris.
Hyzmatlara ýa-da Programma üpjünçiligine täzelemeler we şu Şertlere üýtgetmeler
7. Hyzmatlara ýa-da Programma üpjünçiligine täzelemeler we şu Şertlere üýtgetmeler.
- a. Biziň şu Şertleri islendik wagt üýtgetmegimiz mümkin, biz şonda size habar bereris. Üýtgetmeler güýje girensoň, Hyzmatlary ulanmagyňyz siziň täze şertler bilen ylalaşýandygyňyzy aňladýar. Eger täze şertler bilen ylalaşmasaňyz, onda siz Hyzmatlary ulanmagy bes edip, öz Microsoft hasabyňyzy ýapmaly, eger siz ene-ata ýa-da hossar bolsaňyz, çagaňyza öz Microsoft hasabyny ýapmaga kömek etmeli.
- b. Käwagt Hyzmatlary ulanmaga dowam etmek üçin size programma üpjünçiligi täzelemeleri gerek bolar. Biz programma üpjünçiligi wersiýaňyzy awtomatik barlap, programma üpjünçiligi täzelemelerini ýa-da düzüliş üýtgetmelerini göçürip alyp bileris. Sizden Hyzmatlary ulanmaga dowam etmegiňiz üçin programma üpjünçiliginiň täzelemesini gurnamagyňyz hem soralmagy mümkin. Şol hili täzelemeler şu Şertlere degişlidir, ýöne, eger täzelemeleriň ýany bilen başga şertler berilse, onda şol başga şertler degişli bolar. Microsoft hiç bir täzelemäni elýeterli etmäge borçlanmaýar we siziň programma üpjünçiligini, programmalary, materiallary ýa-da başga önümleri satyn alan ýa-da lisenzirlän ulgam wersiýaňyzy goldamagymyzy kepillendirmeýär. Şol hili täzelemeler programma üpjünçiligi ýa-da üçünji taraplaryň üpjün edýän hyzmatlary bilen ylalaşykly bolman biler. Siz programma üpjünçiligini gurnawdan aýyrmak bilen, islendik geljekki programma üpjünçiligi täzelemelerine bolan razylygyňyzy yzyna alyp bilersiňiz.
- c. Üstesine, käwagt biziň Hyzmatlaryň funksiýalaryny ýa-da funksionallygyny aýyrmaly ýa-da üýtgetmeli, ýa-da bolmasa, belli bir Hyzmaty üpjün etmegi ýa-da Üçünji tarap programmalara we hyzmatlara girmekligi düýbünden togtatmaly bolmagymyz hem mümkin. Degişli kanunçylygyň talap edýän çäginden başga halatlarda biz islendik materialy, Sanly harydy (13.i bölüminde kesgitlenilýär) ýa-da öň satyn alnan programmalary täzeden göçürip almaklygy ýa-da çalşyryp bermekligi üpjün etmäge borçly däldiris. Hyzmatlary ýa-da olaryň funksiýalaryny synlaw ýa-da beta wersiýada goýberip bileris, şonuň üçinem, olaryň dogry ýa-da gutarnykly wersiýanyňky ýaly işlemezligi mümkindir.
- d. DRM (Sanly hukuklary dolandyryş) arkaly goralýan materiallary (mes. aýdym-saz, oýunlar, kinolar, kitaplar we ş.m.) ulanyp bilmegiňiz üçin, DRM programma üpjünçiliginiň onlaýn hukuklar serweri bilen awtomatik habarlaşyp, DRM täzelemelerini göçürip almagy we gurnamagy mümkindir.
Programma üpjünçiligi lisenziýasy
8. Programma üpjünçiligi lisenziýasy. Eger ýanynda aýratyn Microsoft lisenziýa ylalaşygy ýok bolsa (meselem, eger Windows-yň içine goşulan we onuň düzüminde durýan bir Microsoft programmasyny ulanýan bolsaňyz, onda şeýle programma üpjünçiligi Windows operasion ulgamynyň Microsoft Programma üpjünçiligi lisenziýa şertleri tarapyndan düzgünleşdirilýär), biz tarapyndan Hyzmatlaryň düzüminde üpjün edilýän islendik programma üpjünçiligi şu Şertlere tabyn bolup durýar. Microsoft-yň ýa-da onuň affilirlenen şahslarynyň eýeçiliginde durýan ýa-da şolar tarapyndan işledilýän belli Store-lardan (şol sanda, ýöne diňe olar bilen çäklenmezden, Office Store-dan, Windows-daky Microsoft Store-dan we Xbox-daky Microsoft Store-dan) alnan programmalar aşakdaky 13.b.i bölümine tabyndyr.
- a. Eger şu Şertleri berjaý etseňiz, onda biz size Hyzmatlaryň bir bölegi hökmünde, şol bir wagtyň özünde diňe bir adamyň ulanmaklygy üçin, her enjamda programma üpjünçiliginiň bir sanysyny gurnamaga we ulanmaga hukuk berýäris. Belli enjamlarda şeýle programma üpjünçiligi Hyzmatlary şahsy, täjirçilik däl maksatly ulanmagyňyz üçin deslapdan gurlan bolup biler. Hyzmatlaryň bir bölegi bolup durýan programma üpjünçiliginde ýa-da websaýtda üçünji tarap kod bar bolup biler. Programma üpjünçiligine ýa-da websaýta bagy bar bolan ýa-da salgylanýan islendik üçünji tarap skriptler ýa-da kodlar size Microsoft tarapyndan däl-de, şolaryň eýesi bolup durýan üçünji taraplar tarapyndan lisenzirlenilýär. Eger bar bolsa, üçünji tarap baradaky bildirişler diňe siziň habarly bolmagyňyz üçin goşulýar.
- b. Bu programma üpjünçiligi satylmaýar-da lisenzirlenilýär, şonuň üçinem, Microsoft gytaklaýyn, faktlara salgylanmak hukugynyň ýatyrylmagy sebäpli ýa-da başgaça görnüşde bolsun, tapawudy ýok, programma üpjünçiligi barada Microsoft tarapyndan aç-açan berilmedik ähli hukuklary özünde saklaýar. Bu lisenziýa size şu aşakdakylar boýunça hiç hili hukuk bermeýär we olar siziň üçin gadagan edilýär:
- i. programma üpjünçiligindäki ýa-da Hyzmatlardaky ýa-da şolar bilen baglanyşykly islendik tehnologiki gorag çäresiniň daşyndan aýlanyp geçmek;
- ii. Hyzmatlaryň düzüminde durýan ýa-da Hyzmatlaryň üsti bilen girip bolýan islendik programma üpjünçiligini ýa-da Hyzmatlaryň başga bir aspektini deassemblirlemek, dekomplirlemek, şifrini çözmek, döwmek, emulirlemek, işläp düzmek ýa-da tehnologiýasyny öwrenmek (eger degişli awtorlyk hukugy kanunynyň aç-açan rugsat bermeýän bolsa);
- iii. dürli enjamlarda ulanmak üçin, programma üpjünçiligini ýa-da Hyzmatlary komponentlerine bölmek;
- iv. programma üpjünçiligini ýa-da Hyzmatlary neşir etmek, nusgalamak/göçürmek, kireýne bermek, kärendesine bermek, satmak, eksportirlemek, importirlemek, ýaýratmak ýa-da wagtlaýyn ulanmaga bermek (eger Microsoft şeýle herekete aç-açan rugsat berýän bolsa, onda muňa degişli däl);
- v. programma üpjünçiligini, islendik programma üpjünçiligi lisenziýalaryny ýa-da Hyzmatlara girmek ýa-da olary ulanmak boýunça islendik hukugy başga birine/tarapa geçirmek;
- vi. Hyzmatlary başga kimdir biriniň olary ulanmagyny ýa-da islendik hyzmata, maglumata, hasaba ýa-da tora girmegini kynlaşdyryp biljek görnüşde, islendik birugsat görnüşde ulanmak;
- vii. ygtyýarsyz üçünji-tarap programmalar arkaly Hyzmatlara giriş bermek ýa-da islendik Microsoft-ygtyýarly enjamy (mes. Xbox konsollary, Microsoft Surface we ş.m.) modifisirlemek.
Töleg şertleri
9. Töleg şertleri. Eger bir Hyzmaty satyn alsaňyz, satyn alşyňyz şu şertlere degişlidir we sizem şolar bilen ylalaşýarsyňyz.
- a. Tölegler. Eger Hyzmatlaryň bir bölegi bilen baglanyşykly töleg bar bolsa, onda siz şol tölegi görkezilen pul birliginde tölemäge ylalaşýarsyňyz. Eger başgaça görkezilmedik bolsa, Hyzmatlar üçin görkezilen baha hiç bir degişli salgydy we walýuta çalşyk kursy bilen baglanyşykly çykdajylary öz içine almaýar. Eger başgaça görkezilmedik bolsa, tölegli Skype önümleriniň ähli bahalary ähli degişli salgytlary öz içine alýar. Siz şol salgytlary ýa-da beýleki çykdajylary tölemeklige bir özüňiz jogapkärçilik çekýärsiňiz. Skype salgytlary faktura maglumatyňyz bilen baglanyşykly ýaşalýan salgynyň esasynda hasaplaýar. Şol salgynyň dogry we takyk bolmagyny üpjün etmäge jogapkärçilik çekýärsiňiz. Skype önümlerinden başgalarda, eger ýerli kanunçylykda salgydy hasaplamak üçin başga bir binýat göz öňünde tutulmaýan bolsa, onda salgytlar siziň Microsoft hasabyňyz bellige alnan wagty ýerleşýän ýeriňiziň esasynda hasaplanylýar. Sizden tölegi öz wagtynda we doly möçberde almadyk ýagdaýymyzda, biziň siziň üçin Hyzmatlary togtatmagymyz ýa-da ýatyrmagymyz mümkin. Töleg tölenilmezligi sebäpli Hyzmatlaryň togtadylmagy ýa-da ýatyrylmagy siziň öz hasabyňyza we onuň içindäki zatlara girmegiňiziň we olary ulanmagyňyzyň kesilmegine eltip biler. Internete korporatiw ýa-da ýerleşýän ýeriňizi gizleýän başga hususy tordan birikmegiňiz tölegiň siziň hakyky ýerleşýän ýeriňiz üçin görkezilen tölegden tapawutly bolmagyna eltip biler. Ýerleşýän ýeriňize baglylykda, käbir amallarda daşary ýurt walýutasyny öwürmeli ýa-da olary başga bir ýurtda işlemeli bolup biler. Debet ýa-da kredit kart ulansaňyz, şol hyzmatlar üçin bankyňyz sizden goşmaça tölegleri alyp biler. Jikme-jiklik üçin, öz bankyňyza ýüz tutuň.
- b. Faktura hasabyňyz. Hyzmatyň töleglerini tölemek üçin, şol Hyzmata ýazylan wagtyňyz, sizden töleg usulyny saýlamagyňyz soralar. Skype-dan başga ähli Hyzmatlar üçin, faktura maglumatyňyza we töleg usulyňyza Microsoft hasap dolandyryş websaýtynda (https://go.microsoft.com/fwlink/p/?linkid=618281), Skype programma üpjünçiligi we önümleri üçin bolsa https://skype.com/go/myaccount salgysynda öz hasap portalyňyza girip we olary üýtgedip bilersiňiz. Ondan başga-da, siz emission bankyňyz ýa-da degişli töleg tory tarapyndan üpjün edilýän bolup, siz tarapyndan saýlanylan töleg usuly boýunça islendik täzelenilen hasap maglumatyny Microsoft-yň ulanmagyna ylalaşýarsyňyz. Siz amallaryňyzy tamamlap we şol amallar sebäpli size ýüz tutup bilmegimiz üçin, öz hasabyňyzy we başga maglumatlaryňyzy, şol sanda e-poçta salgyňyzy we töleg usuly jikme-jikligiňizi derrew täzelemäge ylalaşýarsyňyz. Faktura hasabyňyzda edilen üýtgetmeler, biz siziň faktura hasabyňyzdaky üýtgetmeleriňiz boýunça makul möhletiň dowamynda herekete geçýänçäk, siziň faktura hasabyňyza tabşyrýan töleglerimize täsir etmez.
- c. Faktura bermek. Microsoft-a töleg usulyny bermek bilen, siz (i) öz beren töleg usulyňyzy ulanmaga ygtyýarlydygyňyzy we bize berýän islendik töleg maglumatyňyzyň dogry we takykdygyny mälim edýärsiňiz; (ii) Microsoft-yň sizden Hyzmatlar ýa-da elýeterli material üçin öz töleg usulyňyz arkaly töleg almagyna ygtyýar berýärsiňiz; we (iii) ýazylan ýa-da ulanýan Hyzmatlaryňyzyň islendik bir tölegli funksiýasy üçin, şu Şertleriň hereket edýän döwrüniň dowamynda Microsoft-yň sizden töleg almagyna ygtyýar berýärsiňiz. Biz size şu görnüşlerde faktura kesip bileris: (a) öňünden, (b) satyn alyş pursadynda, (c) satyn alşyň göni yz ýanyndan; ýa-da (d) abuna Hyzmatlary üçin wagtly-wagtyna. Biziň siziň tassyklan möçberiňizi almaga hem hakymyz bardyr, şonuň üçinem, biz abuna Hyzmatlardan wagtly-wagtyna alynýan möçberde islendik bir üýtgeme bolan ýagdaýynda size öňünden habar bereris. Biz öň tölenilmedik möçberleriň birden köp faktura döwrüne bir gezekde faktura kesip bileris.
- d. Wagtly-wagtyna tölegler. Hyzmatlary abuna esasynda (mes. aýlyk, 3 aýlyk ýa-da ýyllyk) satyn alan wagtyňyz, siz gaýtalanýan töleglere ygtyýar berýändigiňizi we degişli Hyzmatyň abunasy siz ýa-da Microsoft tarapyndan ýatyrylýança, tölegleriň öz ylalaşan gaýtalanýan aralyklaryňyzda we öz saýlan usulyňyz arkaly Microsoft-a töleniljekdigini ykrar edip ylalaşýarsyňyz. Hyzmatlaryňyzy dowam etdirmäge töleg alynmaz ýaly, siz Hyzmatlaryňyzy indiki faktura senesinden öň ýatyrmaly. Biz size Hyzmatlary ýatyrmagyň usuly barada görkezmeleri üpjün ederis. Gaýtalanýan töleglere ygtyýar bermek bilen, siz elektron debetler ýa-da serişde geçirmek görnüşinde, ýa-da bellenen hasabyňyzdan elektron pul çekmeler (Awtomatlaşdyrylan kliring palatasy ýa-da şoňa meňzeş tölegler bolan ýagdaýynda), ýa-da bellenen hasabyňyzdan töleg almak (kredit karty ýa-da şoňa meňzeş tölegler bolan ýagdaýynda) (bilelikde "Elektron tölegler") görnüşinde Microsoft-yň şeýle tölegleri işlemegine ygtyýar berýärsiňiz. Abuna tölegleri köplenç degişli abuna döwrüniň öňünden alynýar. Eger islendik bir töleg tölenilmän yzyna gaýtarylsa ýa-da kredit karty ýa-da şoňa meňzeş amal ret edilse ýa-da amaly ýerine ýetirmekden ýüz öwrülse, onda Microsoft ýa-da onuň hyzmat üpjün edijileri yzyna gaýtarylan islendik bir degişli zady, ret edilen möçberi ýa-da hasapda ýeterlik serişde ýokdugy sebäpli salnan jerimäni almaga, şeýle hem, islendik şeýle tölegi Elektron töleg hökmünde işlemäge bolan hukugyny özünde saklaýar.
- e. Onlaýn beýannama we näsazlyklar. Skype-dan başga ähli Hyzmatlar üçin, Microsoft size Microsoft hasap dolandyryşy websaýtynda (https://go.microsoft.com/fwlink/p/?linkid=618282) onlaýn faktura beýannamasyny üpjün eder, siz şol websaýtda öz beýannamaňyzy görüp we çap edip bilersiňiz. Skype üçin, www.skype.com (https://www.skype.com) salgysynda hasabyňyza girip, onlaýn beýannamaňyza girip bilersiňiz. Ol biziň üpjün edýän ýeke-täk faktura beýannamamyzdyr. Eger fakturaňyzda bir ýalňyşlyk goýbersek, onda siz fakturaňyzda ýalňyşlygyň peýda bolan pursadyndan başlap, 90 günüň dowamynda ony bize habar bermäge borçlusyňyz. Biz görkezilen ýalňyşlygy iň gysga wagty dowamynda barlamaga borçlanýarys. Eger şol möhletiň dowamynda siz ýagdaýy bize habar bermeseňiz, şol ýalňyşlyk sebäpli ýüze çykan ýitgi boýunça ähli hak isleginden we jogapkärçilikden bizi boşadýarsyňyz, şeýle ýagdaýda, eger-de kanunda başgaça görkezilmedik bolsa, biz ýalňyşlygy düzetmäge ýa-da tölegi yzyna bermäge borçly bolmaýarys. Eger Microsoft fakturada bir ýalňyşlyk ýüze çykarsa, biz ol ýalňyşlygy 90 günüň dowamynda düzetmäge borçlanýarys. Bu syýasat degişli bolup biljek hiç bir kanuny hukuklara täsir etmeýär.
- f. Yzyna töleg syýasaty. Eger kanunda ýa-da belli bir Hyzmat teklibiniň şertlerinde başgaça göz öňünde tutulmaýan bolsa, ähli satyn alyşlar gutarnykly bolup durýar we olaryň tölegleri yzyna gaýtarylmaga degişli däldir. Eger Microsoft sizden ýalňyşlyk bilen töleg alandyr öýtseňiz, onda siz şol tölegiň alnan pursadyndan başlap, 90 günüň dowamynda bize ýüz tutmaly. Eger-de kanunda başgaça görkezilmedik bolsa, 90 günden öňki hiç bir tölegler yzyna tölenilmeýär. Eger kanunda başgaça görkezilmeýän bolsa, yzyna tölegleri ýa-da kreditleri diňe öz islegimizçe bermäge bolan hukugymyzy saklap galýarys. Eger biz yzyna töleg ýa-da algy bersek, geljekde şol bir ýa-da şoňa meňzeş yzyna tölegi bermäge borçly däldiris. Bu yzyna töleg syýasaty degişli bolup biljek hiç bir kanuny hukuklara täsir etmeýär. Tölegi gaýtarmak barada goşmaça maglumat üçin kömek temamyza (https://go.microsoft.com/fwlink/p/?linkid=618283) baryň. Taýwanda ýa-da Ysraýylda ýaşaýan bolsaňyz, üns beriň: Sarp edijileri goramak baradaky kanuna we onuň degişli hukuk namalaryna laýyklykda, maddy däl görnüşde üpjün edilen sanly material we/ýa-da onlaýn hyzmatlar bilen baglanyşykly ähli satyn alyşlar gutarnyklydyr we şeýle material ýa-da hyzmat onlaýn üpjün edilen bolsa, tölegini yzyna alyp bolmaýar. Siziň hiç hili sowaşma möhletini ýa-da yzyna tölegi talap etmäge hukugyňyz ýokdur.
- g. Hyzmatlary ýatyrmak. Bir Hyzmaty islendik wagt belli bir sebäp bilen ýa-da hiç hili sebäpsiz ýatyryp bilersiňiz. Tölegli Hyzmatlary ýatyrmak geljekde Hyzmaty dowam etdirmäge töleg alynmagyny bes eder. Eger Hyzmaty bes edip, tölegini yzyna almaga hakyňyz bar bolsa, onda şeýtmek üçin, Microsoft hasap dolandyryşy websaýtyna baryň. Skype üçin şu ýerde (https://go.microsoft.com/fwlink/p/?linkid=618286) üpjün edilýän maglumatlary ulanyp, Çekiliş formasyny dolduryň. Siz şu aşakdaky ýagdaýlarda Hyzmatlary beýan edýän teklibi täzeden gözden geçirmeli bolarsyňyz: (i) ýatyran wagtyňyz yzyna tölegi alyp bilmeseňiz; (ii) ýatyryş töleglerini tölemäge borçly bolup çyksaňyz; (iii) ýatyryş senesinden öň Hyzmatlar boýunça fakturaňyz üçin görkezilen ähli tölegleri tölemäge borçly bolup çyksaňyz; we (iv) Hyzmatlary ýatyranyňyzda hasabyňyza girişiňiz we hasaby ulanmagyňyz kesilse; ýa-da, eger Taýwanda ýa-da Ysraýylda ýaşaýan bolsaňyz, (v) Hyzmat üçin tölenilen, ýatyryş wagtynda hasaplanan ulanylmadyk töleglere deň möçberde yzyna töleg alyp biljek bolsaňyz. Eger Ysraýylda ýaşaýan bolsaňyz, https://support.microsoft.com/help/4027815 salgysynda görkezilýän tärleriň islendigi bilen ýatyryp bilersiňiz. Yzyna töleg almaga hukugyňyz bar bolsa, ony almak üçin Microsoft-yň wekiline telefon arkaly ýüz tutuň. Maglumatlaryňyzy ýokarda 4-nji bölümde beýan edilýän görnüşde işläris. Eger ýatyrsaňyz, Hyzmatlara girişiňiz şol wagtky Hyzmat möhletiniň ahyrynda gutarar ýa-da eger hasabyňyza belli aralyklarda faktura kesýän bolsak, onda ol siziň ýatyran aralyk möhletiňiziň ahyrynda gutarar. Eger Hyzmatlara tölän tölegiňiz üçin bankyňyzda tölegi yzyna almak ýa-da gaýtarmak öwürmek prosesini başlatsaňyz, onda biz asyl tölegiň geçirilen senesinden başlap ony ýatyrdyňyz diýip, şeýle hem hyzmatyňyzy we/ýa-da şol tölege derek siz üpjün edilen islendik materialy şolbada ýatyrmaga bize ygtyýar berýärsiňiz diýip hasap ederis.
- h. Synag möhleti teklipleri. Eger islendik bir synag möhleti teklibine gatnaşýan bolsaňyz, onda synag möhletiniň ahyrynda Hyzmat(lar)y dowam etdirmek üçin töleg alynmaz ýaly, teklibi kabul eden wagtyňyz size görkezilen möhletiň dowamynda synag möhletli Hyzmat(lar)y ýatyrmagyňyzyň talap edilmegi mümkindir. Belli bir synag möhleti teklipleri üçin, awtomatik möhlet uzatmagyň açylmagyny talap edip bileris.
- i. Höweslendirme teklipleri. Wagtal-wagtal Microsoft-yň Hyzmatlary synag möhleti bilen mugt teklip etmegi mümkin. Eger Microsoft (öz makul garaýşyna görä) siziň teklibiň şertlerini bozýandygyňyzy anyklasa, şol Hyzmatlar üçin (nominal tarif boýunça) sizden töleg almaga bolan hukugyny özünde saklaýar.
- j. Baha üýtgemeleri. Biz Hyzmatlaryň bahasyny islendik wagt üýtgedip bileris we eger Hyzmaty gaýtalanýan tertipde satyn alyp durýan bolsaňyz, biz size baha üýtgemezden azyndan 15 gün öňünden e-poçta ýa-da başga bir usul arkaly habar bereris. Eger bahanyň üýtgemegi bilen ylalaşmaýan bolsaňyz, onda siz baha üýtgemesi güýje girmänkä, Hyzmatlary ýatyrmaly we ulanmagy bes etmeli. Eger Hyzmat teklibiňiz üçin belli bir möhlet we baha bellenilen bolsa, onda ol baha şol bellenilen möhletiň dowamynda hereket edýär.
- k. Size tölegler. Eger biziň size bergimiz bar bolsa, onda siz biziň tölegi amala aşyrmagymyz üçin gerek bolan islendik maglumaty öz wagtynda we takyk görnüşde bize bermäge ylalaşýarsyňyz. Degişli kanuna tabynlykda, siz özüňize tölenilen şol tölegiň netijesinde çekýän ähli salgytlaryňyz we çykdajylaryňyz üçin jogapkärçilik çekýärsiňiz. Siz özüňiziň tölegi almaga bolan hukugyňyz bilen baglanyşyklylykda biziň goýýan beýleki şertlerimizi hem berjaý etmelisiňiz. Eger ýalňyşlyk bilen size degişli däl bir töleg alsaňyz, biziň ony yzyna dolamaga ýa-da yzyna dolmagyňyzy talap etmäge hakymyz bardyr. Siz şol mesele boýunça bize kömek etmäge ylalaşýarsyňyz. Ondan başga-da, öň artykmaç tölenen islendik bir möçberi sazlamak üçin, size tölenilmeli möçberi azaltmaga hem hakymyz bardyr.
- l. Sowgat petekleri. Sowgat petekleriniň (Skype sowgat peteklerinden başga) üzlüşilmegi we ulanylmagy Microsoft Sowgat petegi şertleri we düzgünleri (https://support.microsoft.com/help/10562/microsoft-account-gift-card-terms-and-conditions) tarapyndan düzgünleşdirilýär. Skype sowgat petekleri barada maglumat Skype-yň Kömek sahypasynda (https://go.microsoft.com/fwlink/?LinkId=615383) elýeterli.
- m. Bank hasaby töleg usuly. Talabalaýyk bank hasabyny töleg usuly hökmünde goşmak üçin, ony Microsoft hasabyňyzda bellige alyp bilersiňiz. Talabalaýyk bank hasaplaryna şular degişli: göni debet amallaryny kabul etmäge ukyply maliýe guramasynda açylan hasap (mes. awtomatlaşdyrylan kliring palatasynyň ("ACH") amallaryny goldaýan, düýbi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýerleşýän maliýe guramasy, Ýeke-täk Ýewro tölegleri sebitini ("SEPA") goldaýan ýa-da Niderlandlarda "iDEAL" goldaýan, düýbi Ýewropada ýerleşýän maliýe guramasy). Bank hasabyňyzy Microsoft hasabyňyzda töleg usuly hökmünde goşanyňyzda ylalaşan şertleriňiz (mysal üçin, SEPA boýunça "mandat") hem degişli bolar. Bellige alnan bank hasabyňyzyň öz adyňyzadygyny ýa-da şol bank hasabyny töleg usuly hökmünde ulanmaga ygtyýaryňyzyň bardygyny beýan edýärsiňiz hem-de kepillendirýärsiňiz. Bank hasabyňyzy bellige aldyrmak ýa-da töleg usulyňyz hökmünde saýlamak bilen, Microsoft-a (ýa-da onuň wekillerine) bank hasabyňyzdan satyn alan harydyňyzyň ýa-da abunaňyzyň töleginiň (abuna hyzmatyňyzyň şertlerine laýyklykda) jemi möçberi üçin bir ýa-da birnäçe debet başlatmaga (we zerur halatda ýalňyşlyklary düzetmek, tölegi gaýtarmak ýa-da şolara meňzeş maksatlar bilen bank hasabyňyza bir ýa-da birnäçe kredit başlatmaga) ygtyýar berýärsiňiz, şeýle hem, bank hasabyňyzy özünde saklaýan maliýe guramasyna şol debetleri ýa-da kreditleri kemmäge ygtyýar berýärsiňiz. Bank hasaby maglumatyňyzy Microsoft hasabyňyzdan aýyrýançaňyz, şu ygtyýar bermegiň öz güýjüni doly saklaýandygyna düşünýärsiňiz. Eger sizden ýalňyşlyk bilen töleg alnandyr öýdýän bolsaňyz, mümkin boldugyça gyssagly ýagdaýda ýokarda 4.e bölüminde düşündirilişi ýaly müşderi goldawyna ýüz tutuň. Ýurduňyzda hereket edýän kanunçylyk hem bank hasabyňyzdan galp, ýalňyş ýa-da ygtyýarsyz amallar üçin jogapkärçiligiňizi çäklendirip biler. Bank hasabyny bellige almak ýa-da töleg usuly hökmünde saýlamak bilen, şu Şertleri okandygyňyzy, olara düşünýändigiňizi hem-de olar bilen ylalaşýandygyňyzy beýan edýärsiňiz.
Potratçy gurama, ulanylýan hukugy saýlamak we jedelleriň çözülmeli ýeri
10. Potratçy edara, ulanylýan hukuk we jedelleriň çözülmeli ýeri. Mugt ýa-da tölegli Skype-brendli müşderi hyzmatlaryny ulanmak üçin, eger Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň we Afrikanyň daşynda ýaşaýan bolsaňyz, onda eger aşakda başgaça görkezilmedik bolsa, siz "Skype Communications S.à.r.l, 23 – 29 Rives de Clausen, L-2165 Luxembourg" bilen şertnama baglaşýarsyňyz we şu Şertlerde "Microsoft"-a ähli salgylanmalar hem şony aňladýar. Mugt ýa-da tölegli Skype-brendli müşderi hyzmatlaryny ulanmak üçin, eger Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň we Afrikanyň daşynda ýaşaýan bolsaňyz, kanun ýörelgeleriniň çaknyşýandygyna garamazdan, şu Şertleriň düşündirilmegi we olaryň bozulmagy baradaky hak islegleri Lýuksemburgyň kanunlary tarapyndan düzgünleşdirilýär. Siziň ýaşaýan welaýatyňyzyň ýa-da ýurduňyzyň kanunlary ähli beýleki hak isleglerini (şol sanda müşderiniň goralmagy, adalatsyz bäsleşik we raýat hukuk bozulmasy boýunça hak islegleri) düzgünleşdirýär. Eger Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň we Afrikanyň daşynda ýaşaýan bolsaňyz, onda siziň we biziň Skype-brendli müşderi hyzmatlaryndan gelip çykýan ýa-da şolar bilen baglanyşykly ähli jedeller üçin Lýuksemburgyň kazyýetleriniň ýörite ýurisdiksiýasy we ýerleşýän ýeri bilen dolanywsyz görnüşde ylalaşdygymyz bolýar. Ähli beýleki Hyzmatlar üçin, siziň şertnama baglaşýan guramaňyz, düzgünleşdiriji kanun we jedelleriň çözülmeli ýeri şu aşakda görkezilýär:
- a. Kanada. Eger Kanadada ýaşaýan bolsaňyz (ýa-da, biznes bolsa, esasy biznes ýeriňiz şol ýurtda ýerleşýän bolsa) we tölegli müşderi Skype-brendli hyzmatlary ýa-da Microsoft Teams-iň mugt böleklerini, onda "Skype Communications US Corporation, 2215-B Renaissance Drive, Las Vegas, NV 89119, United States" bilen şertnama baglaşýarsyňyz. Ähli beýleki mugt we tölegli sarp ediji Hyzmatlary üçin, siz "Microsoft Corporation, One Microsoft Way, Redmond, WA 98052, U.S.A" bilen şertnama baglaşýarsyňyz. Siziň ýaşaýan prowinsiýaňyzyň (ýa-da, biznes bolsa, esasy biznes ýeriňiziň ýerleşýän prowinsiýasynyň) kanunlary, kanun ýörelgeleriniň çaknyşýandygyna garamazdan, şu Şertleriň düşündirilmegini, olaryň bozulmagy baradaky hak isleglerini we ähli beýleki hak isleglerini (şol sanda müşderiniň goralmagy, adalatsyz bäsleşik we raýat hukuk bozulmasy boýunça hak islegleri) düzgünleşdirýär. Siz we biz şu Şertlerden ýa-da Hyzmatlardan gelip çykýan ýa-da şolar bilen baglanyşykly ähli jedeller üçin Ontario şäheriniň kazyýetleriniň ýörite ýurisdiksiýasyna we ýerleşýän ýerine dolanywsyz görnüşde razylyk berýäris.
- b. ABŞ-nyň we Kanadanyň daşynda Demirgazyk ýa-da Günorta Amerika. Eger ABŞ-nyň we Kanadanyň daşynda Demirgazyk ýa-da Günorta Amerikada ýaşaýan bolsaňyz (ýa-da, biznes bolsa, esasy biznes ýeriňiz ABŞ-nyň we Kanadanyň daşynda Demirgazyk ýa-da Günorta Amerikada ýerleşýän bolsa), onda siz "Microsoft Corporation, One Microsoft Way, Redmond, WA 98052, U.S.A" bilen şertnama baglaşýarsyňyz. Waşington ştatyny kanunlary, kanun ýörelgeleriniň çaknyşýandygyna garamazdan, şu Şertleriň düşündirilmegini we olaryň bozulmagy baradaky hak isleglerini düzgünleşdirýär. Hyzmatlaryňyzy gönükdirýän ýurdumyzyň kanunlary ähli beýleki hak isleglerini (şol sanda müşderiniň goralmagy, adalatsyz bäsleşik we raýat hukuk bozulmasy boýunça hak islegleri) düzgünleşdirýär.
- c. Ýakyn Gündogar, Afrika ýa-da Ýewropa. Eger Ýakyn Gündogarda, Afrikada ýa-da Ýewropa Bileleşigi (ÝB), Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa, Şweýsariýa we Birleşen Korollyk degişli bolmazdan Ýewropada ýaşaýan bolsaňyz (ýa-da biznes bolsa, esasy biznes ýeriňiz şolarda ýerleşýän bolsa) we Hyzmatlaryň mugt böleklerini (mes. Bing we MSN) ulanýan bolsaňyz, onda siz "Microsoft Corporation, One Microsoft Way, Redmond, WA 98052, U.S.A." bilen şertnama baglaşýarsyňyz, ýöne, eger Skype-yň mugt böleklerini ulanýan bolsaňyz, onda siz "Microsoft Ireland Operations Limited, One Microsoft Place, South County Business Park, Leopardstown, Dublin 18, Ireland" bilen şertnama baglaşýarsyňyz. Eger Hyzmatlaryň bir bölegini ulanmak üçin tölän bolsaňyz, onda siz "Microsoft Ireland Operations Limited, One Microsoft Place, South County Business Park, Leopardstown, Dublin 18, Ireland" bilen şertnama baglaşýarsyňyz. Mugt we tölegli Hyzmatlar üçin, kanun ýörelgeleriniň çaknyşýandygyna garamazdan, şu Şertleriň düşündirilmegi we olaryň bozulmagy baradaky hak islegleri Irlandiýanyň kanunlary tarapyndan düzgünleşdirilýär. Hyzmatlaryňyzy gönükdirýän ýurdumyzyň kanunlary ähli beýleki hak isleglerini (şol sanda müşderiniň goralmagy, adalatsyz bäsleşik we raýat hukuk bozulmasy boýunça hak islegleri) düzgünleşdirýär. Siz we biz şu Şertlerden ýa-da Hyzmatlardan gelip çykýan ýa-da şolar bilen baglanyşykly ähli jedeller üçin Irlandiýanyň kazyýetleriniň ýörite ýurisdiksiýasy we ýerleşýän ýeri bilen dolanywsyz görnüşde ylalaşýarys.
- d. Aziýa ýa-da Günorta Ýuwaş okean sebiti (eger ýurduňyz aşakda ýörite görkezilmeýän bolsa). Eger Aziýada (Hytaý, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy we Taýwan degişli däl) ýa-da Günorta Ýuwaş okean sebitinde ýaşaýan bolsaňyz (ýa-da, biznes bolsa, esasy biznes ýeriňiz şolarda ýerleşýän bolsa) we Hyzmatlaryň mugt böleklerini (mes. Bing we MSN) ulanýan bolsaňyz, onda "Microsoft Corporation, One Microsoft Way, Redmond, WA 98052, U.S.A" bilen şertnama baglaşýarsyňyz. Eger Hyzmatlaryň islendik bir bölegini ulanmak üçin töleg tölän bolsaňyz ýa-da Singapurda ýa-da Gonkongda mugt Outlook.com hyzmatyny ulanýan bolsaňyz, onda siz Singapurda edaralaşdyrylan we hasaba alnan iş salgysy 182 Cecil Street, #13-01 Frasers Tower, Singapore 069547 bolan "Microsoft Regional Sales Pte Ltd." bilen şertnama baglaşýarsyňyz; şeýle hem, eger Awstraliýada ýaşaýan bolsaňyz (ýa-da, biznes bolsa, esasy biznes ýeriňiz şol ýurtda ýerleşýän bolsa), siz Microsoft Pty Ltd, 1 Denison St, North Sydney, NSW 2060, Australia bilen şertnama baglaşýarsyňyz we eger Täze Zelandiýada ýaşaýan bolsaňyz (ýa-da, biznes bolsa, esasy biznes ýeriňiz şol ýurtda ýerleşýän bolsa), siz Microsoft New Zealand Limited, Level 5, 22 Viaduct Harbour Avenue, PO Box 8070 Symonds Street, Auckland, 1150 New Zealand bilen şertnama baglaşýarsyňyz. Mugt we tölegli Hyzmatlar üçin, kanun ýörelgeleriniň çaknyşýandygyna garamazdan, şu Şertleriň düşündirilmegi we olaryň bozulmagy baradaky hak islegleri Waşington ştatynyň kanunlary tarapyndan düzgünleşdirilýär. Hyzmatlaryňyzy gönükdirýän ýurdumyzyň kanunlary ähli beýleki hak isleglerini (şol sanda müşderiniň goralmagy, adalatsyz bäsleşik we raýat hukuk bozulmasy boýunça hak islegleri) düzgünleşdirýär. Şu Şertlerden ýa-da Hyzmatlardan (Skype-dan başga) gelip çykýan ýa-da şol bilen baglanyşykly islendik jedele, şol sanda olaryň barlygy, hereket edýänligi ýa-da ýatyrylandygy baradaky islendik meselä Singapurda Singapuryň Halkara arbitraž merkeziniň (SIAC) Arbitraž kadalaryna laýyklykda garalýar we gutarnykly çözgüt kabul edilýär, ol kadalar şu maddanyň bitewi bölegi diýlip hasap edilýär. Tribunal SIAC-yň prezidentiniň bellejek bir arbitrinden ybarat bolar. Arbitražyň dili iňlis dili bolar. Arbitriň çykarjak çözgüdi gutarnykly, hökmany we jedelsiz bolar, şeýle hem, ol islendik ýurtda ýa-da sebitde çözgüt çykarmaga esas bolup hyzmat eder.
- e. Ýaponiýa. Eger Ýaponiýada ýaşaýan bolsaňyz (ýa-da, biznes bolsa, esasy biznes ýeriňiz Ýaponiýada ýerleşýän bolsa) we Hyzmatlaryň mugt böleklerini (mes. Bing we MSN) ulanýan bolsaňyz, onda siz "Microsoft Corporation, One Microsoft Way, Redmond, WA 98052, U.S.A" bilen şertnama baglaşýarsyňyz. Eger Hyzmatlaryň islendik bir bölegini ulanmak üçin töleg tölän bolsaňyz, onda siz "Microsoft Japan Co., Ltd (MSKK), Shinagawa Grand Central Tower, 2-16-3 Konan Minato-ku, Tokyo 108-0075" bilen şertnama baglaşýarsyňyz. Mugt we tölegli Hyzmatlar üçin, şu Şertler we olardan ýa-da Hyzmatlardan gelip çykýan ýa-da şolar bilen baglanyşykly islendik meseleler Ýaponiýanyň kanunlary tarapyndan düzgünleşdirilýär. Siz we biz şu Şertlerden ýa-da Hyzmatlardan gelip çykýan ýa-da şolar bilen baglanyşykly ähli jedeller üçin Tokio okrug kazyýetiniň ýörite birinji instansiýaly ýurisdiksiýasy we ýerleşýän ýeri bilen dolanywsyz görnüşde ylalaşýarys.
- f. Koreýa Respublikasy.
- i. Eger Koreýa Respublikasynda ýaşaýan bolsaňyz (ýa-da, biznes bolsa, esasy biznes ýeriňiz şonda ýerleşýän bolsa) we Hyzmatlaryň mugt böleklerini (mes. Bing we MSN) ulanýan bolsaňyz, onda siz "Microsoft Corporation, One Microsoft Way, Redmond, WA 98052, U.S.A." bilen şertnama baglaşýarsyňyz. Eger Hyzmatlaryň bir bölegini ulanmak üçin töleg tölän bolsaňyz, onda siz "Microsoft Korea, Inc., 12th Floor, Tower A, The K-Twin Tower, Jongro 1 gil 50, Jongro-gu, Seoul, Republic of Korea, 03142" bilen şertnama baglaşýarsyňyz. Mugt we tölegli Hyzmatlar üçin, şu Şertler we olardan ýa-da Hyzmatlardan gelip çykýan ýa-da şolar bilen baglanyşykly islendik meseleler Koreýa Respublikasynyň kanunlary tarapyndan düzgünleşdirilýär. Siz we biz şu Şertlerden ýa-da Hyzmatlardan gelip çykýan ýa-da şolar bilen baglanyşykly ähli jedeller üçin Seul merkezi okrug kazyýetiniň ýörite däl birinji instansiýaly ýurisdiksiýasy we ýerleşýän ýeri bilen dolanywsyz görnüşde ylalaşýarys.
- ii. Eger Koreýa Respublikasynda ýaşaýan bolsaňyz, kanuna laýyklykda, şu Şertler ýaly bir şertnama tarapyndan çäklendirip bolmaýan belli bir hukuklaryňyz bar bolmagy mümkin. Şu Şertler hiç hili ýagdaýda şol hukuklary çäklendirmek ýa-da Microsoft-yň kanun tarapyndan goýulýan jogapkärçiliklerini çäklendirmek üçin niýetlenilmeýär. Şu resminamanyň başgaça tertip goýýan hiç bir düzgünine seretmezden, şu Şertler kanun tarapyndan rugsat berilýän çäge çenli hereket edýär. Şu Şertleriň islendik görnüşde üýtgedilmegi (we eger degişli bolsa, gaýtalanýan abunaly Hyzmatlar üçin alynýan tölegde islendik görnüşde üýtgetme edilmegi) kanunyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmelidir.
- g. Taýwan. Eger Taýwanda ýaşaýan bolsaňyz (ýa-da, eger biznes bolsaňyz, esasy biznes ýeriňiz şonda ýerleşýän bolsa), we siz Hyzmatlaryň mugt böleklerini (mes. Bing we MSN) ulanýan bolsaňyz, onda siz "Microsoft Corporation, One Microsoft Way, Redmond, WA 98052, U.S.A." bilen şertnama baglaşýarsyňyz. Eger Hyzmatlaryň bir bölegini ulanmak üçin tölän bolsaňyz, onda siz "Microsoft Taiwan Corp., 18F, No. 68, Sec. 5, Zhongxiao E. Rd., Xinyi District, Taipei 11065, Taiwan" bilen şertnama baglaşýarsyňyz. Mugt we tölegli Hyzmatlar üçin, şu Şertler we olardan ýa-da Hyzmatlardan gelip çykýan ýa-da şolar bilen baglanyşykly islendik meseleler Taýwanyň kanunlary tarapyndan düzgünleşdirilýär. "Microsoft Taiwan Corp." barada jikme-jik maglumat almak üçin, Taýwanyň Ykdysady işler ministrliginiň üpjün edýän websatyna baryň. (https://gcis.nat.gov.tw/mainNew/). Taýwanyň kanunlarynda rugsat berilýän maksimum çäkde, siz we biz şu Şertlerden ýa-da Hyzmatlardan gelip çykýan ýa-da şolar bilen baglanyşykly islendik jedeller boýunça Taýbeý okrug kazyýetini ýörite birinji instansiýaly ýurisdiksiýaly kazyýet hökmünde dolanywsyz görnüşde belleýäris.
Siziň ýerli müşderi kanunlaryňyz, şu Şertlere garamazdan, jedelleri käbir ýerli kanunlaryň düzgünleşdirmegini ýa-da size olary başga bir forumda çözmäge hukuk berýän bolup biler. Eger şeýle bolsa, siziň ýerli müşderi kanunlaryňyzyň rugsat berýän çäginde, 10-njy bölümdäki kanun we forum saýlap almak baradaky düzgünler ulanylmalydyr.
Kepillikler
11. Kepillikler.
- a. MICROSOFT WE BIZIŇ AFFILIRLENEN ŞAHAMÇALARYMYZ, ALYP SATYJYLARYMYZ, DISTRIBÝUTORLARYMYZ WE ÜPJÜN EDIJILERIMIZ SIZIŇ HYZMATLARY ULANMAGYŇYZ BOÝUNÇA AÇ-AÇAN ÝA-DA GÜMÄN EDILÝÄN HIÇ HILI KEPILLIKLERI ÝA-DA ŞERTLERI BERMEÝÄR. SIZ HYZMATLARY ULANMAGYŇYZYŇ ÖZ TÖWEKGELÇILIGIŇIZ ASTYNDA DURÝANDYGYNA, ŞEÝLE HEM, BIZIŇ HYZMATLARY "BOLŞY ÝALY" ESASDA "ÄHLI KEMÇILIKLERI BILEN BILELIKDE" WE "ELÝETERLI BOLDUGYÇA" ÜPJÜN EDÝÄNDIGIMIZE DÜŞÜNÝÄRSIŇIZ. MICROSOFT HYZMATLARYŇ TAKYKLYGYNY ÝA-DA ÖZ WAGTYNDA BOLMAGYNY KEPILLENDIRMEÝÄR. ÖZ ÝERLI KANUNLARYŇYZ ESASYNDA KÄBIR HUKUKLARYŇYZ BAR BOLUP BILER. ŞU ŞERTLERDÄKI HIÇ BIR ZAT (EGER DEGIŞLI BOLSALAR) ŞOL HUKUKLARYŇYZA TÄSIR ETMEKLIGE NIÝETLENILMEÝÄR. SIZ KOMPÝUTER WE TELEKOMMUNIKASIÝA ULGAMLARYNYŇ KEMÇILIKSIZ BOLMAÝANDYGYNY WE KÄWAGT OLARYŇ IŞLEMÄN DURÝAN DÖWÜRLERINIŇ BOLÝANDYGYNY YKRAR EDÝÄRSIŇIZ. BIZ HYZMATLARYŇ BÖKDENÇSIZ, ÖZ WAGTYNDA, HOWPSUZ WE ÝALŇYŞLYKSYZ BOLJAKDYGYNY, ŞEÝLE HEM MATERIALLARYŇ ÝITMEJEKDIGINI KEPILLENDIRMEÝÄRIS, ONDAN BAŞGA-DA, KOMPÝTER TORLARYNA BIRIKMEGI WE OLARDAN ZAT GEÇIRMEKLIGI HEM KEPILLENDIRMEÝÄRIS.
- b. ÝERLI KANUNLARYŇYZYŇ RUGSAT BERÝÄN ÇÄGINDE, BIZ HIÇ BIR GÜMAN EDILÝÄN KEPILLIGI, ŞOL SANDA SATYŞA ÝARAMLYLYK, KANAGATLANARLY HIL, BELLI BIR MAKSADA ÝARAMLYLYK, TALABALAÝYK HILDE ÝERINE ÝETIRILENLIK WE INTELLEKTUAL EÝEÇILIK HUKUGYNYŇ BOZULMAZLYGY BOÝUNÇA KEPILLIKLERI GÖZ ÖŇÜNDE TUTMAÝARYS.
- c. Awstraliýada ýaşaýan müşderiler üçin: Biziň harytlarymyz we hyzmatlarymyz Awstraliýanyň Alyjylar baradaky kanunyna laýyklykda degişli däl edip bolmaýan kepillikler bilen bilelikde gelýär. Hyzmatdaky düýpli kemçilikler üçin, siziň şulara hukugyňyz bardyr:
- biz bilen baglaşan hyzmat şertnamaňyzy ýatyrmak; we
- ulanylmadyk bölek üçin yzyna töleg almak ýa-da onuň peselen bahasy üçin öweztöleg almak.
Harytlardaky düýpli kemçilikler üçin yzyna tölegi ýa-da öweztölegi saýlamaga-da hukugyňyz bardyr. Eger harytlaryň ýa-da hyzmatyň kemçiligi düýpli däl bolsa, ol kemçiligi makul möhletiň dowamynda düzetdirmäge hukugyňyz bardyr. Eger ol düzedilmese, harytlar üçin yzyna töleg almaga, hyzmatyň şertnamasyny ýatyrmaga we islendik ulanylmadyk bölek üçin yzyna töleg almaga hukugyňyz bardyr. Harytlardaky ýa-da hyzmatdaky makul derejede öňünden bilip bolýan islendik ýitgi ýa-da zeper üçin hem öweztöleg almaga hukugyňyz bardyr.
- d. Täze Zelandiýada ýaşaýan müşderiler üçin. Täze Zelandiýanyň müşderi kepillkleri baradaky kanunyna laýyklykda, siziň käbir kanuny hukuklaryňyz bar bolup biler we şu Şertlerdäki hiç bir zat şol hukuklaryňyza täsir etmeklige niýetlenilmeýär.
Jogapkärçiligiň çäklendirilmegi
12. Maddy jogapkärçiligiň çäkliligi.
- a. Eger degişli kanunyň rugsat berýän çägine çenli zeperleri töletmek üçin islendik bir esasyňyz (şol sanda şu Şertleriň bozulmagy) bar bolsa, onda ýitginiň ýa-da düzgün bozulmanyň bolan aýynyň dowamynda Hyzmatlar üçin tölän tölegiňize deň möçbere çenli (ýa-da eger Hyzmatlar mugt bolsa, 10 ABŞ dollaryna çenli) gönümel zeperleri Microsoft-a ýa-da onuň islendik golçur kärhanasyna, satyjylaryna, distribýutorlaryna, şeýle hem üçünji tarap programmalary we hyzmatlary üpjün edijilere töletmegiň siziň ýörite çykalgaňyz boljakdygy bilen ylalaşýarsyňyz.
- b. Degişli kanunyň rugsat berýän çägine çenli, siz şu aşakdakylary töledip bilmeýärsiňiz: (i) netijeleýin ýitgiler ýa-da zeperler; (ii) hakyky ýa-da garaşylýan düşewündiň ýitirilmegi (gönümel ýa-da gytaklaýyn); (iii) hakyky ýa-da garaşylýan girdejiniň ýitirilmegi (gönümel ýa-da gytaklaýyn); (iv) şertnamanyň ýa-da biznesiň ýitgisi, ýa-da şahsy däl ukyplylykda Hyzmatlary ulanmagyňyzdan gelip çykýan beýleki ýitgiler ýa-da zeperler; (v) ýörite, gytaklaýyn, tötänleýin ýa-da jerimeleýin ýitgiler ýa-da zeperler; we (vi) kanunyň rugsat berýän çäginde, ýokarda 12.a bölümde görkezilýän çäklerden geçýän gönümel ýitgiler ýa-da zeperler. Bu çäklendirmeler we kadadan çykmalar, eger bu çykalga islendik ýitgileriň doly öwezini dolmasa, ýa-da öz esasy maksadyna ýetip bilmese, ýa-da eger biz zeperleriň bolmagynyň ähtimaldygyny bilen ýa-da bilmeli bolsak, diňe şonda degişli bolýar. Kanunyň rugsat berýän maksimum çäginde, bu çäklendirmeler we kadadan çykmalar şu Şertlere, Hyzmatlara ýa-da Hyzmatlar bilen baglanyşykly programma üpjünçiligi bilen baglanyşykly izlendik zat ýa-da islendik hak islegi üçin degişlidir.
- c. Microsoft-yň makul kontrollygynyň daşyndaky ýagdaýlar (mes. zähmet jedelleri, tebigy betbagtçylyklar, uruş ýa-da terrorçylykly hereket, zyýanly ýitgi, heläkçilikler ýa-da islendik degişli kanunyň ýa-da hökümet buýrugynyň berjaý edilmegi) tarapyndan ýüze çykan näsazlyk ýa-da gijikmeler bolan ýagdaýynda, Microsoft şu Şertlerdäki öz borçlaryny ýerine ýetirmändigi ýa-da giç ýerine ýetirendigi sebäpli jogapkärçilik çekmeýär. Microsoft islendik şeýle wakalaryň täsirlerini minimuma çenli azaltmaga we täsir astyna düşmedik borçlaryny ýerine ýetirmäge jan eder.
Hyzmata mahsus şertler
13. Hyzmata mahsus şertler. 13-nji bölümden öňki we soňky şertler umuman ähli Hyzmatlara degişlidir. Bu bölümde umumy şertlere goşmaça hökmünde hyzmata mahsus şertler bar. Ol hyzmata mahsus şertlere umumy şertler bilen gapma-garşylyk bar bolan ýagdaýynda gollanylýar.
Xbox
- a. Xbox.
- i. Täjirçilik däl şahsy ulanyş. Microsoft tarapyndan üpjün edilýän Xbox onlaýn hyzmaty, ("Xbox Network"), Xbox Game Studios oýunlary (şol sanda Mojang Games) (https://www.xbox.com/xbox-game-studios), programmalar, abunalar (meselem, Xbox Game Pass abuna hyzmaty teklipleri), hyzmatlar (meselem, Xbox Cloud Gaming) hem-de materiallar (bilelikde "Xbox hyzmatlary") diňe şahsy we täjirçilik däl görnüşde ulanmagyňyz üçindir.
- ii. Xbox hyzmatlary. Xbox hyzmatlaryny almaga ýazylan wagtyňyz, siziň oýun oýnaýşyňyz, işjeňlikleriňiz we oýunlary hem-de Xbox hyzmatlaryny ulanyşyňyz baradaky maglumat yzarlanar we ol Microsoft-yň Xbox hyzmatlaryny üpjün etmegi hem-de üçünji taraplaryň Microsoft-däl oýunlaryny we hyzmatlaryny işletmegi üçin, degişli üçünji taraplar, şol sanda oýun işläp düzüjiler we neşirçiler bilen paýlaşylar. Mundan başga-da, Xbox Hyzmatlaryna üçünji-tarap enjamlar ýa-da platformalar arkaly girilýän bolsa, oýun oýnamagyňyz, işjeňlikleriňiz we oýunlaryň hem-de Xbox Hyzmatlarynyň ulanylyşy barada maglumat islendik üçünji-tarap şertlerine we gizlinlik syýasatlaryna tabynlykda şeýle üçünji-tarap enjamlar ýa-da platformalar tarapyndan yzarlanyp we paýlaşylyp biler. Eger Microsoft hasabyňyz bilen başga bir platforma ýa-da enjama hasaba girseňiz ýa-da Microsoft-däl hyzmata (meselem, üçünji tarap programmalaryň we hyzmatlaryň Microsoft däl oýun neşirçisine) girmek üçin Microsoft hasabyňyzy şeýle platformalar ýa-da enjamlar bilen baglasaňyz, onda şu aşakdakylar bilen ylalaşýarsyňyz: (a) Microsoft çäkli hasap maglumatyny we ulanyş bilen baglanyşykly maglumaty (şol sanda, ýöne olar bilen çäklenmezden, oýunçy belligini, oýun utugyny, oýun taryhyny, ulanyş maglumatyny we dostlar sanawyny) şol tarap bilen Microsoft Gizlinlik beýannamasynda görkezilişi ýaly paýlaşyp biler, we (b) eger Xbox gizlinlik sazlamalaryňyz rugsat berýän bolsa, şol tarap bilen hasaba giren wagtyňyz, şol tarap hem Siziň materialyňyza oýun-içi ýazyşmalardan ýa-da ulanýan başga programmalaryňyzdan girip biler. Şeýle hem, eger Xbox gizlinlik sazlamalaryňyz rugsat berýän bolsa, Microsoft siziň adyňyzy, oýunçy belligiňizi, oýunçy suratyňyzy, mottoňyzy, awataryňyzy, oýun klipleriňizi we oýnan oýunlaryňyzy rugsat berýän adamlaryňyz bilen aragatnaşyklarda neşir edip biler. Eger Xbox-a mahsus bolan Maşgala howpsuzlygy sazlamalaryny işleden bolsaňyz, şol sazlamalar Xbox konsollarynda, Xbox Cloud Gaming-de we kompýuterdäki ýa-da mobil enjamlardaky Xbox programmasynda degişlidir, ýöne başga enjamlarda ýa-da platformalarda girilýän ýa-da oýnalýan Xbox Game Studios oýunlaryna ýa-da hyzmatlaryna degişli bolman biler. Maşgalaňyz üçin has howpsuz oýun tejribesini üpjün etmek üçin, şol başga enjamlarda we platformalarda ene-ata sazlamalaryny barlaň.
- iii. Materialyňyz. Xbox hyzmatlary jemgyýetini gurmagyň bir bölegi hökmünde siz Microsoft kompaniýasyna, onuň golçur kärhanalaryna we lisenziýa berenlerine siziň materiallaryňyzy ýa-da islendik Xbox hyzmadyna goýan adyňyzy, oýunçy belligiňizi, şygaryňyzy ýa-da awataryňyzy ulanmaga, olary üýtgetmäge, köpeltmäge, paýlamaga, ýaýlyma bermäge, paýlaşmaga we görkezmäge mugt we ýer ýüzünde ýöreýän hukuk berýärsiňiz.
- iv. Oýun menejerleri. Käbir oýunlar oýun menejerlerini, ilçileri ýa-da hostlary ulanyp bilýär. Oýun menejerleri we hostlar ygtyýar berlen Microsoft wekilleri däldir. Olaryň garaýyşlary hökman Microsoft-yň garaýyşlaryny görkezmeýär.
- v. Çagalar we Xbox. Eger siz Xbox hyzmatlaryny ulanýan çaga bolsaňyz, onda ene-ataňyz ýa-da hossaryňyz hasabyňyza gözegçilik edip we siziň Xbox hyzmatlaryny ulanyşyňyz barada hasabatlary alyp biler. Bu aýratynlyklar Xbox Hyzmatlaryna mahsusdyr we olary başga enjamlara ýa-da platformalara geçirip bolmazlygy mümkin.
- vi. Oýun walýutasy ýa-da wirtual harytlar. Xbox hyzmatlaryna wirtual oýun walýutasy degişli bolup biler (altyn, teňňe ýa-da utuk ýaly), ony ýaşaýan ýeriňizde "kämillik" ýaşyna ýeten bolsaňyz, hakyky pul serişdelerini ulanyp, Microsoft-dan ýa-da onuň adyndan satyn alyp bilersiňiz. Xbox hyzmatlaryna wirtual sanly zatlar we harytlar hem degişli bolup biler, olary hakyky pul serişdelerini ýa-da oýun walýutasyny ulanyp, Microsoft-dan ýa-da onuň adyndan satyn alyp bilersiňiz. Oýun walýutasyny we wirtual harytlary hiç wagt Microsoft-dan ýa-da başga bir tarapdan hakyky pul serişdelerine, harytlara ýa-da beýleki pul gymmatlyklaryna üzlüşip bolmazlygy mümkin. Oýun walýutasyny we wirtual harytlary diňe Xbox hyzmatlarynda ulanmak üçin berlen çäkli, şahsy, çatyryp bolýan, geçirip bolmaýan, sublisenzirläp bolmaýan lisenziýadan başga, siziň Xbox hyzmatlarynda görünýän ýa-da gelip çykýan şol hili oýun walýutasy ýa-da wirtual harytlar boýunça hiç hili hukugyňyz ýa-da hakyňyz, ýa-da Hyzmatlarynyň ulanylmagy bilen baglanyşykly ýa-da Xbox hyzmatlarynyň içinde saklanylýan başga hiç hili atributyňyz ýokdur. Microsoft ýerli kanunlaryňyzyň rugsat berýän aňryçäk çäginde diňe özüniň karar bermegi bilen islendik bir ýa-da birnäçe Xbox oýny ýa-da programmasy bilen baglanyşykly oýun walýutasyny we/ýa-da wirtual harytlary islendik wagt düzgünleşdirip, dolandyryp, üýtgedip, we/ýa-da aradan aýryp biler.
- vii. Programma üpjünçiligi täzelemeleri. Xbox hyzmatlaryna birigip bilýän islendik enjam üçin, biz Xbox konsoly programma üpjünçiliginiň ýa-da Xbox programmasy programma üpjünçiliginiň wersiýasyny awtomatik barlap we Xbox hyzmatlaryna girmegiňizi, ygtyýarsyz Xbox oýunlaryny ýa-da Xbox programmalaryny ulanmagyňyzy ýa-da ygtyýarsyz apparatura goşmaça enjamlary arkaly Xbox konsolyny ulanmagyňyzy bökdeýän programma üpjünçiligi täzelemeleri ýa-da düzüliş üýtgemeleri bilen bir hatarda, Xbox konsolynyň ýa-da Xbox programmasynyň programma üpjünçiligi täzelemelerini ýa-da düzüliş üýtgetmelerini awtomatik göçürip alyp bilersiňiz.
- viii. Hile etmek we programma üpjünçiligini haraplamak. Xbox hyzmatlaryna birigip bilýän islendik enjamda hile edýän ýa-da Özüňi alyp baryş şertlerini ýa-da şu Şertleri bozýan görnüşde üýtgedýän birugsat programma üpjünçiliginiň bardygyny-ýoklugyny awtomatik barlap, şeýle hem, Xbox hyzmatlaryna girmegiňiziň ýa-da hile edýän ýa-da sazlamalary bozýan programma üpjünçiligini ulanmagyňyzyň öňüni alýan Xbox programma täzelemelerini ýa-da düzülişdäki üýtgetmeleri göçürip alyp bileris.
- ix. Goşmaça abuna şertleri we düzgünleri. Xbox hyzmatlary abunalary Xbox Abuna şertleri we düzgünlerinde | Xbox (https://www.xbox.com/legal/subscription-terms) görkezilýän goşmaça şertlere we düzgünlere degişlidir.
- x. Işjeň däl Xbox hyzmat abunalary. Eger Xbox hyzmatlary abunasyny belli bir wagtyň dowamynda ulanmasaňyz, käbir saýlanylan ýurtlarda Microsoft gaýtalanýan fakturalamaňyzy ýapyp we gaýtalanýan tölegleriňizi duruzyp biler. Microsoft gaýtalanýan fakturalamany ýapmazdan öň size bildiriş iberer. Goşmaça maglumat, şol sanda işjeňsizligiň degişli möhleti üçin, Abuna işjeňsizligi ÝSS | Xbox Goldawyna (https://support.xbox.com/en-GB/help/subscriptions-billing/manage-subscriptions/xbox-subscription-inactivity-policy) serediň.
- xi. Goşmaça ahyrky ulanyjy lisenziýa ylalaşyklary we özüňi alyp baryş düzgünleri. Käbir Xbox hyzmatlarynyň öz ulanyş şertleri we özüňi alyp baryş düzgünleri bar bolup biler.
Store
- b. Store. "Store" sözi programmalarda ("programma" sözüne oýunlar hem degişlidir) we beýleki sanly materiallarda gezmäge, olary göçürip almaga, satyn almaga, şeýle hem, olara reýting we syn bermäge mümkinçilik berýän Hyzmatdyr. Bu Şertler Microsoft-yň ýa-da onuň affilirlenen şahslarynyň eýeçiliginde durýan ýa-da şolar tarapyndan işledilýän belli Store-laryň (şol sanda, ýöne diňe olar bilen çäklenmezden, Office Store-yň, Windows-daky Microsoft Store-yň we Xbox-daky Microsoft Store-yň) ulanylmagyny öz içine alýar. "Office Store" diýmeklik Office, Microsoft 365, SharePoint, Exchange, Access we Project (2013 wersiýalar ýa-da täzeleri) üçin Office önümdir programmalarynyň Store-yny ýa-da Office Store brendli islendik beýleki tejribäni aňladýar. “Windows-daky Microsoft Store” diýmeklik telefon, kompýuter we planşet ýaly Windows enjamlary üçin, Microsoft-yň ýa-da onuň affilirlenen şahslarynyň eýeçiliginde durýan ýa-da şolar tarapyndan işledilýän Store-y ýa-da Microsoft Store brendli bolup, telefon, kompýuter we planşet ýaly Windows enjamlarynda girip bolýan islendik beýleki tejribeleri aňladýar. “Xbox-daky Microsoft Store” diýmeklik Xbox konsollary üçin, Microsoft-yň ýa-da onuň affilirlenen şahslarynyň eýeçiliginde durýan ýa-da şolar tarapyndan işledilýän Store-y ýa-da Microsoft Store brendli bolup, Xbox konsolynda elýeterli edilýän islendik beýleki tejribeleri aňladýar.
- i. Lisenziýa şertleri. Biz degişli Dükanda elýeterli her bir programmanyň neşirçisini anyklarys. Eger programmanyň ýany bilen başga lisenziýa şertleri berilmeýän bolsa, şu Şertleriň ahyryndaky Standart programma lisenziýasy şertleri ("SALT") siz bilen programmanyň neşirçisiniň arasyndaky şertnama bolup, onda Microsoft-yň ýa-da onuň affilirlenen şahslarynyň eýeçiliginde durýan ýa-da şolar tarapyndan işledilýän islendik Store-yň (Office Store muňa degişli däl) üsti bilen göçürip alýan programmaňyzy ulanmagyňyzy öz içine alýan lisenziýa şertlerini düşündirýär. Düşnükli bolar ýaly, şu Şertler Microsoft hyzmatlarynyň ulanylmagyny we olaryň üpjün edýän hyzmatlaryny öz içine alýar. Şu Şertleriň 5-nji bölümi Store arkaly alynýan islendik Üçünji tarap programmalara we Hyzmatlara hem degişlidir. Office dükanyndan göçürilip alynýan programmalar SALT tarapyndan düzgünleşdirilmeýär, oňa degişli aýratyn lisenziýa şertleri bar.
- ii. Täzelemeler. Microsoft degişli Dükana hasaba girmedik hem bolsaňyz, siziň programmalaryňyz üçin täzelemeleri awtomatik gözläp, göçürip alar. Dükan programmalaryna awtomatik täzelemeleri almak islemeseňiz, onda Dükan ýa-da ulgam sazlamalaryňyzy üýtgedip bilersiňiz. Ýöne, doly ýa-da bölekleýin onlaýn hosty bar bolan käbir Office dükany programmalarynyň islendik wagt programmany işläp düzüji tarapyndan täzelenilmegi mümkindir, täzeleme üçin siziň rugsadyňyz gerek bolman biler.
- iii. Reýtingler we synlar. Eger Dükanda bir programma ýa-da başga sanly önüme reýting ýa-da syn berseňiz, onda size Microsoft-dan programmanyň ýa-da sanly önümiň neşirçisiniň iberen materialy bar bolan e-poçta gelmegi mümkin. Microsoft-dan islendik şeýle e-poçta gelýär; biz siziň e-poçta salgyňyzy Dükandan alan programmalaryňyzyň ýa-da beýleki sanly önümleriň neşirçileri bilen paýlaşmaýarys.
- iv. Howpsuzlyk duýduryşy. Ähtimal şikes ýetmezligi, bimazalyk döremezligi ýa-da gözüňize zor düşmezligi üçin, oýunlary ýa-da başga programmalary ulanýan wagtyňyz, ylaýta-da, köp ulanmak sebäpli agyry ýa-da ýadawlyk duýýan bolsaňyz, wagtal-wagtal arakesme ediň. Eger bimazalyk duýsaňyz, arakesme ediň. Bimazalyga ýürek bulanma, hereket keseli, baş aýlanma, ugur ýitirme, kelleagyry, ýadawlyk, göze zor düşme ýa-da göz gurulygy degişli bolup biler. Programmalary ulanmak ünsüňizi bölüp, daş-töweregiňizi bökdäp biler. Büdräp ýykylmakdan, basgançaklardan, pes potolokdan, döwlegen ýa-da gymmatly zatlara zeper ýetirmekden ägä boluň. Örän seýrek ýagdaýda, käbir adamlar programmalarda görkezilýän çalt ýanyp-sönýän yşyklar ýa-da ülňüler ýaly käbir wizual suratlara seredip, tutgaýlary başdan geçirip biler. Hatda, öň tutgaý tutup görmedik adamlarda hem şol tutgaýlara sebäp bolýan anyklanylmadyk ýagdaý ýüze çykyp biler. Alamatlar şular bolup biler: baş aýlanma, görşüň üýtgemegi, synalaryň çekmegi, silkinmegi ýa-da titremegi, orientiriňi ýitirmek, başyň çaşmak, huşuňy ýitirmek ýa-da konwulsiýa. Şu alamatlaryň islendik birini başdan geçirseňiz, derrew ulanmagy taşlap, lukman ýüz tutuň ýa-da öň bir wagt tutgaý bilen baglanyşykly alamatlardan ejir çeken bolsaňyz, programmalary ulanmazyňyzdan öň, lukmana ýüz tutuň. Ene-atalar öz çagalarynyň programmalary ulanýan wagty şu hili alamatlaryň ýüze çykmagyna gözegçilik etmelidir.
Microsoft Maşgala funksiýalary
- c. Microsoft Maşgala funksiýalary. Ene-atalar we çagalar Microsoft Maşgala funksiýalarynyň, şol sanda Microsoft Maşgala howpsuzlygynyň kömegi bilen öz maşgalalarynda nähili hereketleriň, websaýtlaryň, programmadyr oýunlaryň, fiziki ýerleriň we pul sowmagyň dogry boljakdygy barada özara düşünişmek esasynda birek-birege bolan ynam döredip bilerler. Ene-atalar https://account.microsoft.com/family salgysyna baryp (ýa-da öz Windows enjamyndaky ýa-da Xbox konsolyndaky görkezmeleri berjaý edip), çagalary ýa-da başga ene-atalary çagyrmak arkaly maşgala döredip bilerler. Maşgala agzalary üçin elýeterli köp funksiýalar bar, şonuň üçin maşgala döretmäge ýa-da oňa goşulmaga ylalaşan wagtyňyz hem-de maşgala girişi üçin sanly harytlary satyn alan wagtyňyz berilýän maglumatlary üns bilen gözden geçiriň. Maşgala döretmek ýa-da oňa goşulmak bilen, siz maşgalany onuň öz maksadyna laýyk ulanmaga, şeýle hem, ony başga bir kişiniň maglumatyna bikanun girmek üçin, rugsatsyz görnüşde ulanmazlyga ylalaşýarsyňyz. Microsoft Maşgala funksiýalary diňe Microsoft Hyzmatlaryna degişlidir we olary başga platformalara geçirip bolmaýar. Mysal üçin, Xbox-a mahsus bolan Maşgala howpsuzlygy sazlamalary Xbox konsollarynda, Xbox Cloud Gaming-de we kompýuterdäki ýa-da mobil enjamlardaky Xbox programmasynda degişlidir, ýöne başga enjamlarda ýa-da platformalarda girilýän ýa-da oýnalýan Xbox Game Studios oýunlaryny ýa-da hyzmatlaryny öz içine alman biler. Maşgalaňyz üçin has howpsuz oýun tejribesini üpjün etmek üçin, bu enjamlarda we platformalarda ene-ata sazlamalaryny barlaň.
Topar habarlaşygy
- d. Topar habarlaşygy. Dürli Microsoft hyzmatlary size başga kişilere ses ýa-da SMS ("habarlar") arkaly habarlary ibermäge we/ýa-da Microsoft-yň we Microsoft tarapyndan dolandyrylýan affilirlenenleriň size we siziň adyňyzdan bir ýa-da birnäçe başga ulanyja şeýle habarlary ibermegine mümkinçilik berýär. HAÇAN-DA SIZE MICROSOFT-A WE MICROSOFT TARAPYNDAN DOLANDYRYLÝAN AFFILIRLENENLERE SIZE ÝA-DA BAŞGA KIŞILERE ŞEÝLE HABARLARY IBERMEGI GÖRKEZME BERENIŇIZDE, SIZ ÖZÜŇIZIŇ WE BIZIŇ HABAR IBERMEGIMIZI GÖRKEZME BEREN HER BIR KIŞIŇIZIŇ MICROSOFT-DAN WE MICROSOFT TARAPYNDAN DOLANDYRYLÝAN AFFILIRLENENLERDEN ŞEÝLE HABARLARY WE BAŞGA DAHYLLY ADMINISTRATIW TEKST HABARLARYNY ALMAGA RAZYLYK BERÝÄNDIGINI GÜWÄ GEÇIP KEPILLENDIRÝÄRSIŇIZ. "Administratiw tekst habarlary" Microsoft hyzmatyndan gelýän döwürleýin amal habarlary, şol sanda, ýöne diňe olar bilen çäklenmezden, "hoş geldiňiz habary" ýa-da habarlary almagy duruzmagy öwredýän görkezmeler bolup durýar. Siz ýa-da şeýle habarlary indi almak islemeýän topar agzalary berlen görkezmeleri berjaý etmek arkaly, Microsoft-yň we Microsoft tarapyndan dolandyrylýan affilirlenenleriň iberýän habarlaryny almagy islendik wagt ýapyp bilersiňiz. Eger indi şeýle habarlary almak ýa-da topara gatnaşmak islemeýän bolsaňyz, onda siz ony degişli programma ýa-da hyzmat tarapyndan berilýän görkezmeler arkaly ýapmaklyga ylalaşýarsyňyz. Eger indi şeýle habarlary almak ýa-da topara gatnaşmak islemeýän bir topar agzasynyň bardygyny anyk bilýän bolsaňyz, onda ony topardan aýyrmaga ylalaşýarsyňyz. Ondan başga-da, siziň we habar ibermegimizi isleýän her kişiňiziň habarlar ABŞ esasly belgilerden geçirilende ýüze çykyp biljek ähli halkara habarlaşyk tölegleri, şol sanda mobil operator tarapyndan bellenilýän ähli habarlaşyk tölegleri üçin her topar agzasynyň özüniň jogapkärçilik çekýändigine düşünýändigiňizi güwä geçip kepillendirýärsiňiz.
Skype, Microsoft Teams we GroupMe
- e. Skype, Microsoft Teams we GroupMe.
- i. Gyssagly hyzmatlar. Adaty mobil ýa-da şäher telefon hyzmatlary bilen Skype, Microsoft Teams we GroupMe arasynda möhüm aratapawutlar bardyr. Degişli ýerli ýa-da ýurt derejesindäki kada, düzgünnama ýa-da kanun esasynda, Microsoft-yň Skype, Microsoft Teams we GroupMe arkaly 911 ýa-da 112 gyssagly jaň ediş ("Gyssagly ýagdaý hyzmatlary") ýaly gyssagly ýagdaý hyzmatlaryna giriş hödürlemek boýunça çäkli borçlary bardyr. Skype-yň Skype-dan Telefona aýratynlygynyň diňe çäkli programma üpjünçiligi wersiýalarynyň örän çäkli möçberdäki ýurtda we ulanylýan platforma baglylykda Gyssagly ýagdaý hyzmatlaryna jaň etmekligi goldamagy mümkindir. Elýeterlilik barada jikme-jikligi we bu aýratynlygy düzmegiň usulyny şu ýerden tapyp bilersiňiz: https://www.skype.com/go/emergency. Eger Skype-dan Telefona gyssagly jaňlaryňyz birikse, gyssagly ýagdaý hyzmatlarynyň size jogap berip bilmegi üçin, fiziki ýerleşýän ýeriňiz barada jikme-jikligi bermeli bolarsyňyz.
- ii. API-ler ýa-da ýaýlym. Eger Skype programma üpjünçiligini we önümlerini islendik ýaýlym bilen baglanyşykly ulanmak isleseňiz, siz https://www.skype.com/go/legal.broadcast salgysyndaky "Ýaýlym hyzmat şertlerini" berjaý etmeli. Eger Skype tarapyndan ýüze çykarylan ýa-da elýeterli edilen islendik programma interfeýsini ("API") ulanmak isleseňiz, siz www.skype.com/go/legal salgysynda görkezilýän degişli lisenzirleme şertlerini berjaý etmeli.
- iii. Adalatly ulanyş syýasatlary. Skype programma üpjünçiligini we önümlerini ulanmagyňyz adalatly ulanyş syýasatlaryna degişli bolup biler. Galplykdan we betniýetli ulanmakdan goramak maksady bilen işlenip düzülen bolup, size rugsat berlen jaňlaryň ýa-da hatlaryň görnüşine, wagtyna ýa-da sesine çäk goýmagy mümkin bolan şol syýasatlary gözden geçiriň. Bu syýasatlar şu ýerde salgylanmak arkaly şu Şertlere goşulýarlar. Ol syýasatlary https://www.skype.com/go/terms.fairusage/ salgysyndan tapyp bilersiňiz.
- iv. Şahsy/Täjirçilik däl ulanyş. Skype programma üpjünçiligi we önümleri siziň şahsy we täjirçilik-däl görnüşde ulanmagyňyz üçindir. Skype-y öz biznes ýazyşmalaryňyz üçin işde ulanmagyňyza rugsat berilýär.
- v. Skype Belgi/Skype To Go. Eger Microsoft size Skype belgisini ýa-da Skype To Go belgisini berse, siz şol belgä eýeçilik etmezlige ýa-da şol belgini hemişelik saklamaga hukugyňyzyň ýokdugyna ylalaşýarsyňyz. Käbir ýurtlarda size bir belginiň Microsoft däl-de, eýsem bir Microsoft hyzmatdaşy tarapyndan elýeterli edilmegi we siziň şol hyzmatdaş bilen aýratyn şertnama baglaşmaly bolmagyňyz mümkindir. Skype belgisi barada goşmaça jikme-jiklik üçin https://go.skype.com/home.skype-number salgysyna serediň.
- vi. Skype Manager. "Skype Manager admin hasaby" siziň Skype Manage toparynyň ýekebara administratory hökmünde döredýän we dolandyrýan hasabyňyz bolup durýar. Şahsy Microsoft hasabyňyzy Skype Manager toparyna baglap bilersiňiz ("Bagly hasap"). Siz şu Şertleri kabul eden ýagdaýlarynda öz Skype Manager toparyňyza goşmaça administratorlary hem belläp bilersiňiz. Eger Bagly hasaba Skype Belgileri berseňiz, onda siz öz Bagly hasap ulanyjylaryňyzyň ýaşaýan ýa-da ýerleşýän ýeri bilen baglanyşykly islendik talabyň berjaý edilmegine borçly bolýarsyňyz. Eger bir bagly hasaby Skype Manager toparyndan aýyrmagy saýlasaňyz, islendik berlen abunalaryň, Skype krediti ýa-da Skype belgileri alyp bolmaz, şonuň üçinem bagdan aýrylan hasap bilen baglanyşykly materiallaryňyza şondan soň girip bolmaz. Siz ähli degişli maglumat goraýyş kanunlaryna laýyklykda öz Bagly hasap ulanyjylaryňyzyň islendik şahsy maglumatynyň işlenilmegi bilen ylalaşýarsyňyz. Toparyň agzalary şu Microsoft Hyzmatlary şertnamasyndaky Özüňi alyp baryş düzgünlerini berjaý etmese, Skype Manager-iňiz togtadylyp biler.
- vii. Skype tölegleri. Eger başgaça görkezilmedik bolsa, tölegli Skype önümleriniň ähli bahalary ähli degişli salgytlary öz içine alýar. Abuna degişli däl telefonlara jaň edilendigi üçin tölenmeli tölegler birikme töleginden (her jaň üçin töleg) we www.skype.com/go/allrates salgysynda görkezilişi ýaly her minut başyna tarifden ybaratdyr. Jaň tölegleri siziň Skype Kredit balansyňyzdan tutulyp alnar. Microsoft www.skype.com/go/allrates salgysynda görkezmek bilen, size habar bermezden islendik wagt öz jaň tariflerini üýtgedip biler. Täze tarifler neşir edilen pursatyndan başlap, nobatdaky jaňyňyz üçin täze tarif ulanylar. Jaň etmänkäňiz, iň täze tarifleri barlaň. Drobly jaň minutlary we drobly tölegler indiki bitin sana tegelenýär. Käbir ýurtlarda Skype-yň tölegli önümleri Microsoft-yň ýerli hyzmatdaşy tarapyndan üpjün edilýär, şonuň üçinem, şeýle tranzaksiýalarda şol hyzmatdaşyň ulanyş şertleri ulanylýar. Ýokarda beýan edilenlere garamazdan, Skype belgiňizi başga bir üpjün edijä geçiren ýagdaýyňyzda, özüňiz soranyňyzda, islendik öňünden tölenilen abuna balansyny yzyna almaga degişli kanun esasynda hukugyňyz bar bolup biler.
- viii. Skype krediti. Microsoft siziň Skype-yň ähli tölegli önümlerini satyn almak üçin Skype Kredit balansyňyzy ulanyp biljekdigiňizi kepillendirmeýär, sebäbi tölegli önümler wagtal-wagtal üýtgäp bilýär. Eger Skype Kreditiňizi 180 günläp ulanmasaňyz, Microsoft siziň Skype Kreditiňizi işjeň däl ýagdaýa geçirýär. Skype Krediti https://www.skype.com/go/store.reactivate.credit salgysyndaky bag arkaly täzeden işjeňleşdirip bilersiňiz. Eger Ýaponiýada ýerleşýän bolsaňyz we Skype websaýtyndan Skype kreditini satyn alsaňyz, ýokardaky iki sözlem size degişli bolmaýar we Skype kreditiňiziň möhleti, satyn alnan senesinden 180 gün soň gutarýar. Kreditiňiziň möhleti gutaransoň ony gaýtadan işjeňleşdirip ýa-da ulanyp bilmersiňiz. Microsoft hasabyňyz islendik bir sebäpden ýapylsa, Microsoft hasabyňyz bilen baglanyşykly islendik ulanylmadyk Skype krediti ýitiriler we ony dikeldip bolmaýar. Skype kreditlerini başgalara geçirip bolmaýar.
- ix. Skype aýlaw paneli. Skype iş stoly we mobil programmalarynyň ulanyşdan aýrylmagyndan soňra Skype aýlaw panelini işjeň bir abuna ýa-da Skype kreditleri bilen ulanyp bilersiňiz. Skype aýlaw paneli Microsoft Teams-iň içinden ýa-da internetde girip bolýan Skype önümidir.
- x. Halkara habar tölegleri. GroupMe häzirki wagtda döredilen her topar üçin ABŞ-esasly belgileri ulanýar. GroupMe belgisinde iberilýän ýa-da gelýän her bir tekst habary ABŞ-da gelýän we gidýän halkara tekst habary diýlip hasap edilýär. Ýerleşýän ýeriňize baglylykda, Microsoft Teams halkara tekst habary diýip hasaplap boljak telefon belgisini ulanýan bolup biler. Degişli halkara tarifler üçin, öz üpjün edijiňize ýüz tutuň.
- xi. Microsoft Teams SMS. Microsoft Teams alyjylara Awstraliýanyň belgisi bilen iberilýän habarlar üçin, esasy iş ýeri "Boulevard du Roi Albert II, 27 1030, Bruxelles Belgium" salgysynda ýerleşýän "Belgacom International Carrier Services SA." kompaniýasy ("BICS") tarapyndan üpjün edilýän Awstraliýa esasly belgileri ulanýan bolup biler. Microsoft we onuň golçurlary BICS bilen affilirlenen däldir.
Bing we MSN
- f. Bing we MSN.
- i. Bing we MSN materiallary. Bing-de we MSN-de elýeterli makalalar, tekstler, fotosuratlar, kartalar, wideolar, wideo-pleýerler we üçünji tarap materiallar, Microsoft botlary we programmalary tarapyndan döredilenleri hem goşmak bilen diňe täjirçilik-däl, şahsy maksatlar bilen ulanmaga niýetlenýär. Başga görnüşde ulanmaga, şol sanda ol materiallary göçürip almaga, göçürmäge ýa-da ýaýratmaga, şeýle hem şol materiallary ýa-da önümleri öz önümleriňizi gurmakda ulanmaga diňe Microsoft ýa-da hukuk eýeleri tarapyndan ýörite ygtyýar berlen ýa-da degişli awtorlyk hukugy kanuny tarapyndan ygtyýarlandyrylan çäkde rugsat berilýär. Microsoft ýa-da beýleki hukuk eýeleri gytaklaýyn, faktlara salgylanmak hukugynyň ýatyrylmagy sebäpli ýa-da başgaça görnüşde lisenziýa şertlerinde Microsoft tarapyndan aç-açan berilmedik materiala bolan ähli hukuklary özünde saklaýar.
- ii. Bing Maps. Bizden aýratyn ýazmaça rugsat almazdan, hökümet işlerinde ulanmak maksady bilen ABŞ-nyň, Kanadanyň, Meksikanyň, Täze Zelandiýanyň, Awstraliýanyň ýa-da Ýaponiýanyň guş bakyşy suratlaryny ulanyp bilmersiňiz.
- iii. Bing Places. Bing Ýerlere Maglumatlaryňyzy ýa-da Materiallaryňyzy bereniňizde, siz Microsoft-a Maglumatlaryňyzy we Materiallaryňyzy (şol sanda Maglumatlaryňyzdaky we Materiallaryňyzdaky intellektual eýeçilik) ulanmaga, täzeden ýasamaga, ýatda saklamaga, üýtgetmäge, agregirlemäge, tanyşdyrmaga, geçirmäge, görkezmäge we ýaýratmaga, şeýle hem şol görkezilen hukuklaryň ählisini üçünji taraplara sublisenzirlemäge tutuş dünýäde ýöreýän, roýalti tölegsiz lisenziýa berýärsiňiz.
Cortana
- g. Cortana.
- i. Täjirçilik däl şahsy ulanyş. Cortana hyzmaty Microsoft-yň şahsy kömekçi hyzmatydyr. Cortana tarapyndan üpjün edilýän aýratynlyklar, hyzmatlar we materiallar (bilelikde "Cortana hyzmatlary") diňe şahsy we täjirçilik-däl maksatlar üçin ulanylmaga niýetlenilýär.
- ii. Fuksiýalary we materiallar. Cortana ençeme funksiýalary üpjün edýär, olaryň käbiri şahsylaşdyrylan bolýar. Cortana hyzmatlary beýleki Microsoft hyzmatlary ýa-da Üçünji-tarap programmalar we hyzmatlar tarapyndan üpjün edilýän hyzmatlara, maglumatlara ýa-da funksionallyga girmäge mümkinçilik berip biler. 13-nji bölümiň hyzmata-mahsus Şertleri siziň Cortana hyzmatlarynyň üsti bilen girýän degişli Microsoft hyzmatlaryňyzy hem öz içine alýar. Cortana diňe meýilleşdiriş maksatlaryňyz üçin maglumat üpjün edýär, şonuň üçinem, siz ol maglumaty gözden geçirip, bil baglamak üçin öz garaşsyz pikiriňize görä hereket ediň. Microsoft Cortana tarapyndan üpjün edilýän şahsylaşdyrylan tejribeleriň ygtybarly ýa-da öz wagtynda bolmagyny kepillendirmeýär. Microsoft eger bir Cortana aýratynlygy siziň bir aragatnaşygy ýa-da habarnamany almagyňyzy, gözden geçirmegiňizi ýa-da ibermegiňizi, ýa-da bir hyzmaty almagyňyzy gijikdiren ýa-da bökdän ýagdaýynda jogapkärçilik çekmeýär.
- iii. Üçünji tarap programmalary we hyzmatlary. Cortana hyzmatlaryny üpjün etmegiň çäginde, Cortana size Üçünji-tarap programmalary we hyzmatlary (üçünji-tarap başarnyklary ýa-da birigen hyzmatlary) hödürläp hem-de olar bilen täsirleşmäge kömekleşip biler. Eger saýlasaňyz, soraýan hyzmatlaryňyzy almaga kömekleşmek üçin, Cortana poçta indeksiňiz ýaly maglumatlary, Üçünji-tarap programmalara we hyzmatlara iberilen soraglary hem-de olardan alnan jogaplary Üçünji-tarap programmalar we hyzmatlar bilen özara alşyp biler. Cortana Üçünji-tarap programmalar we hyzmatlar arkaly gönüden-göni döreden hasap ileri tutmalaryňyzy we sazlamalaryňyzy ulanmak bilen, Üçünji-tarap programmalaryň hem-de hyzmatlaryň üsti bilen zat satyn almagyňyza mümkinçilik berip biler. Öz Cortana hyzmatyňyzy Üçünji-tarap programmalardan we hyzmatlardan islendik wagt kesip bilersiňiz. Cortana hyzmatlaryny Üçünji-tarap programmalara we hyzmatlara birikmek üçin ulanmagyňyz şu Şertleriň 5-nji bölümine tabyndyr. Üçünji tarap programmalaryň we hyzmatlaryň neşirçileri öz Üçünji tarap programmalarynyň we hyzmatlarynyň funksionallygyny ýa-da funksiýalaryny, ýa-da olaryň Cortana hyzmatlary bilen integrasiýasyny üýtgedip ýa-da ýatyryp bilerler. Programma üpjünçiligini ýa-da proşiwkany üpjün edýän öndüriji üçin Microsoft jogapkärçilik çekmeýär ýa-da maddy jogapkärçilik çekmeýär.
- iv. Cortana işledip bilýän enjamlar. Cortana-işledilen enjamlar diýlip Cortana hyzmatlaryna ýa-da Cortana hyzmatlary bilen ylalaşykly önümlere ýa-da enjamlara girmeklik işledilen önümlere ýa-da enjamlara aýdylýar. Cortana işledip bilýän enjamlara Microsoft-yň eýeçiliginde bolmadyk, onuň tarapyndan öndürilmedik ýa-da döredilmedik üçünji tarap enjamlar ýa-da önümler degişlidir. Şol üçünji tarap enjamlar ýa-da önümler üçin Microsoft jogapkärçilik çekmeýär ýa-da borçly bolmaýar.
- v. Programma üpjünçiligi täzelemeleri. Biz Cortana hyzmatlary programma üpjünçiliginiň wersiýasyny awtomatik barlap, programma üpjünçiligi täzelemelerini ýa-da düzüliş üýtgetmesini göçürip alyp ýa-da Cortana-işledilen enjamlaryň islendik öndürijisinden Cortana hyzmatlary programma üpjünçiligini täzeläp saklamagyny talap edip bileris.
Microsoft 365 programmalary we hyzmatlary
- h. Microsoft 365 programmalary we hyzmatlary.
- i. Ulanyş şertleri. Microsoft 365 Family, Microsoft 365 Personal, Microsoft 365 Basic, Sway, OneNote.com we islendik beýleki Microsoft 365 programmasy ýa-da Hyzmat ýa-da Office-brendli Hyzmat siziň şahsy, täjirçilik däl maksatly ulanmagyňyz üçin niýetlenilýär (eger täjirçilik maksatly ulanmak hukuklary barada Microsoft bilen aýratyn şertnama baglaşmadyk bolsaňyz). Word, Excel, PowerPoint, Outlook, OneDrive, Access we Publisher ýaly programmalaryň Microsoft 365 Family-de, Microsoft 365 Personal-da we islendik başga Microsoft 365 programmasynda ýa-da abuna Hyzmatynda ulanylmagy, şu Şertler bilen bilelikde, https://aka.ms/useterms salgysynda ýerleşýän goşmaça ygtyýarnama şertleri tarapyndan düzgünleşdirilýär.
- ii. Goşmaça Outlook şertleri. Outlook Bing Kartalaryň ulanylmagyny öz içine alýar. Bing Kartalar arkaly üpjün edilýän islendik materialy, şol sanda geografiki kodlary diňe şol materialyň üpjün edilýän önüminiň içinde ulanmak bolýar. Bing Kartalary ulanmagyňyz go.microsoft.com/?linkid=9710837 salgysyndaky Bing Kartalar Ahyrky ulanyjy ulanyş şertleri we go.microsoft.com/fwlink/?LinkID=248686 salgysyndaky Microsoft Gizlinlik beýannamasy tarapyndan düzgünleşdirilýär.
Sanly harytlar
- i. Sanly harytlar. Microsoft Groove, Microsoft Kino-TW, Store, Xbox hyzmatlary we islendik başga dahylly we geljekki hyzmatlar arkaly, Microsoft size aýdym-saz, surat, wideo, tekst, kitap, oýun ýa-da başga material ("Sanly harytlar") almaga, diňlemäge, görmäge, goýbermäge ýa-da okamaga (ýagdaýa görä) mümkinçilik berip biler, olary sanly görnüşde almagyňyz mümkindir. Sanly harytlar diňe şahsy, täjirçilik däl güýmenje maksatly ulanmagyňyz üçin niýetlenilýär. Siz Sanly harytlaryň hiç bir nusgasyny ýaýratmazlyga, ýaýlyma goýbermezlige, köpçülikde ýerine ýetirmezlige, köpçülikde görkezmezlige ýa-da geçirmezlige ylalaşýarsyňyz. Sanly harytlaryň eýesi Microsoft ýa-da üçünji taraplar bolup biler. Ähli ýagdaýlarda siz Sanly harytlara bolan hukuklaryňyzyň şu Şertler, awtorlyk hukugy kanuny we https://go.microsoft.com/fwlink/p/?LinkId=723143 salgysyndaky Ulanyş kadalary tarapyndan çäklendirilýändigine düşünip, ykrar edýärsiňiz. Siz Hyzmatlar arkaly alnan hiç bir Sanly harydy islendik bir sebäp bilen, şol sanda Sanly harytlaryň eýeçiligini ýa-da çeşmesini gizlemek ýa-da üýtgetmek maksady bilen, özgertmäge synanyşmazlyga ylalaşýarsyňyz. Microsoft ýa-da Sanly harytlaryň eýeleri wagtal-wagtal Sanly harytlary, habar bermezden, Hyzmatlardan aýryp biler.
Microsoft Ammar
- j. Microsoft Ammar.
- i. OneDrive Ammar bölüp bermek. Eger OneDrive-yňyzda Microsoft ammary üçin mugt ýa-da tölegli abuna hyzmatyňyzyň şertlerinde görkezilýänden has köp material bar bolsa we siz Microsoft-yň bildirişi esasynda artykmaç materialy aýyrmaýan ýa-da has uly ammarly täze abuna tarifine geçmeýän bolsaňyz, biz siziň hasabyňyzy ýapmak we OneDrive-daky Materiallaryňyza girişi ýoklamak ýa-da ýapmak hukugymyzy saklap galýarys. Microsoft ammar kwotalary barada şu ýerde (https://prod.support.services.microsoft.com/office/how-does-microsoft-storage-work-2a261b34-421c-4a47-9901-74ef5bd0c426) giňişleýin okaň.
- ii. OneDrive hyzmat öndürijiligi. Enjamlaryňyz, internet birikmäňiz ýaly faktorlara, şeýle hem, Microsoft-yň öz hyzmatynyň öndürijiligini we bitewiligini saklamak üçin edýän tagallalaryna baglylykda, siz käwagt OneDrive-da material ýüklemekde ýa-da sinhronlamakda gijikmelere duş gelip bilersiňiz.
- iii. Outlook.com Ammar bölüp bermek. Eger Outlook.com poçta gutusynyň mugt ýa-da tölegli abuna esasynda berilýän ammar kwotasyndan ýa-da Microsoft ammar kwotasyndan geçseňiz, onda artykmaç materialy aýyrýançaňyz ýa-da ýeterlik ammarly täze bir abuna geçýänçäňiz, habarlary iberip ýa-da alyp bilmersiňiz. Eger Microsoft-dan bildiriş gelensoň, artykmaç materialy aýyrmasaňyz ýa-da ýeterlik goşmaça ammar almasaňyz, onda Materiallaryňyzy ýoklamak ýa-da olara girişi ýapmak hukugymyzy saklap galýarys. Microsoft ammar kwotalary barada şu ýerde (https://prod.support.services.microsoft.com/office/how-does-microsoft-storage-work-2a261b34-421c-4a47-9901-74ef5bd0c426) giňişleýin okaň.
Microsoft Cashback
- k. Microsoft Cashback. Microsoft Cashback programmasy (“Cashback”) müşderileriň Bing.com we Microsoft Edge ýaly belli bir Microsoft önümlerinı hem-de hyzmatlaryny ulanyp, gatnaşyjy bölek satyjylar bilen söwda edenlerinde keşbek baýraklaryny almagyna mümkinçilik berýär. Cashback-de bellige alynmak ýa-da bir Cashback teklibini işjeňleşdirmek arkaly, Cashback Şertlerini we düzgünlerini (https://www.microsoft.com/bing/rebates-terms) kabul edip ylalaşýarsyňyz. Cashback-e gatnaşmagyňyz üçin belli bir hukuklylyk kriterileri, çäklendirmeler we beýleki çäk goýmalar hereket edýär; goşmaça maglumat üçin, Cashback KSS (https://www.bing.com/rebates/faq) serediň.
Microsoft Rewards
- l. Microsoft Rewards.
- i. Umumy maglumat. Microsoft Rewards-a ("Rewards programmasy") goşulmak mugt we ol belli bir işjeňliklerden, şeýle hem, belli bir Microsoft önümlerini we hyzmatlaryny şahsy görnüşde ulanmakdan utuklary ("Utuklar") gazanmagyňyza mümkinçilik berýär. Eger Microsoft hasabyňyz bar bolsa we bir gatnaşýan sebitde (aşakda kesgitlenilýär) ýerleşýän bolsaňyz, Rewards programmasyna awtomatik bellige alynýarsyňyz dessine Utuklary gazanmaga başlap bilersiňiz. Aşakdaky görkezmeleri berjaý etmek arkaly, Rewards programmasyna gatnaşmagyňyzy islendik wagt ýatyryp bilersiňiz.
- ii. Utuklaryňyzy dürli görnüşlerde ("Üzlüşik opsiýalary"), şol sanda https://aka.ms/redeemrewards ("Rewards") salgysyndaky Üzlüşik sahypasynda görkezilýän belli bir önümler we hyzmatlar üçin üzlüşip bilersiňiz. Utuklaryňyzy islendik bir Üzlüşik opsiýasy üçin üzlüşmäge hukugyňyz bolar ýaly, ilki bilen Rewards programmasy hasabyňyzy ("Rewards hasaby") https://rewards.microsoft.com/ salgysyndaky Rewards maglumat panelinde ýa-da belli bir beýleki Microsoft saýtlarynda we sahypalarynda işjeňleşdirmegiňiz gerek. Rewards hasabyňyzy işjeňleşdirmegiň hiç hili çykdajysy ýokdur.
- iii. Rewards programmasynda Utuklary gazanmak, üzlüşmek we başgaça görnüşde ulanmak boýunça belli bir çäklendirmeler we çäk goýmalar bardyr. Goşmaça maglumat üçin, https://support.microsoft.com ("ÝSS") salgysyndaky Rewards bölümine serediň.
- iv. Talaplar. Rewards hasabyňyzy işjeňleşdirmek we Utuklary gazanmak, üzlüşmek ýa-da başgaça görnüşde ulanmak üçin, siziň hakyky Microsoft hasabyňyz bolmaly we siz ÝSS-da görkezilýän geografik sebitleriň ("Sebitler") birinde ýaşaýan bolmaly. Birnäçe e-poçta salgyňyz bar bolsa-da, diňe bir sany Rewards hasabyny açmagyňyza we ulanmagyňyza rugsat berilýär. Her bir hojalyk diňe alty sany Rewards hasaby bilen çäklendirilýär. Rewards programmasy diňe siziň şahsy we täjirçilik-däl maksatly ulanmagyňyz üçindir. Wirtual hususy tor (VPN) ýa-da geografik ýerleşýän ýeriňizi maskalamakda ýa-da gizlemekde ulanyp bolýan başga bir tehnologiýa ýa-da hyzmat ulanmaklyk Rewards hasabyňyzyň ýatyrylmagyna we üýşen Utuklaryňyzyň eliňizden alynmagyna eltip biler.
- v. Utuklary gazanmak. Size Gözlegler, Alyşlar, belli bir Microsoft önümleriniň we hyzmatlarynyň ulanylmagy, şeýle hem, Microsoft-yň hödürleýän beýleki mümkinçilikleri ýaly belli bir degişli işjeňlikler ("Teklipler") arkaly Utuklary gazanmak mümkinçilikleriniň berilmegi mümkindir. Şeýle Tekliplerden peýdalanmak üçin sizde işjeň Rewards hasaby bar bolmalydyr. Belli bir Teklipler üçin talaplar ýerine ýetirilenden soň, Utuklar gazanylyp, Rewards hasabyňyza goşulmazdan öň, Rewards maglumat panelindäki utuklary alyp bilersiňiz. Microsoft tarapyndan görkezilen wagtyň dowamynda Utuklaryň alynmazlygy Utuklaryň konfiskasiýa edilmegine eltip biler. Degişli Teklipler her Sebitde başgaça bolup biler, hem-de diňe belli wagtyň dowamynda hereket edip ýa-da başga çäklendirmelere degişli bolup bilýär. Belli bir Teklip üçin berilýän Utuklary gazanmak üçin şol Teklibiň ähli şertlerini we düzgünlerini berjaý etmelisiňiz. Teklipler size gönümel Rewards maglumat panelinde ýa-da belli bir Microsoft önümlerini we hyzmatlaryny ulanan wagtyňyz hödürlenip biler. Microsoft wagtal-wagtal diňe öz islegi boýunça we öňünden duýduryp ýa-da duydurmazdan, Microsoft-yň ak ýürekli Gözlegler we Microsoft hyzmatlary bilen beýleki täsirleşmeleri hökmünde kesgitleýän ýagdaýlary-da degişli bolmak bilen, goşmaça Utuklary hödürläp ýa-da berip biler.
- vi. Rewards programmasynyň maksatlary boýunça, "Gözleg" ýekebara ulanyjynyň öz gözleg-barlag maksatlary üçin Bing gözleg netijelerini almak üçin ak ýüreklilik esasynda öz eli bilen tekst girizmek hereketidir; "Gözleg" hakyky manyda ak ýürekli şahsy gözleg-barlag maksatlary üçin niýetlenilmeýän ýa-da ulanylmaýan sowallary ýa-da bir bot, makros ýa-da islendik görnüşdäki başga awtomatik ýa-da hileli serişdeler bilen girizilen sowallary öz içine almaýar. Rewards programmasynyň maksatlary boýunça, “Alyş” isle mugt, isle tölegli bolsun, haryt satyn almak ýa-da sanly material üçin gönümel Microsoft-dan lisenziýany göçürip almak we almak prosesidir. Microsoft-dan amala aşyrylan her bir Alyş üçin Utuklar teklip edilmeýär we käbir çäklendirmeler bolup biler.
- vii. Utuklar boýunça çäklendirmeler we çäk goýmalar. Utuklar Microsoft tarapyndan aýratyn Rewards hasaplaryna berilýär we olary başga hiç bir fiziki ýa-da ýuridik şahsa geçirip bolmaýar. Ýokardaky maddalara seretmezden, Microsoft wagtal-wagtal diňe öz islegine bagly bolmak bilen, (i) hojalygyňyzyň içinde Utuklary paýlaşmagyňyza (çäkler bolup biler), (ii) Üzlüşik sahypasynda görkezilýän düşewünt aramaýan guramalaryň birini goldamak üçin Utuklaryňyzy goşant etmegiňize, ýa-da (iii) Sebitiňize baglylykda, şeýle hem, başga şertlere we düzgünlere laýyklykda, Microsoft ýa-da ygtyýarly üçünji taraplar tarapyndan işledilýän programmalar degişli bolmak bilen Utuklaryňyzyň ählisini ýa-da bir bölegini belli bir başga sylaglardaky ýa-da ýeňillik programmalaryndaky utuklar üçin üzlüşmegiňize rugsat berip biler. Utuklar hemişe Microsoft-yň emlägi bolup durýar we şeýle bolmagynda hem galýar, olar şahsy emlägiňiz däldir; olaryň nagt pul hümmeti ýokdur, we olary hiç hili nagt pul ýa-da pul bilen alyş-çalyş edip bilmersiňiz. Utuklar diňe höweslendirme esasly berilýär. Utuklary satyn alyp bilmeýärsiňiz. Microsoft-yň adam başyna, hojalyk başyna ýa-da size ýagşy niýetiň bozulmagy esasynda zelel ýetirilmezligi şerti bilen belli bir wagtyň (meselem, günüň) dowamynda gazanyp ýa-da üzlüşip boljak Utuklaryň ýa-da Sylaglaryň mukdaryny çäklendirmegi mümkindir; häzirki degişli bolan çäklendirmeler üçin ÝSS bölümine salgylanyň. Bir Teklipde ýa-da Üzlüşik opsiýasynda aç-açan başgaça görkezilmeýän bolsa, Programmada gazanylan Utuklar Microsoft ýa-da üçünji taraplar tarapyndan hödürlenilýän islendik başga bir programmada hereket etmeýär we olary bular bilen bilelikde ulanyp bolmaýar. Eger Rewards hasabyňyzda bassyr 12 aýlap, hiç hili Utuk gazanmasaňyz ýa-da üzlüşmeseňiz, Rewards hasabyňyz bilen baglanyşykly Üzlüşilmedik Utuklariň möhleti gutarýar.
- viii. Üzlüşikler. Üzlüşik sahypasynda we başga belli bir Microsoft saýtlarynda hem-de sahypalarynda size Üzlüşik opsiýalary elýeterli ediler. Üzlüşik opsiýasy üçin Utuklaryňyzy üzlüşmegiňiz mümkin bolar ýaly, şol Üzlüşik opsiýasy üçin gerek bolan Utuklaryň ählisi siz tarapyndan gazanylan we Rewards hasabyňyzda elýeterli bolmalydyr. Belli bir Reward-yň çäkli möçberi elýeterli bolup biler we şol Reward-lar öň-gelen-almaşak esasynda üpjün ediler. Sizden poçta salgyňyz we telefon belgiňiz (VOIP ýa-da tölegsiz belgi däl) ýaly goşmaça maglumat bermegiňiz soralmagy mümkin, şeýle hem, sizden galplygyň öňüni alyş koduny girizmegiňiz ýa-da belli bir Üzlüşik opsiýalaryna Utuklary üzlüşmek üçin goşmaça ýuridik resminamalara gol çekmegiňiz hem soralyp biler. Utuklaryňyzy üzlüşeniňizden soň, Üzlüşlik opsiýasyny ýatyryp ýa-da Utuklary yzyna almak üçin gaýtaryp bilmeýärsiňiz, ýöne önüm kemçilikli bolsa ýa-da degişli kanunda talap edilýän bolsa, bu düzgün ýöremeýär. Eger ammarda gutaran ýa-da başga bir ýagdaýlar sebäpli elýeterli däl bir Üzlüşik opsiýasyny saýlasaňyz, diňe öz islegimize baglylykda, biziň şonuň bahasyna barabar bolan başga bir Üzlüşik opsiýasyny bermegimiz ýa-da utuklaryňyzy yzyna gaýtarmagymyz mümkindir.
- ix. Microsoft belli bir Üzlüşik opsiýalaryny islendik wagt islendik sebäp bilen täzeläp ýa-da olary hödürlemegi bes edip biler. Käbir Üzlüşik opsiýalarynda ýaş we sebit boýunça talaplar, ýa-da olary üzlüşmek ýa-da ulanmak barada başga şertler we düzgünler bar bolup biler. Islendik şeýle talaplar ýa-da düzgünler degişli üzlüşik teklibine giriziler. Siz Üzlüşik opsiýasyny kabul etmegiň we ulanmagyň ähli federal, ştat we ýerli salgytlary hem-de islendik beýleki çykdajylary üçin jogapkärçilik çekýärsiňiz. Sylaglar Microsoft hasabyňyz bilen baglanyşykly e-poçta salgysyna iberiler, şonuň üçinem, e-poçta salgyňyzy täzelenen saklaň. Barmaly salgysyna gowşuryp bolmaýan Sylagar gaýtadan berilmez we şol sebäpli olar eliňizden alnar. Sylaglary satyp bolmaýar. Rewards programmasynda her senenama ýylynda 550 000 utukdan köp üzlüşmegiňize rugsat berilmeýär.
- x. Rewards hasabyňyzy ýatyrmak. Eger indi Rewards programmasyna gatnaşmak islemeýän bolsaňyz, Rewards hasabyňyzy ýatyrmak üçin, gatnaşmagy ret ediş sahypasyndaky (https://rewards.microsoft.com/optout) görkezmeleri berjaý ediň. Eger Rewards hasabyňyzy ýatyrsaňyz, ähli gazanan Utuklaryňyz şolbada eliňizden gider we geljekde täze Utuklary gazanmak mümkinçiligini ýitirersiňiz. Utuklary gazanmaga täzeden başlamak üçin, täze Rewards hasabyny açmagyňyz gerek (ýöne Microsoft öň eliňizden alnan hiç bir Utugy dikeltmez). Microsoft hasabyňyza bassyr 12 aýlap ulgama girmeseňiz, Rewards hasabyňyzyň ýatyrylmagy (we Utuklaryňyzyň eliňizden alynmagy) mümkindir.
- xi. Programmadaky üýtgemeler ýa-da onuň ýapylmagy. Microsoft islendik wagt diňe öz islegine baglylykda we hiç hili öňünden habar bermezden Rewards programmasyny ýa-da onuň hiç bir bölegini üýtgetmek, modifisirlemek, ýapmak ýa-da ýatyrmak hukugyny özünde saklaýar. Emma, eger Rewards programmsy ýatyrylsa ýa-da ýapylsa, biz makul tagallary edip, size e-poçta arkaly we Rewards maglumat panelinde muny habar bereris we üýşüren Utuklaryňyzy üzlüşmegiňiz üçin size azyndan 90 gün wagt bereris (eger-de biz şeýle ýatyrmaklyk ýuridik ýa-da howpsuzlyk sebäpleri esasynda dessine güýje girmeli diýip kesgitlemesek).
- xii. Başga şertler. Eger Microsoft siz Rewards programmasynyň islendik bir aspektini haraplansyňyz, betniýetli ulanansyňyz, galplaşdyransyňyz ýa-da şu şertleri bozansyňyz öýdüp hasaplasa, onda Microsoft Rewards hasabyňyzy şolbada ýatyrmaga, sizi Rewards programmasyna geljekde gatnaşmakdan mahrum etmäge, ähli gazanan Utuklaryňyzy eliňizden almaga, şeýle hem, Rewards programmasynyň çäginde alan islendik Üzlüşik opsiýaňyzy ýatyrmaga ýa-da togtatmaga bolan hukugyny saklap galýar. Eger Microsoft ýuridik sebäpler (meselem, eksport kanunlary) esasynda şol Üzlüşik opsiýasyny almaga hukugyňyz ýok diýip kesgitlese, onda Microsoft siziň Rewards programmasynyň üsti bilen alan ýa-da aljak bolan islendik Üzlüşik opsiýaňyzy ýatyrmaga ýa-da togtatmaga bolan hukugyny hem gorap saklaýar. Microsoft takyklygy üpjün etmek üçin elinden geleni gaýgyrmaýan hem bolsa, kämahal näsazlyklar ýüze çykýar. Şol sebäpli, häzirki Tekliplere ýa-da garaşýan, gazanan ýa-da üzlüşen Utuklaryňyza ýa-da Sylaglaryňyza täsir edýän-de bolsa, Microsoft şeýle näsazlyklary düzetmäge bolan hukugyny saklap galýar. Rewards programmasynyň şu şertleriniň ýa-da islendik dahylly materiallarda ýa-da reklamalarda bar bolan başga beýannamalaryň arasynda laýyk gelmezlikler ýa-da gapma-garşylyk ýüze çykan halatynda, şu şertler üstün çykýar, düzgünleşdirýär we dolandyrýar.
Azure
- m. Azure. Azure hyzmatyny ulanmagyňyz hyzmatlary almak barada ylalaşan aýratyn şertnamaňyzyň şertleri we düzgünleri tarapyndan düzgünleşdirilýär, olar https://aka.ms/AA7z67v salgysyndaky Microsoft Azure Ýuridik maglumat sahypasynda jikme-jik berilýär.
Microsoft Soundscape
- n. Microsoft Soundscape. Siz Microsoft Soundscape-iň (1) lukmançylyk enjamy hökmünde işlenip düzülmändigini, niýetlenilmeýändigini ýa-da elýeterli edilmeýändigini, we (2) onuň ýörite lukmançylyk maslahatynyň, kesel anyklamagyň, bejermegiň ýa-da baha bermegiň ornuny tutmak üçin işlenip düzülmändigini ýa-da niýetlenilmeýändigini, şeýle hem, ony professional lukmançylyk maslahatynyň, kesel anyklamagyň, bejermegiň ýa-da baha bermegiň deregine ýa-da olaryň ornuny tutmak üçin ulanmak bolmaýandygyny ykrar edýärsiňiz.
Power Platform
- o. Power Platform. Power Platform hyzmatyny ulanmagyňyz hyzmatlary almak barada ylalaşan aýratyn şertnamaňyzyň şertleri we düzgünleri tarapyndan düzgünleşdirilýär, ol Microsoft Power Platform (https://www.microsoft.com/en-us/power-platform/business-applications/legal) salgysyndaky Power Platform Ýuridik maglumat sahypasynda jikme-jik berilýär.
Dynamics 365
- p. Dynamics 365. Dynamics 365 hyzmatyny ulanmagyňyz hyzmatlary almak barada ylalaşan aýratyn şertnamaňyzyň şertleri we düzgünleri tarapyndan düzgünleşdirilýär, ol Microsoft Dynamics 365 (https://www.microsoft.com/en-us/dynamics-365/business-applications/legal) salgysyndaky Dynamics 365 Ýuridik maglumat sahypasynda jikme-jik berilýär.
Copilot AI Tejribeler
- q. Copilot AI Tejribeler. Siziň Copilot AI Tejribeleri (täjirçilik maglumat goragly Copilot degişli däl) ulanmagyňyz goşmaça şertler we düzgünler tarapyndan düzgünleşdirilýär, şolaryň esasynda şu hyzmatlary Copilot - Ulanyş şertleri (bing.com) (https://www.bing.com/new/termsofuse#content-policy) salgysynda jikme-jik görkezilişi ýaly, şu Şerter bilen bilelikde aldyňyz. Eger siz täjirçilik maglumat goragly Microsoft Copilot-yň ulanyjysy bolsaňyz, şu sahypa girip, özüňize degişli şertleri, şu Şerter bilen bilelikde gözden geçiriň: https://aka.ms/BCETermsOfUse.
Ei hyzmatlary
- r. Ei hyzmatlary. "Ei hyzmatlary" emeli intellekt (Ei) tehnologiýalaryny, şol sanda islendik generatiw Ei hyzmatlaryny ulanýan hyzmatlar ýa-da aýratynlyklardyr.
- i. Professional maslahat ýok. Ei hyzmatlary professional maslahatlaryň ornuny tutýan görnüşde dizaýn edilmeýär, niýetlenilmeýär ýa-da ulanylmaýar.
- ii. Tehnologiýasyny öwrenmek. Ei hyzmatlaryny modelleriň, algoritmleriň we ulgamlaryň hiç bir binýatlyk komponentleriniň üstüni açmak üçin ulanmagyňyz gadagandyr. Mysal üçin, modelleriň agramyny kesgitlemäge we aýyrmaga ýa-da Ei hyzmatlarynyň islendik böleklerini enjamyňyzdan çykarmaga synanyşmagyňyz gadagandyr.
- iii. Maglumat çykarmak. Eger aç-açan rugsat berilmeýän bolsa, onda web-skreping, web-ýygmak ýa-da web-maglumat çykarmak usullaryny Ei hyzmatlaryndan maglumat çykarmak üçin ulanmagyňyz gadagandyr.
- iv. Ei hyzmatlaryndan maglumat ulanmaga goýlan çäkler. Ei hyzmatlaryny ýa-da Ei hyzmatlaryndan alnan maglumaty islendik Ei tehnologiýasyny döretmek, türgenleşdirmek ýa-da gowulandyrmak üçin (gönümel ýa-da gytaklaýyn) ulanmagyňyz gadagandyr.
- v. Materiallaryňyzyň ulanylmagy. Ei hyzmatlarynyň üpjün edilmeginiň çäginde, Microsoft ol hyzmatyň ýa-da ondan çykýan maglumatlaryň betniýetli ýa-da zyýanly görnüşde ulanylmagyna garşy gözegçilik etmek we onuň öňüni almak maksady bilen, ol hyzmata girizýän we ondan çykarýan maglumatlaryňyzy işlär we ýygnap saklar.
- vi. Materiallaryň eýeçilik hukugy. Microsoft siziň Ei hyzmatlaryna üpjün edýän, neşir edýän, girizýän ýa-da oňa tabşyrýan ýa-da ondan alýan islendik materialyňyzyň (şol sanda seslenmeleriň we teklipleriň) eýeçilik hukugyny özüne talap etmeýär. Çykýan materiallarda özüňize degişli bolan intellektual eýeçilik hukuklary we şol materiallaryň ulanylmak mümkinçiligi babatyndaky öz kararyňyzy, beýleki zatlar bilen bir hatarda, ulanyş senarileriňizi we degişli ýurisdiksiýanyň kanunlaryny göz öňünde tutmak arkaly kabul etmeli bolarsyňyz. Materialy üpjün etmek, neşir etmek, ýüklemek, girizmek ýa-da tabşyrmak üçin zerur bolan ähli hukuklar degişli bolmak bilen, ýöne diňe olar bilen çäklenmezden, şu Şertlerde beýan edilişi ýaly, materialyňyzdaky ähli hukuklara eýeçilik edýändigiňizi ýa-da ony başga bir görnüşde dolandyrýandygyňyzy kepillendirýärsiňiz we beýan edýärsiňiz.
- vii. Materialyň hasap maglumaty. Material döretmek üçin Ei hyzmatlaryny ulanan wagtyňyz, Microsoft şol material barada maglumaty saklap, şeýle hem, şol maglumaty we materialy materialyň hasap maglumaty bilen baglanyşdyryp biler. Materialyň hasap maglumatyny ýa-da başga gelip çykyş usullaryny, belgilerini ýa-da signallaryny aýyrmak, üýtgetmek, ýygşyrmak ýa-da gizlemek maksady bilen Ei hyzmatlaryny ulanmagyňyz ýa-da material döretmegiňiz gadagandyr ýa-da bir materialyň Ei hyzmatlaryny ulanmak arkaly döredilip-döredilmändigi barada başga adamlary şu babatynda ýalňyşdyrmak maksady bilen material döretmek üçin Ei hyzmatlaryny başga bir görnüşde ulanmagyňyz gadagandyr.
- viii. Üçünji-tarap hak islegleri. Ei hyzmatlaryny degişli kanunlara laýyklykda ulanmagyňyz bilen baglanyşykly islendik üçünji-tarap hak isleglerine (şol sanda, ýöne olar bilen çäklenmezden, Ei hyzmatlaryny ulanýan döwrüňizdäki material çykarylmagy bilen baglanyşyklylykda awtorlyk hukugynyň bozulmagy barada ýa-da başga hak isleglerine) jogap bermeklige doly jogapkärçilik çekýärsiňiz.
- ix. Ulanyş çäklendirmeleri. Ýokardaky "Özüňi alyp baryş düzgünlerini" berjaý etmekden başga-da, Ei hyzmatlaryny, şol sanda kararlary kabul edýän ýa-da işleri geçirýän hyzmatlary özbaşdak ýa-da dürli derejeli adam gatyşmalary bilen ulanmajakdygyňyz bilen ylalaşýarsyňyz:
- 1. Islendik adamyň hukuk ýagdaýyna, maliýe ýagdaýyna, durmuş mümkinçiliklerine, iş üpjünçiligi mümkinçiliklerine ýa-da adam hukuklaryna täsir edip biljek ýa-da bir adama ýa-da adamlar toparyna fiziki ýa-da psihologik taýdan zyýan ýetirip biljek, degişli adam gözegçiligi bolmazdan kararlary kabul etmek ýa-da işleri geçirmek;
- 2. Bir adamyň özüni alyp barşyna zyýan ýetirjek görnüşde manipulirlemek ýa-da ýoýmak maksady bilen aldamak ýa-da bilkastlaýyn nädogry maglumat bermek (meselem, ýalan reklama) ýa-da subliminal usullary (meselem, adaty bir adamyň düşünjesiniň çägine sygmaýan wizual, eşidiş ýa-da beýleki signallary) ulanmak;
- 3. Bir adamyň ýaşy, maýyplygy ýa-da belli bir sosial-ykdysady ýagdaýy sebäpli haýsydyr bir gowşak goralanlygy, şol adamyň ýa-da şol topara degişli bir adamyň özüni alyp barşyny şol adama ýa-da başga bir adama ep-esli zyýan berjek ýa-da zyýan bermegi göwnejaý görnüşde ähtimal boljak ýagdaýda maddy taýdan ýoýmak ýa-da şol täsiri döretjek görnüşde ulanmak;
- 4. Belli bir adamlara ýa-da adamlaryň toparlaryna diskriminasiýa, adalatsyz, öňünden ýaman pikirli, zeperli, amatsyz ýa-da zyýanly çemeleşilmegine sebäp boljak sosial skoring ýa-da çaklaýyş maksatly profilleme üçin;
- 5. Hakyky adamlaryň jenaýat etmek töwekgelçiligine diňe hakyky adamyň profillenmeginiň ýa-da şahsyýet aýratynlyklaryna we häsiýetlerine baha berilmeginiň esasynda baha bermek üçin. Bu gadaganlyk bir adamyň jenaýat etmişine gönüden-göni gatnaşandygy barada adamyň baha bermegini goldamak üçin ulanylýan we eýýäm bir jenaýat etmişi bilen gönüden-göni baglanyşykly obýektiw we dogrulygyny tassyklap bolýan faktlara esaslanýan emeli intellekt hyzmatlaryna degişli däldir;
- 6. Biometrik maglumatyna esaslanyp, adamlary kategoriýalamak ýa-da olaryň millet jynsyny, syýasy garaýýyşlaryny, kärdeşler arkalaşygy agzalygyny, dini ýa-da filosofiki ynançlaryny, ýa-da jynsy durmuşyny ýa-da jynsy ýönelmesini kesgitlemek ýa-da çaklamak, ýöne suratlar ýaly kanuny taýdan alnan biometrik maglumat toplumlarynyň biometrik maglumatyň esasyna etiketkalanmagy ýa-da biometrik maglumatyň hukuk goraýyş ugrunda kategoriýalanmagy muňa degişli däldir;
- 7. Internetden ýa-da wideo-gözegçilik wideolaryndan ýüz suratlaryny nyşana alynmadyk görnüşde ýygnamakarkaly ýüz tanamak maglumat bazalaryny döretmek ýa-da giňeltmek;
- 8. Gözegçiliksiz, "ýabany" şertlerde adamlary tanamaga synanayşmak üçin bütin dünýäde islendik hukuk goraýjy edara tarapyndan ulanylýan mobil kameralarda hakyky wagtly ýüz tanamak tehnologiýasy üçin (ol (bular bilen çäklenmezden) patrul gözegçilik edýän polisiýa işgärleriniň bedene dakylýan ýa-da enjam paneline dakylan kameralar bilen ýüz tanamak tehnologiýasyny ulanmak arkaly, güman edilýänleri ýa-da öňki tussaglary öz içine alýan bir maglumat bazasynda bar bolan adamlary identifisirlemäge synanyşmagyny öz içine alýar); ýa-da
- 9. Adamlaryň emosional ýagdaýlaryny fiziki, fiziologik ýa-da özüni alyp barş aýratynlyklaryndan (meselem, ýüz keşpleri, ýüz hereketleri ýa-da sözleýiş galyplary) çaklamaga synanyşmak üçin, muňa gahar, ýigrenç, bagtlylyk, gynanç, geň galmak, gorky ýa-da adamyň emosional ýagdaýyny beýan etmek üçin köplenç ulanylýan beýleki adalgalar degişlidir.
Aragatnaşyk hyzmatlary
- s. Aragatnaşyk hyzmatlary. Adamlaryň arasynda aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän hyzmatlar, şol sanda Skype, Teams, Outlook we GroupMe hyzmatlary, ýöne diňe olar bilen çäklenmezden, şu Şertler bilen bilelikde https://aka.ms/useterms salgysynda ýerleşýän goşmaça ulanyş şertleri tarapyndan düzgünleşdirilýär.
Beýleki düzgünler
14. Beýleki düzgünler. Şu bölüm we 1-nji, 9-njy (şu Şertleriň möhleti gutarmanka çekilen möçberler üçin), 10, 11, 12, 15, 17-nji bölümler we şu Şertleriň möhleti gutaransoň hem ulanylýan şertleri bar bolan bölümler şu Şertleriň ýatyrylan ýagdaýynda hem öz güýçlerini saklap galýarlar. Degişli kanunda rugsat berilýän çäge çenli, biz size habar bermezden islendik wagt, tutuşlygyna ýa-da bölekleýin, şu Şertleri başga birine bermäge, şu Şertler boýunça borçlarymyzy kömekçi potratça bermäge ýa-da şu Şertler boýunça öz hukuklarymyzy sublisenzirlemäge hakymyz bardyr. Siziň şu Şertleri başga kişä bermäge ýa-da Hyzmatlary ulanmaga bolan islendik hukuklary geçirmäge hakyňyz ýokdur. Bu şertnama siz bilen Microsoft-yň arasynda Hyzmatlary ulanmagyňyz üçin bitewi şertnamadyr. Ol siz bilen Microsoft-yň arasynda Hyzmatlary ulanmagyňyz üçin baglaşan ozalky islendik şertnamaňyzy çalşyrýar. Şu Şertleri baglaşan wagtyňyz, siz şu Şertlerde aç-açan beýan edilýänden başga hiç bir beýannama, kabul etmeklige, kepillige, düşünmeklige, boýun almaklyga, söz bermeklige ýa-da güwä geçmeklige bil baglamadyňyz. Şu Şertleriň ähli bölekleri degişli kanunyň rugsat berýän maksimum çäginde degişli bolup durýar. Eger kazyýet ýa-da arbitr biziň şu Şertleriň käbir böleklerini ýazylyşy ýaly güýje girizip bilmejekdigimizi karar etse, onda biz degişli kanunyň güýje girizip bilýän çäginde, şol şertleri başga meňzeş şertler bilen çalşyrarys, ýöne ol Şertleriň galany üýtgemez. Şu Şertler diňe siziň we biziň bähbidimiz üçindir. Şu Şertler başga hiç kimiň (Microsoft-yň mirasdüşerleri we hukuk mirasçylary degişli däl) bähbidi üçin däldir. Bölümleriň atlary diňe salgylanmak maksady bilendir we hiç hili ýuridiki güýji ýokdur.
15. Hak isleglerini bir ýylyň dowamynda tabşyrmaly. Eger ýerli kanunyňyz hak islegini bermek üçin has uzyn möhlet berilmegini talap etmeýän bolsa, onda şu Şertler ýa-da Hyzmatlar bilen baglanyşykly islendik hak islegini kazyýete (ýa-da eger 10.d bölüm degişli bolsa, arbitraža) şol hak islegini ilkinji tabşyrmaly günüňizden başlap bir ýylyň dowamynda tabşyrmaly. Eger şol möhletiň dowamynda tabşyrmasaňyz, ol hemişelik gadagan ediler.
16. Eksport kanunlary. Siz ahyrky barmaly ýerleri, ahyrky ulanyjylar we ahyrky ulanyşy öz içine alýan, programma üpjünçiligine we/ýa-da Hyzmatlara degişli ähli içerki we halkara eksport kanunlaryna we düzgünnamalaryna laýyk hereket etmeli. Geografik we eksport çäklendirmeleri barada goşmaça maglumat almak üçin https://www.microsoft.com/exporting salgysyna baryň.
17. Hukuklary özünde saklamak we seslenme. Microsoft şu şertlerde aç-açan görkezilenlerden başga Microsoft ýa-da islendik degişli gurama tarapyndan eýeçilik edilýän ýa-da dolandyrylýan islendik patent, nou-hau, awtorlyk hukuklary, söwda syrlary, söwda belgileri we islendik at, söwda gaby, nyşany ýa-da meňzeşleri hem goşmak bilen, emma bular bilen çäklenmeýän intellektual eýeçilik üçin ygtyýarnama ýa-da hukuk bermeýär. Eger Microsoft kompaniýasyna täze önümler, tehnologiýalar, ösdürmeler, önümleriň ady, önüm seslenmesi we önümlerde kämilleşdirme ýaly, emma bular bilen çäklenmeýän islendik pikir, teklip ýa-da seslenme ("Seslenme") berseňiz, Microsoft-a hiç hili tölegsiz, kärendesiz, siziň öňüňizde başga borçnamasyz seslenmäňizi ýasamaga, şolardan ylham alýan işleri döretmäge, ulanmaga, paýlaşmaga, islendik usulda we islendik maksat üçin täjirçilik niýetli ulanmaga hukuk berýärsiňiz. Microsoft-yň siziň seslenmäňizi goşan ýagdaýynda üçünji taraplaryň programma üpjünçiligine, tehnologiýalaryna ýa-da resminamalaryna lisenziýa almagyny talap edýän seslenmäňizi Microsoft-a bermersiňiz.
BILDIRIŞLER
Intellektual eýeçilik hukuklarynyň bozulandygy barada hak isleglerini öňe sürmegiň bildirişleri we prosedurasy. Microsoft üçünji taraplaryň intellektual eýeçilik hukuklaryna hormat goýýar. Eger intellektual eýeçilik hukugynyň bozulandygy barada bildiriş, şol sanda awtorlyk hukugynyň bozulmagy boýunça hak islegini ibermek isleýän bolsaňyz, onda Düzgün bozulma bildirişlerini (https://www.microsoft.com/en-us/legal/intellectualproperty/infringement) tabşyrmak boýunça proseduramyzy ulanyň, onuň proseduralary şu Şertleriň bir bölegi bolup durýar. ŞU PROSEDURA LAÝYKLYKDA TAÝÝARLANYLMADYK SORAG-TALAPLARA JOGAP BERILMEZ.
Microsoft awtorlyk hukugynyň bozulmagy baradaky bildirişlere jogap bermek üçin, ABŞ-nyň Kodeksiniň 512-nji bölüminiň 17-nji maddasynda, we degişli bolsa, (ЕС) 2022/2065 Reglamentiniň III babynda bellenilen prosesleri ulanýar. Degişli bolan ýagdaýlarynda Microsoft-yň gaýta-gaýta düzgüni bozan Microsoft hyzmaty ulanyjylarynyň hasaplaryny ýapmagy ýa-da ýatyrmagy hem mümkindir. Mundan hem başga, degişli ýagdaýlarda Microsoft ýygy-ýygydan esassyz bildirişler iberýän fiziki ýa-da ýuridik şahslardan gelen bildirişleriň işlenilmegini togtatmagy mümkindir. Belli bir Hyzmat üçin degişli proseduralar, şol sanda şol proseduralaryň çäginde Microsoft tarapyndan kabul edilen kararlaryň ähtimal ähtimal öwez dolunmagy barada goşmaça düşündirişi Düzgün bozulma bildirişleri (https://www.microsoft.com/legal/intellectualproperty/infringement) salgysyndan tapyp bilersiňiz.
Reklama ýerleşdirilende intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak bilen baglanyşykly bildirişler we proseduralar. Biziň reklama torumyzda intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak bilen baglanyşykly maglumatlar üçin Intellektual eýeçilik hukuklary düzgünlerimizi (https://go.microsoft.com/fwlink/?LinkId=243207) gözden geçiriň.
Awtorlyk hukugy we söwda belgileri barada bildirişler. Hyzmatlar üçin awtorlyk hukugy © Microsoft Corporation we/ýa-da onuň üpjün edijileri, One Microsoft Way, Redmond, WA 98052, U.S.A. Ähli hukuklary goralýar. Şertler Microsoft Söwda belgisi we brend düzgünlerini (https://www.microsoft.com/en-us/legal/intellectualproperty/trademarks) (wagtal-wagtal üýtgedilýän görnüşde) öz içine alýar. Microsoft-yň, şeýle hem ähli Microsoft önümleriniň, programma üpjünçilikleriniň we hyzmatlarynyň atlarynyň, logotipleriniň hem-de şekiljikleriniň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda we/ýa-da beýleki ýurisdiksiýalarda Microsoft-yň kompaniýalar toparynyň bellige alynmadyk ýa-da bellige alnan söwda belgileri bolmagy mümkindir. Aşakda https://cdn-dynmedia-1.microsoft.com/is/content/microsoftcorp/microsoft/mscle/documents/presentations/TrademarksListFY25Q3.pdf salgysynda Microsoft-yň söwda belgileriniň doly däl sanawy getirilýär. Hakyky kompaniýalaryň we önümleriň atlary öz degişli eýeleriniň söwda belgileri bolup biler. Şu Şertlerde aç-açan berilmeýän islendik hukuklar goralýar. Käbir Microsoft websaýt serwerlerinde ulanylýan käbir programma üpjünçilikleri kem-käsleýin Independent JPEG Group kompaniýasynyň işläp düzmekligine esaslanýar. Awtorlyk hukugy © 1991-1996 Thomas G. Lane. Ähli hukuklary goralýar. Käbir Microsoft websaýt serwerlerinde ulanylýan "gnuplot" programma üpjünçiligi © 1986‑1993 Thomas Williams, Colin Kelley awtorlyk hukugyna degişlidir. Ähli hukuklary goralýar.
Lukmançylyk bildirişi. Microsoft hiç hili lukmançylyk maslahatyny, anyklamasyny ýa-da bejergisini, ýa-da saglygy goramak boýunça hiç hili maslahaty, anyklamagy ýa-da bejergini üpjün etmeýär. Lukmançylyk ýagdaýy, berhizler, fitnes (bedenterbiýe) ýa-da sagaldyş programmasy boýunça özüňizde ýüze çykyp biljek islendik soraglar üçin hemişe öz lukmanyňyza ýa-da başga kwalifisirlenen saglygy goraýyş işgärine maslahat sorap, ýüz tutuň. Hiç haçan, Hyzmatlardan ýa-da Hyzmatlar arkaly alan maglumatyňyz sebäpli, professional lukmançylyk maslahatyny almakdan gaça durmaň ýa-da lukmançylyk maslahatyna ýüz tutmagy gaýra goýmaň.
Paýnama nyrhlary we indeksler (şol sanda indeks bahalary) barada maglumat. Hyzmatlar arkaly üpjün edilýän maliýe maglumaty diňe şahsy, täjirçilik däl görnüşde ulanmagyňyz üçindir. Üçünji tarap lisenziar bilen aýratyn ylalaşyk baglaşmazdan, islendik maliýe guralyny ýa-da maýa goýum önümini (meselem, guralyň ýa-da maýa goýum önüminiň bahasy, düşewündi we/ýa-da öndümliligi şol maliýe maglumatynyň islendik böleginiň yzarlanmagyna esaslanýan, şonuň bilen baglanyşykly ýa-da şony yzarlamaga niýetlenen ýagdaýda bolan önüm maliýe gurallary, strukturirlenen önümler, maýa goýum gaznalary, biržada alnyp-satylýan gaznalar, maýa goýum portfelleri we ş.m.) bermek, döretmek, hemaýat etmek, söwdasyny etmek, marketing etmek ýa-da öňe sürmek bilen baglanyşykly görnüşde hiç bir üçünji tarap lisenziaryň maliýe maglumatyny ýa-da markalaryny ulanmagyňyza ýol berilmeýär.
Maliýe bildirişi. Microsoft ABŞ-nyň Gymmatbaha kagyzlar baradaky federal kanunyna ýa-da başga ýurtlaryň gymmatbaha kagyzlar baradaky kanunlaryna laýyklykda broker/diler (araçy) ýa-da bellige alnan maýa goýum maslahatçysy däldir, şonuň üçinem, ol fiziki şahslara pul goýmak, gymmatbaha kagyzlary satyn almak ýa-da satmak, ýa-da başga maliýe önümleri ýa-da hyzmatlary boýunça maslahatlary bermeýär. Hyzmatlaryň düzümindäki hiç bir zat haýsydyr bir gymmatbaha kagyzy satyn almak ýa-da satmak boýunça teklip ýa-da çagyryş däldir. Microsoft, şeýle hem, birža nyrhlary ýa-da indeks maglumaty boýunça onuň lisenziarlary islendik belli bir maliýe önümlerini we hyzmatlaryny goldamaýar we maslahat bermeýär. Hyzmatlaryň düzümindäki hiç bir zat professional maslahat, şol sanda, ýöne olar bilen çäklenmezden, maýa goýumlar ýa-da salgyt boýunça maslahat hökmünde ulanylmaga niýetlenilmeýär.
H.264/AVC we VC-1 wideo standartlary barada bildiriş. Programma üpjünçiliginde MPEG LA, L.L.C. tarapyndan lisenzirlenen H.264/AVC we/ýa-da VC-1 kodek tehnologiýasy bar bolup biler. Ol tehnologiýa wideo maglumaty gysyş formaty bolup durýar. MPEG LA, L.L.C. şu aşakdaky bildiriş girizilmegini talap edýär:
BU ÖNÜM TÄJIRÇILIK DÄL WE ŞAHSY ULANMAKLYK ÜÇIN, H.264/AVC WE THE VC-1 TEHNOLOGIÝALARYNYŇ PATENT PORTFELI LISENZIÝALARYNA LAÝYKLYKDA (A) WIDEONY STANDARTLARA (“WIDEO STANDARTLARY”) LAÝYKLYKDA KODLAMAK WE/ÝA-DA (B) TÄJIRÇILIK DÄL WE ŞAHSY IŞE BAŞ GOŞAN MÜŞDERI TARAPYNDAN KODLANAN WE/ÝA-DA ŞOL HILI WIDEONY ÜPJÜN ETMÄGE LISENZIRLENEN WIDEO ÜPJÜN EDIJIDEN ALNAN H.264/AVC, MPEG-4 VISUAL WE VC-1 WIDEONYŇ KODUNY ÇÖZMEK (DEKODIRLEMEK) ÜÇIN LISENZIRLENILÝÄR. LISENZIÝALARYŇ HIÇ BIRI BAŞGA ISLENDIK MAKSAT BILEN ULANYLMAÝAR ÝA-DA ULANYLMALYDYR ÖÝDÜLMEÝÄR. GOŞMAÇA MAGLUMATY MPEG LA, L.L.C. KOMPANIÝASYNDAN ALMAK MÜMKIN. MPEG LA WEBSAÝTYNA (https://www.mpegla.com) SEREDIŇ.
Bu bildiriş diňe aç-açan düşündirmek üçin niýetlenilip, ol şu Şertlere laýyklykda üpjün edilýän programma üpjünçiliginiň (i) programma üpjünçiliginiň üçünji taraplara ýaýradylmagyny, ýa-da (ii) üçünji taraplara ýaýratmak üçin, WIDEO STANDARTLAR bilen ylalaşykly tehnologiýalaryň kömegi bilen materiallaryň döredilmegini öz içine almaýan görnüşde, kärhananyň içerki biznes-maksatlary üçin ulanylmagyny çäklendirmeýär we gadagan etmeýär.
H.265/HEVC wideo standarty barada bildiriş. Ol programma üpjünçiligi H.265/HEVC kodlama tehnologiýasyny öz içine alýan bolup biler. Access Advance LLC şu bildirişiň girizilmegini talap edýär:
EGER ÖZ IÇINE ALÝAN BOLSA, ŞU PROGRAMMA ÜPJÜNÇILIGINDÄKI H.265/HEVC TEHNOLOGIÝASY ŞU AŞAKDAKY SALGYDA GÖRKEZILÝÄN HEVC PATENTLERINIŇ BIRINE ÝA-DA BIRNÄÇESINE DEGIŞLIDIR: PATENTLIST.ACCESSADVANCE.COM. PROGRAMMA ÜPJÜNÇILIGINI NÄHILI ALANDYGYŇYZA BAGLYLYKDA, BU ÖNÜM HEVC ADVANCE PATENT PORTFELINE LAÝYKLYKDA LISENZIRLENEN BOLUP BILER.
Eger bu programma üpjünçiligi bir Microsoft enjamynda gurnalgy bolsa, goşmaça lisenzirleme maglumatyny şu aşakdaky salgydan tapyp bilersiňiz: aka.ms/HEVCVirtualPatentMarking.
STANDART PROGRAMMA YGTYÝARNAMA ŞERTLERI
STANDART PROGRAMMA LISENZIÝASY ŞERTLERI
MICROSOFT STORE, WINDOWS-DAKY MICROSOFT STORE WE XBOX-DAKY MICROSOFT STORE
Bu lisenziýa şertleri siziň bilen programmanyň neşirçisiniň arasyndaky ylalaşyk bolup durýar. Olary üns bilen okaň. Olar Microsoft Store-dan, Windows-daky Microsoft Store-dan ýa-da Xbox Store-daky Microsoft Store-dan (şu lisenziýa şertlerinde olaryň her birine "Store" diýilýär) göçürip alýan programma üpjünçiligi programmalaryňyza, şol sanda, eger programma özbaşdak şertler bilen gelmeýän bolsa (onda şol şertler hereket edýär), programma üçin islendik täzelemelere ýa-da goşmaçalara degişlidir.
PROGRAMMANY GÖÇÜRIP ALMAK ÝA-DA ULANMAK, ÝA-DA ŞOLARYŇ ISLENDIK BIRINE SYNANYŞMAK BILEN, SIZ ŞU ŞERTLERI KABUL EDÝÄRSIŇIZ. EGER OLARY KABUL ETMEÝÄN BOLSAŇYZ, ONDA SIZIŇ PROGRAMMANY GÖÇÜRIP ALMAGA ÝA-DA ULANMAGA HUKUGYŇYZ ÝOKDUR WE SIZ OŇA SYNANYŞMALY DÄL.
Programmanyň neşirçisi diýlip, Store-da kimdigi görkezilýän, programmany size lisenzirleýän şahsa aýdylýar.
Eger şu şertleri berjaý etseňiz, onda size şu aşakdaky hukuklar berilýär.
- 1. GURNAÝYŞ WE ULANYŞ HUKUKLARY; HEREKET EDÝÄN MÖHLETIŇ GUTARMAGY. Microsoft-yň Ulanyş kadalarynda (https://go.microsoft.com/fwlink/p/?LinkId=723143) beýan edilişi ýaly, programmany Windows enjamlarynda ýa-da Xbox konsollarynda gurnap we ulanyp bilersiňiz. Microsoft özüniň Microsoft Ulanyş kadalaryny (https://go.microsoft.com/fwlink/p/?LinkId=723143) islendik wagt üýtgetmek hukugyny özünde saklaýar.
- 2. INTERNET ESASLY HYZMATLAR.
- a. Internet esasly ýa-da simsiz hyzmatlar üçin razylyk. Eger programma kompýuter ulgamlaryna internet arkaly baglanýan bolsa (oňa simsiz tor hem degişli bolup biler), onda programmanyň ulanylmagy siziň internet esasly ýa-da simsiz hyzmatlar üçin standart enjam maglumatynyň (şol sanda, ýöne diňe olar bilen çäklenmezden, enjamyňyz, ulgam we programma üpjünçiligi hem-de goşmaça gurluşlar barada tehniki maglumatyň) geçirilmegine razylyk berýändigiňiz hökmünde kabul edilýär. Eger programmanyň üsti bilen girýän hyzmatlaryňyzy ulanmagyňyz bilen baglanyşykly başga şertler görkezilýän bolsa, onda şol şertler hem degişli bolýar.
- b. Internet esasly hyzmatlaryň birugsat ulanylmagy. Internet esasly hyzmaty onuň özüne zeper ýetirjek ýa-da başga biriniň ony ýa-da simsiz tory ulanmagyna ýaramaz täsir etjek islendik bir görnüşde ulanmagyňyz gadagan edilýär. Hyzmaty islendik bir hyzmata, maglumata, hasaba ýa-da tora islendik bir görnüşde birugsat girmek üçin ulanjak bolmagyňyz gadagan edilýär.
- 3. LISENZIÝANYŇ GÖWRÜMI. Bu programma satylmaýar-da, lisenzirlenilýär. Bu ylalaşyk size bu programmany ulanmak üçin diňe käbir hukuklary berýär. Eger Microsoft bilen ylalaşygyňyza laýyklykda, Microsoft siziň enjamyňyzda programmalary ulanmak mümkinçiligiňizi ýapsa, onda ähli baglanyşykly lisenziýa hukuklary ýatyrylar. Programmanyň neşirçisi ähli beýleki hukuklary özünde saklaýar. Eger degişli kanun şu çäklendirmä garamazdan size has köp hukuk bermeýän bolsa, onda siz bu programmany diňe şu ylalaşykda aç-açan rugsat berilýän çäkde ulanyp bilersiňiz. Şonda siz programmadaky siziň programmany diňe belli-belli görnüşlerde ulanmagyňyza rugsat berýän islendik tehniki çäklendirmeleri berjaý etmeli. Siziň şulara hukugyňyz ýokdur:
- a. Programmadaky islendik tehniki çäklendirmäniň daşyndan aýlanyp geçmek.
- b. Programmanyň tehnologiýasyny öwrenmek, ony dekomplirlemek ýa-da deassemblirlemek (eger-de, şu çäklendirmä garamazdan, degişli kanun aç-açan rugsat bermeýän bolsa).
- c. Programmanyň şu ylalaşykda görkezilýän möçberden ýa-da şu çäklendirmä garamazdan, degişli kanunyň rugsat berýän möçberinden has köp nusgasyny döretmek.
- d. Programmany neşir etmek ýa-da başgaça görnüşde başga kişileriň göçürmegine elýeterli etmek.
- e. Programmany kireýne, kärendesine ýa-da wagtlaýyn ulanmaga bermek.
- f. Programmany ýa-da şu ylalaşygy islendik bir üçünji tarapa geçirmek.
- 4. RESMINAMALAR. Eger programmanyň ýany bilen resminamalar berilse, olary salgylanyş materiallary hökmünde öz şahsy maksatlaryňyz üçin nusgalap we ulanyp bilersiňiz.
- 5. TEHNOLGIK WE EKSPORT ÇÄKLENDIRMELERI. Programma ABŞ-nyň ýa-da halkara tehnologiýa gözegçilik ýa-da eksport kanunçylygyna we düzgünnamalaryna degişli bolup biler. Siz programmada ulanylýan ýa-da ol tarapyndan goldanylýan tehnologiýanyň degişli bolup durýan ähli içerki we halkara eksport kanunlaryny we düzgünnamalaryny berjaý etmeli. Ol kanunlar sebitler, ahyrky ulanyjylar we ahyrky ulanylyş boýunça çäklendirmeleri öz içine alýar. Microsoft markaly önümler barada goşmaça maglumat üçin Microsoft eksport websaýtyna (https://go.microsoft.com/fwlink/?linkid=868967) baryň.
- 6. GOLDAW HYZMATLARY. Nähili goldaw hyzmatlarynyň elýeterlidigini bilmek üçin, programmanyň neşirçisine ýüz tutuň. Microsoft, apparaturalaryň öndürijisi we simsiz toruň operatory (eger olaryň biri programmanyň neşirçisi däl bolsa) şu programma üçin goldaw hyzmatlaryny üpjün etmeklige jogapkärçilik çekmeýär.
- 7. TUTUŞ YLALAŞYK. Bu ylalaşyk, islendik degişli gizlinlik syýasaty, programmanyň ýany bilen gelýän islendik goşmaça şertler, şeýle hem, goşmaça komponentleri we täzelemeleri düzgünleşdirýän şertler şu programma boýunça siz bilen programmanyň neşirçisiniň arasyndaky tutuş ylalaşyk bolup durýar.
- 8. DEGIŞLI KANUN.
- a. ABŞ we Kanada. Eger programmany ABŞ-da ýa-da Kanada alan bolsaňyz, siziň ýaşaýan ştatyňyzyň ýa-da prowinsiýaňyzyň (ýa-da, ýa-da, biznes bolsa, esasy biznes ýeriňiz ýerleşýän ýeriniň) kanunlary kanun ýörelgeleriniň çaknyşýandygyna garamazdan, şu ylalaşygyň düşündirilmegini, onuň bozulmagy baradaky hak isleglerini we ähli beýleki hak isleglerini (şol sanda müşderiniň goralmagy, adalatsyz bäsleşik we raýat hukuk bozulmasy boýunça hak islegleri) düzgünleşdirýär.
- b. ABŞ-nyň we Kanadanyň daşynda. Eger programmany islendik başga bir ýurtda alan bolsaňyz, onda şol ýurduň kanunlary degişli bolýar.
- 9. ÝURIDIKI GÜÝÇ. Bu ylalaşyk belli bir ýuridiki hukuklary beýan edýär. Öz ştatyňyzyň ýa-da ýurduňyzyň kanunlaryna laýyklykda siziň başga-da hukuklaryňyz bar bolmagy mümkin. Eger ştatyňyzyň ýa-da ýurduňyzyň kanunlary rugsat bermeýän bolsa, onda bu ylalaşyk ştatyňyzyň ýa-da ýurduňyzyň kanunlarynda göz öňünde tutulýan hukuklaryňyzy üýtgetmeýär.
- 10. KEPILLIK BERMEKDEN ÝÜZ ÖWÜRMEK. Degişli kanuna tabynlykda, bu programma "bolşy ýaly", "ähli kemçilikleri bilen bilelikde" we "elýeterli boldugyça" ygtyýarnama berilýär. Siz ony ulanmak bilen baglanyşykly ähli töwekgelçilikleri öz üstüňüze alýarsyňyz. Programmanyň neşirçisi öz adyndan, Microsoft-yň adyndan (eger Microsoft-yň özi programmanyň neşirçisi däl bolsa), programmanyň üpjün edilen simsiz torunyň operatorynyň adyndan, we biziň degişli affilirlenen şahslarymyzyň, satyjylarymyzyň, agentlerimiziň we üpjün edijilerimiziň ("Agzalan taraplar") her biriniň adyndan şu programma bilen baglanyşykly hiç hili aç-açan kepillikleri we şertleri bermeýär. Siz programmanyň hili, howpsuzlygy, oňaýlylygy we öndürijiligi bilen baglanyşykly ähli töwekgelçilikleri çekýärsiňiz. Programma kemçilikli bolup çykan ýagdaýynda, siz ähli gerekli serwis ýa-da düzediş işleri bilen baglanyşykly ähli çykdajylary çekýärsiňiz. Siziň öz ýerli kanunlaryňyza laýyklykda şu ylalaşygyň üýtgedip bilmeýän goşmaça müşderi hukuklaryňyz bar bolup biler. Ýerli kanunlaryňyzyň rugsat berýän çäginde, Agzalan taraplar islendik güman edilýän kepillikleri ýa-da şertleri, şol sanda haryt ýaramlylygy, belli bir maksada ýaramlylyk, howpsuzlyk, oňaýlylyk boýunça kepillikleri we başga hukuk eýeleriniň hukuklarynyň bozulmazlygyny göz öňünde tutmaýar.
- 11. HUKUK GORAÝYŞ SERIŞDELERI WE ZEPERLER BOÝUNÇA ÇÄKLENDIRMELER WE GÖZ ÖŇÜNDE TUTMAZLYKLAR. Kanunda gadagan edilmeýän çäkde, eger zeperleri töletdirmek üçin islendik bir esasyňyz bar bolsa, onda siz gönümel zeperleri programma üçin tölän tölegiňize deň möçbere çenli ýa-da 1 ABŞ dollaryny (haýsysy köp bolsa, şony) programmanyň neşirçisine özüňize töletdirip bilersiňiz. Degişli kanuna tabynlykda, siz isledik başga zeperleri, şol sanda netijeleýin, elden giderilen düşewünt boýunça, ýörite, gytaklaýyn ýa-da tötänleýin zeperleri programmanyň neşirçisine töletdirip bilmeýärsiňiz we şol boýunça islendik hukugyňyzdan ýüz öwürýärsiňiz. Eger ýerli kanunlar şu şertlerde göz öňünde tutulmaýandygyna garamazdan bir kepilligi, güwäni ýa-da şerti buýruk berýän bolsa, onda, degişli kanuna tabynlykda, onuň hereket edýän möhleti siziň programmany göçürip alan günüňizden başlap, 90 gün bilen çäklendirilýär.
Bu çäklendirme şu aşakdakylary öz içine alýar:
- Programma bilen ýa-da programma arkaly elýeterli edilýän hyzmatlar bilen baglanyşykly islendik zat; we
- Şertnamanyň, kepilligiň ýa-da şertiň bozulandygy baradaky; berk jogapkärçilik, seresapsyzlyk ýa-da başga raýatlyk hukugynyň bozulmagy baradaky; kanunyň ýa-da düzgünnamanyň bozulmagy baradaky; adalatsyz baýamak baradaky; ýa-da islendik başga bir hukuk teoriýasyna degişli bolup durýan; degişli kanunlaryň rugsat berýän maksimum çägindäki hak islegleri.
Bu çäklendirme şu aşakdaky ýagdaýlara hem degişlidir:
- Bu hukuk goraýyş serişdesi islendik ýitgileriň öwezini size doly dolmaýan bolsa; ýa-da
- Programmanyň neşirçisi zeperleriň bolmagynyň ähtimaldygyny bilen bolsa ýa-da bilmeli bolsa.
Degişli hyzmatlar
Aşakdaky önümler, programmalar we hyzmatlar Microsoft Hyzmat şertnamasyna degişlidir, ýöne olar siziň bazaryňyzda elýeterli bolman biler.
- Account.microsoft.com
- Bing Apps
- Bing Dictionary
- Bing Image and News (iOS)
- Bing Maps
- Bing Rebates
- Bing Sahypalar
- Bing Search APIs/SDKs
- Bing Search app
- Bing Translator
- Bing Webmaster
- Bing-de Microsoft Gözleg
- Bing.com
- Bingplaces.com
- Clipchamp
- Cortana skills by Microsoft
- Cortana
- Default Homepage and New Tab Page on Microsoft Edge
- Dev Center App
- Device Health App
- Dictate
- Dükan
- education.minecraft.net
- Face Swap
- Feedback Intake Tool for Azure Maps (aka “Azure Maps Feedback”)
- Fiziki şahslar üçin Microsoft Defender
- Forms.microsoft.com
- forzamotorsport.net
- Groove Music Pass
- Groove
- GroupMe
- Image Creator from Microsoft Designer
- Internet üçin Microsoft 365
- LineBack
- Link to Windows
- Maps App
- Microsoft 365 Basic goşulan programmalar we hyzmatlar
- Microsoft 365 Business Standard, Microsoft 365 Business Basic, Microsoft 365 Apps, Microsoft 365 app, Microsoft 365 Copilot, Microsoft 365 Copilot app, and Microsoft 365 Copilot Chat*
- *Until a commercial domain is established for use of these services, at which time separate Microsoft commercial terms will govern instead.
- Microsoft 365 Consumer
- Microsoft 365 Family goşulan programmalar we hyzmatlar
- Microsoft 365 Family
- Microsoft 365 islege bagly birigen tejribeler
- Microsoft 365 Personal goşulan programmalar we hyzmatlar
- Microsoft 365 Personal
- Microsoft 365 sarp ediji abunalary goşulan programmalar we hyzmatlar
- Microsoft 365-iň mugt wersiýasy
- Microsoft Academic
- Microsoft account
- Microsoft Add-Ins for Skype
- Microsoft Bots
- Microsoft Copilot
- Microsoft Educator Community
- Microsoft Family
- Microsoft Goldaw (Sarp ediji)
- Microsoft Health
- Microsoft Kino-TW
- Microsoft Launcher
- Microsoft Loop
- Microsoft Matematika çözüji
- Microsoft Pay
- Microsoft Pix
- Microsoft Reading Coach
- Microsoft Research Interactive Science
- Microsoft Research Open Data
- Microsoft Rewards
- Microsoft Soundscape
- Microsoft Sway
- Microsoft tarapyndan neşir edilen Windows oýunlary, programmalary we websaýtlary
- Microsoft Teams
- Microsoft Translator
- Microsoft Wallpaper
- Microsoft Ýygyndylar
- Minecraft oýunlary
- Minecraft Realms Plus and Minecraft Realms
- Mixer
- MSN (öň Microsoft Start diýilýärdi)
- MSN Dial Up
- MSN Explorer
- MSN Food & Drink
- MSN Health & Fitness
- MSN Money
- MSN News
- MSN Premium
- MSN Sports
- MSN Travel
- MSN Weather
- MSN.com
- Next Lock Screen
- Office 365 üçin Microsoft Goldaw we dikeldiş kömekçisi
- Office Store
- OneDrive.com
- OneDrive
- OneNote.com
- Outlook.com
- Paint 3D
- Phone Link
- Presentation Translator
- rise4fun
- Seeing AI
- Send
- Skype in the Classroom
- Skype Manager
- Skype.com
- Skype
- Smart Search
- SMS Guramaçy programmasy
- Snip Insights
- Spreadsheet Keyboard
- Sway.com
- to-do.microsoft.com
- Translator for Microsoft Edge
- Translator Live
- Universal Human Relevance System (UHRS)
- UrWeather
- ux.microsoft.com
- Video Breakdown
- Visio Online
- Web Translator
- whiteboard.office.com
- Windows Dükany
- Windows Live Mail
- Windows Live Writer
- Windows Movie Maker
- Windows Photo Gallery
- Xbox Game Pass
- Xbox Game Studios oýunlary, programmalary we websaýtlary
- Xbox Live Gold
- Xbox Live
- Xbox Music
- Xbox Store
- Ýygyndylar